A siziň pikriňiz ???

" Ene-atanyň gadryny haçanda özüňiz ene-ata bolanda bilersiňiz. Men gyzym gije aglanda birki günläp uky görmeýärdim,kesel bolanda başujunda oturyp çykýardym, Käwagt şeýlebir aglaýardy welin, özümem ýaş bolamsoň çydaman menem goşulyp aglaberýärdim. 3-4 ýaşyna dolanda ýykylyp bir ýerini ynjydaýmasyn diýip nirä gitse yzynda . Birneme ulalyp başlansoň, terbiýe meselesi döredi. Çaga terbiýelemek aňsat zatdyr öýdýäňizmi ?! Onda-da gyz çagany. Ýetişip ,göze görnüp ugranda meniň ýanyma " Gyzlar gözlerini boýaýar, gaşyny ütdirýär, menem etjek " diýip geldi. Rugsat bermedim. Soň günler geçensoň "Gyzlar ony edýär , muny edýär menem etjek " diýip geliberdi . Rugsat bermedim.
Birki hepde geçensoň " Gyzlar gije kafede oturjak diýdiler , menem gitjek "diýip geldi .Rugsat bermedim . Gahary geldi, gygyrdy , aglady...
Ýüregim dilim-dilim bolsa-da, rugsat bermedim.
Sebäbi gyzymda " Gyzlar näme etse menem şony etmeli " diýlen düşünje bardy . Men bolsa şol düşünjesini ýok etmäge çalyşýardym "

A siz , bu enäniň düşünjesine garaýşyňyz nähili ? Siziň pikriňizçe şu enäniň düşünjesi dogrumy ýa-da ýalňyş ?
5 лайков 468 просмотров
67комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gultac
24 янв 2022, 08:45
Ejegyz senden gaty gordum
Gultac
24 янв 2022, 08:46
Ejegyz senden gaty gordum
Gultac
24 янв 2022, 08:51
Name ucin aldadyn surat ozum diyip burny yaman uly eken diyip gynandym bar guglde boldada eyesinden habsyz goymagyn nadogry
Ejegyz.
Автор 24 янв 2022, 09:59
Cicek,
hihi Meň burnym däl ol.
Bolýa bagyşlaň ! Gaýdyp gaýtalamaryn !
Gultac
24 янв 2022, 10:22
mena gorkdum hihi
ýüreksözi
24 янв 2022, 15:02
Цитата: Belki
Men-ä sûrme-de çekýän,tenem çalynýan,pamada-da ,rumýana-da çalýan.Ýöne gaş ütdürmek günä diýensoñlar ütdürmedim.Çünki,bir tarapdan-a namaz okap,bir tarapdanam gaş ütdürip ýörseñ nädogry bolar diýip pikir etdim.Gaşymy galam bilen çyzýan.
Mundan daşary dyrnagyñ lakly bolanynda täretiñ hasap edilmeýänligi üçin lak çalynamok.
Birem kirpik dakdyramok.Sebäbi uçurymda dakdyrypdym.Gözüñi gyrpañda agram berip durýar.Galyberse-de bir zada düşündim:Makiýažyñy gowy edip etseñ,kirpik dakmasañam owadan görünýän ekeniñ.
Garaz gözelleşmek üçin üç zady edemok:Lak çalmak,kirpik dakmak,gaş ütmek.

Howwa dogry aýdýaňyz menem uçuryma wipisnniga düşemde hiç hili salonada girmedim kirpik, dyrnak hiç zat etdirmedim makýazam özüm çaldym ýöne şonda-da men salona girenlerden gowja göründim öwünemokda prosta makýazsyzam hemme gyzam owadan görünýändigini aýtjak bolýan tak şto puly makýaza harçlamaň
yekeje
27 янв 2022, 17:04
menin pikirimçe yalnys sebabi çaga kemsinya