Haýsy agza haýsy kärde...

Islenen.site durmuşymyza aralaşanyndan soñ ýaşy,ýaşaýan ýerleri,gyzyklanmalary...dürli-dürli bolan agzalary tanadyk.Olaryñ köpüsiniñ hakyky durmuşdaky kärini bilýäris.Şeýledigine garamazdan,özümiñ-ä olaryñ hersine gyzyklanmasy we ukyp başarnygy boýunça gelişdirýän kärim bar.
Eýsem-de Islenen.site-daky haýsy agza haýsy kärde zähmet çekse oñat bolardy?

1.Mähek - reklama filmleriniñ senaristi
2.Aksary - Aýdymçy
3.Hiayress - edebiýat tankytçysy
4.Bendtner - Ymam
5.Gost - Şowmen
6.Khanture - Astronom
7.Ahmedik - Ylahyýetçi :))
8.Fan B - sport synçysy
9.Soho - satirik ýazyjy
10.Nirvana - psiholog
11.Elif - Agent
12.Şahrukh Khan - wagyz-nesihat guramasynyñ işgäri
13.Chelsea - filmleriñ reklama fragmanlaryny taýýarlaýjy.
14.Massimus - satirik ýazyjy
15.Senyorita - kino tankytçysy
16.Ejegyz - Anketa soraglaryny taýýarlaýjy
17.Nairobi - Taryhçy
18.Ogulşirin Bayramowa - ýazyjy
19.Dark Wolf - din alymy
20.Felicita - şepagat uýasy.

Ine,bu meniñ ýadyma düşenlerden jemlänjelerim.Ýadyma düşmedikler bir okara ganymy geçsin! :) Sizem aýyrjak-goşjaklaryñyz bar bolsa aýdybermelidir, agzalar!
11 лайков 733 просмотров
89комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
15 май 2022, 20:04
Hemedany,
Ýöne meň aýdýanymda jan bar gerek?!
Mümkin
Автор 15 май 2022, 21:07
Nirvana,
Birini men ugratdym.Ikisini Aksary agzañ özi ugradýar.Ýöne bu joramyz utanjañ jora."Aýdymlarymy ýaýratmawersin!" diýip haýyş edýär.Birine ugratsañ özünden soraýarsyñ-da.
Serdar
15 май 2022, 21:52
Dark wolf - din alymy.
- tolko ýa w şoke
Bentner
16 май 2022, 00:33
Mümkin,
Din ugrundan açan mowzuklaryñy okap şeýle pikre geldim.Bimaza bolduñmy?
Yok bimazasy yokla, meni hem yzarlap okayan ba eken bäähh :)
Mümkin
Автор 16 май 2022, 05:37
Choopre,
Näme üçin?
Mümkin
Автор 16 май 2022, 06:37
Bendtner,
Elbetde.Esasy gyzyklanmañyz futbol we din bolmaly.
Remezan
16 май 2022, 06:41
täzelikde agza boldum maňada bir hünär, saýlaýyň
Mümkin
Автор 16 май 2022, 06:45
Kyýas,
Size häzirlikçe paýlaşýan goşgularyñyzy göz öñünde tutup "şahyr"diýäýeliñ.Soñam gyzyklanmañyza we ukyp-başarnygyñyza görä başga kär tapybiýris-dä :)
Döwlet Şöhradow
16 май 2022, 11:15
Gaty gowy?
Remezan
16 май 2022, 11:21
Mümkin
Kyýas,
Size häzirlikçe paýlaşýan goşgularyñyzy göz öñünde tutup "şahyr"diýäýeliñ.Soñam gyzyklanmañyza we ukyp-başarnygyñyza görä başga kär tapybiýris-dä :)

Bolýa razy käwagt goşgy düzýänem minnetdar
Ayjahan
23 май 2022, 12:52
Men nämekäm? (Elbetde hiç kim sen plan zat diýp aýtmaz... iň gowsy men aýdaýyn: DOKTOR)
GeçerGeldi
24 май 2022, 00:25
1.Elifi özüni oñat gizläp bilýänligi üçin agentlige hödürledim.

Mümkin, @Elifi(ya da başga bir gowy gizlenyan birini) duýup, owunjak faktlardan tanap bilýän @Ötegçi bendäni nama hödurlardiñ?!
Mümkin
Автор 24 май 2022, 05:31
GeçerGeldi,
Sülçini neneñ görýäñ.
Elifiñ kimdigini henizem maña aýdañok.Şu ýerde aýdaý,dolanyp okajak ýok.
Mümkin
Автор 24 май 2022, 05:32
AySa,
Wah,men seni tanamok-da heniz Ýogsam aýdardym. :(
GeçerGeldi
24 май 2022, 06:15
Aslynda gowy bolardy... ýöne gyzykly bolardymy bilemok. Aýtjakdym. Delillerme ynamsyzlyk doredi azajyk. Soñ tele el degman, bärik aýlanyp bilmezlik.....we.ş.m. ýöne tanaýamyzda da utýan zadymyz ýok... et-gan-siñirden ybarat hakyky real keşbini görmesegem, azda-kände tanamagymyzam yetýärmikä diýýän men-ä kitaply birem aýp bolar...
Mümkin
Автор 24 май 2022, 11:16
GeçerGeldi,
Käriñi neneñ gördüñ?
Aýtmasañ aýtman geç. Nejis :))
GeçerGeldi
24 май 2022, 15:23
shlyapa mümkin gowy bolardy kärim... gyzyklanýan zadym)) ýöne agşam "Gün bizden sorap dogmaýar" atly eseri (Nirvanañ goýany) şony okadym wln, Şalar diýýär-ä: "Men unwerisal!" Şoñky ýaly, sülçi-lukman-ýazar-biznsmen-çapyksuwar-artist-aýdymçy(rep bn halk aýdym esasy) bolasym gelýär... belki biraz şo ýolda ýolam geçendirin....
Siz barada aýtsam, öý işlerne ezberje, ne uzyn ne gysga, Keminäñ aýdyşy ýaly "Ortamiýana" gyz göz öñüme gelýär. Size gelişdirýän kãrim: meśhur tikimçi, orta mekdepde müdiriñ orunbasary aynekli
GeçerGeldi
24 май 2022, 16:39
 Mümkin  off № 2920 апреля 2022 21:53

Hiayress,
Hut şol kriteriýa sebäpli düýn-öññinlikde bir gudany goýbolsun etdik.Ejem entegem maña gaharly.Joramam "A gyz sen my ,özi gowy bolsa tapar-da gowy iş ahyry" diýýär.Menem şuwat "Ýalñyşdymmykam?"diýip oýlaýan.

S.A.MS.YKLYK edipsiñ! Döwrüñ uly baýlaryndan birini tanaýan. Wagtynda gaty garyp bolan. Ýoo şuny ýazyp durkam 2njisem ýadyma düşdi. Olam wagtynda gaty garyp eken. Pes aýlykly biri. Beýlekiñ aýlygam ýok. Ikisem häzir depseñ yranmaz diýilýänlerden. Biriniñ dagy tüýkiligi ýere ýetmäkä tutulýanlardan. Ikisem señ ýagdaýyñdaky gyzy aldylar... ýone ikisem aýalynyñ öýüne soñlugy bn barjak diýselerem barman, köšk ýaly jaý edinip gaýynyny oz ýanlarna getirdiler... diýjegim, häzirki 2-3-4 ýa 5müñ manat aýlyga kowalaşanyñ sam.syklyk bolaýmasa...
GeçerGeldi
24 май 2022, 16:46
"Atadan mal galmasa ýigit beýlesin. Atadan mal galanda näme başda döwlet bolmasa"
Siz aýlygna ýa aýagulagna(ýa ähtimallyklara däl, döwletmentligne serediñ)
"Döwletli ogullar ýaşda baş bolar,
Bidöwletler ýaşadykça ýaş bolar!"
Onsañam Hz. Ýusuby Müsüre soltan eden, Hz. Musany Faronyñ öz elinde ýetişdiren, Hz. Ýunusy balygyñ garnyndan. Hz. Muhammet(S.A.W) gowakda ýonekeý bir kerep bn goran Allada bar ahyry(beý diýdigim her bir garyp baýap biler, hemme garyplar gaty gowy diýmek däl, adamçylyk malyñ az ýa köplugi bn kesgitlenmeyarmika diýýän) goja
Mümkin
Автор 24 май 2022, 19:31
GeçerGeldi,
Wah,döwletli bolup bolmajagy näbelli-dä.Men-ä barsam,olam bolmasa.Riskowat edesim gelenok :))
Muny baýlyga gyzmak diýip düşünmäñ.Häzirki döwürde eklenmek kyn bilýänsiñiz. Çagaly bolsañ-a hasam.
GeçerGeldi
24 май 2022, 19:34
Ýokla oña düşinýän hemem riskowat ediñ diýemoga! Dogumly, basan ýerinden ot çykarýan oglanlar bar ahyry. Döwletli ogullar ýaşda baş bolar- töwereginiñ kopusini yzyna tirkap yorendir dowletli çagalar.
GeçerGeldi
24 май 2022, 19:39
Mysal, iki jigim bar gazançlary deñ. Işleyan yerleri aylyklary deñ. Biriniñki artyp gidip otyr. Beýlekiñki welin nira sowuryany belli dal. Haysydyr bir del iş etmeli bolsa birinji howesek yapyşýa. Towergi mydam oglan. Her kim şoñ edenini etjek bolyar. Şoñ gazanyś usullarny owrenjek bolyar. Gepe de çeper. Ine men şoña diyyan dowletli ogul dp. Şuwagtky depseñ yranmazlañam kabirleri bir dowur şo pahodkadylar.
Mümkin
Автор 25 май 2022, 05:29
GeçerGeldi,
Biz oñ ýaly zatlaryny bilemzok-da.Diñe ilden-günden sorap-idänimizde bilenjelerimiz.
Guda bolmakañ kän duşuşyp ýa gürleşip ýörmegem halananok bizde.
GeçerGeldi
25 май 2022, 06:04
Howwa onyña dogry! Ile güne bildirmän görüşaý diýerdim wln, ýa goñşularñyz görjekdir ýa da oglan tarap aljak bolup: duşuşdy-ýüzüklap goýduk ýaly gürriñler etjekdir...
Birem ilden günden soralanda köpräk ýerden(olam diñe idili adamlardan bolsa gowy bolaýmasa, muñ 2 sany sebäbi bar:
1. Ejeñiz näçe köp ýerden haýsydyr bir gudany sorap-idese: "hä bularda da gyz bar eken"-diýerler. Şeýdip gözüme ilen gowja gyzlar bar meñ-ä shlyapa
2-nji, bir zat ýa bir kişi hakda, näçe kop maglumat bilseñ, tanamak has añsatlaşýar. Oglanlary-ha hem heleýlerden, hem gyzlardan sora diýjek wln, bir oglan dp ölüp barýan gyzlañ şol oglany ýamanlaýanyna kän duşdymda. Iñ gowsy derekli diýilýän adamlardan soramak.
Mümkin
Автор 25 май 2022, 10:30
Aý,ýamanlanam bolmady welin oñduk biz-ä (hemişeki bolşy ýaly:))
Birem men nesibä ykbala gaty ynanýan.Nesibämde bar adam ir-u giç duşar.
Sende habarlar neneñ? Öýleneñokmy?
GeçerGeldi
27 май 2022, 12:48
Menem ynanýan nesibä... henizä täk özüm gezip ýorun... nesibeli gün bardyr da. Oglan howlugar tudana wagtynda bişer diýilýärä. Hemme zat wagtyna barmalydyr da
Mümkin
Автор 27 май 2022, 20:15
GeçerGeldi,
Howwa.Nesibämizdäkä duşarys-da ahyry.
Mümkin
Автор 27 май 2022, 20:15
Sen näçenji ýyldyñ?
GeçerGeldi
30 май 2022, 13:57
Señ bn deñ duş. Eddil 1 ýyl dp biljek däl ýöne :P