Islenendäki ilkinjilerim

Durmuşyma girenligi üçin Alla müñ şükür edýän Islenen.site saýtymyñ bu gün 1 ýaş toýy.Şeýle bolansoñ şu günüñ şanyna saýtdaky ilkinjilerimi ýazmakçy.
1. Ilkinji ýakyndan tananym - Nirvana
2.Ilkinji gezek zenandygymy bilen Şahrukh Khan
3.Ilkinji gezek maña oglandyr öýden Nairobi
4.Ilkinji gezek oglan saýyp,meni söýen Kalp doctory
5.Ilkinji owadandygymy aýdan Aksary we Fan B (ikisini ýazmagymyñ sebäbi Aksary aýdanda ikimizem saýtda ýokduk,Fan B aýdanda bolsa saýtdadym)
6.Ilkinji gezek ölmäñ bäri ýany bolýançam güldüren - Mähek
7.Ilkinji gezek iliñ gyzynyñ tapynýandygyny,
meniñ tapynyp bilmeýändigimi aýdyp,içimi ýakan Bendtner :))
8.Ilkinji gezek maña "Belkajyk" diýen Şahrukh Khan
9.Ilkinji gezek meni öýermegi wada eden Gost daýy. :)
10.Ilkinji gezek maña "Jora" diýen Hiayress
11.Ilkinji gezek meni allan Şahrukh Khan.(şarf meselesi)
12.Ilkinji gezek başga bir agzadan nomurymy alan Felicita
13.Ilkinji gezek dostlaşdyranlarym Massimus we Aksary
14.Ilkinji gezek maña "liçniý dannysyny" aýtmak islemedik Hemedany :))
15.Ilkinji gezek maşgala ýagdaýyny we durmuş şertlerini özüme meñzedenim Felicita.
16.Ilkinji gezek özüni muşdagym yglan eden Massimus
17.Ilkinji gezek bilesigelijiligimi iñ ýokary derejä ýetiren Chelsea
18.Ilkinji gezek mowzugyny göçürenim Elif
19.Ilkinji gezek "dogan" diýenim Keaip Begcon
20.Ilkinji gezek maña "dogan"diýen Ahmedik
21.Ilkinji gezek galamyndan çykan eserlere haýranlyk duýanym Massimus
22.Ilkinji gezek sesine haýranlyk duýanym Aksary we Mähek (munda-da iki ýazmagymyñ sebäbi hälki ýaly)
23.Ilkinji gezek şahsyma hat ýazan Nirvana
24.Ilkinji gezek poeziýa barada maslahat soran Ejegyz
25.Ilkinji gezek durmuşy barada maslahat soran Bägül Ataýewa.
26.Ilkinji gezek maña "Belkişka" diýen Nairobi
27.Ilkinji gezek özüm soramazdan maña aýdym ugradan Ogulşirin Baýramowa
28.Ilkinji gezek adymy soran Arsi
29.Ilkinji gezek islese belgimi tapyp biljekdigini aýdan Aksary we Ötegçi ( hälki ýaly sebäplerden ikisini agzadym)
30.Ilkinji gezek görmegeý hasaplanym Fan B.

Ynha,meniñ-hä sanajaklarym şular.Meniñ üçin ilkinji bolup ýadyma düşüribilmediklerim bar bolsa, aýdybermeli.Galyberse-de,siziñem bu saýtda ilkinjileriñiz bardyr.Geliñ,onda sizem bu mowzukda öz ilkinjileriñizi sanañ!
8 лайков 471 просмотров
58комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ajy
30 май 2022, 12:55
Bu saýtda däl welin meñem ilkinjilerim boldy
Öwreniji
30 май 2022, 12:59
Meniň ilkinji gelen saýtym we ähliňiz ilkinji saýdaşlarym
ajy
30 май 2022, 13:11
maña ilkinji "jigim" diyip ýüzlenen Allaberdi agam. :)
Ilkinji gezek içimdäkileri dökemde gowy maslahatlar berýän Nirvana.:)
Şu tm saýtlarda ilkinji sapar duşuşup bazara aýlanan agzam HAKYKAT. (gowy adamdy, hazir gullukda)
señ diýişiñ ýaly, ölmegiñ bäri ýany bolýançam teswirlerini gaýta gaýta okàp gülýänim Nairobi. Pegas bn ýazyşsa Ondanam beter prikol bul ikisi :))
ilkinji tanyshan agzam Talyp_gyzy
ilkinji gezek tm saytlaryna giryan yashuly bn tanyshdyshanym, Sakallary gysgajykdy o wagtlar) Chary kakam
Ilkinji sapar ömrümde hiç duýup görmedik duýgy döreden, göterip bilmejek derejede ýüregime agram salan Durmush.
Bentner
30 май 2022, 13:45
7.Ilkinji gezek iliñ gyzynyñ tapynýandygyny,
meniñ tapynyp bilmeýändigimi aýdyp,içimi ýakan Bendtner :))

Heywi entegem tapmadyňmy? :)
Bentner
30 май 2022, 13:46
Belkajyk indiki gepleşige seni saylandyryn, biliňi berk gushap tayyn bol, wi yene birzat mgbaytyňy bahana edaymegin?
Waleryanka
30 май 2022, 13:48
garaburc,
Şu Durmuşyň kimdigini aýdaýda.Özä her gezek aýtmajak bolup, başdansowma jogap berýä))Ýöne bir teswirinden çen tutup Tikodyr öýdýän.
GeçerGeldi
30 май 2022, 13:51
2.Ilkinji gezek zenandygymy bilen Şahrukh Khan

Mena giren güniñden bilýadim. Aýyp bolmasyn dp dymýadym jora ?
Waleryanka
30 май 2022, 13:55
Menem saýtlara girip başlanymdan bäri birinji gezek şu saýtda oglandyr öýtdüler.Hatda @Biohimik agza "çalyş" hem diýdi:)
ýüreksözi
30 май 2022, 13:59
1 islenene gelemde ilkinji urşanym Nairobi
2 ilkinji gezek mana bibim diýen Ejegyz
3 Ilkinji gezek wirtualda mana syrdaş bolan ekizim Kalp dogtary
4 ilkinji bolup meni sada gören Bendtner
5 oglanlardan ilkinji urşanym Binamys
6 Ilkinji bolup mana saýtda gyzym diýen Dani
7 Ilkinji janlaşanym Bentner
8 Şahsyma ilkinji ýazan Musulmanka
9 goşgylarma ilkinji bolyp maslahat berip başlan kitapçy.com da Suraý Babanyýazowa
10 meni ilkinji bolyp gözümden ýaş çykýança güldüren Garabufer
11 ilkinji blogy gaty göwnüme ýaran nurmuhammet
12 site de meni ilkinji bolyp allan Bendtner
13 ilkinji bolyp mana dogan diýen Täzegül
14 meni ilkinji bolup owadan gören Bentner
15 site tanşyp ilkinji janlaşamda aglan wagtym meni ilkinji köşeşdiren nurmuhammet
16 mana ilkinji bolyp aýdym aýdyp beren Kalp dogtary
17 Aýna gyz dp mana ilkinji ýüzlenen Mähek
18 Durmuşymda ilkinji bolup üssünlik arzuw eden Nirwana
19 ilkinji bolup berekella aýdan nejisje
20 ilkinji bolup wasýok diýenimem Bendtner
ýene kään welin doly ýadyma düşenok
GeçerGeldi
30 май 2022, 14:05
Ilkinji pikirlerini azda kände bilip bilýan. Goşgularny seyregem bolsa ilkinji goni oz goýmagynda okap bilýan, gowy gørýän şahyrlarmyñ biri bar-Pegas.
Ilkinji gezek başgaça pikirlenmegi öwreden-Khanture birwagtlar ýer togalakdyr őýdýärdim. Hatda namaz okamda, her kim tegelenip Kybla bakýar. Ýerem tegelek diýen ýaly.. birhili düşindirip bolmaýan inçe duýgulam bardy wln... indi her gezek namaza duramda turkler aýtmyşlaýyn beýnim: "allak-bullak" bolýar. Içimden Hantörä söwünýän: "Al kakmyş Kantur" dp...
GeçerGeldi
30 май 2022, 14:10
Ilkinji gezek "liçnyý dannysyny" aýtmasa da bilýanlerimem bar:))) olar bilýanimi. Tanaýanymy bilenok ýone. Açylany bari agza. Kone nikimi alyp bilemok... ufff gaty kuysedim şo nikimi ufff
Bentner
30 май 2022, 14:17
ýüreksözi,
Oho wasyok olaryň 4den biri men ekenima :-D
GeçerGeldi
30 май 2022, 14:20
Bendtner- ilkinji gezek şahsy hat ýazanym)
Ilkinji gezek nomury bardy oydüp jañ etjek bolanym- Belki
ýüreksözi
30 май 2022, 14:20
Bendtner,
howwahow sen köp ýerde ilkinji hakyky dost bolanam senä ilkinji şu ýerde
Kalp doctory
30 май 2022, 14:44
ýüreksözi
Bendtner,
howwahow sen köp ýerde ilkinji hakyky dost bolanam senä ilkinji şu ýerde

iki yerde adymy agzadyna(
Mümkin
Автор 30 май 2022, 14:50
Bendtner,
Içimi ýakma.Gözüñe basyp tapynjak dur entek. :))
Ýogsa-da bir gün meñ näme üçin tapynyp bilmeýändigim hakynda giñişleýin ara alyp maslahatlaşaly :))
"Seni saýladym" diýip,Massimusyñ söhbetdeşliklerini okamaýanlygyñy bildirip otursyñ-da.Massimus agam birinji bilen meñ bilen söhbetdeş boldy. Señ saýlamagyña galmandyrys :)) Ol meñ muşdagym ahyry. :))
Mümkin
Автор 30 май 2022, 14:51
Bendtner,
Aý,ýöne kemem däl.Şu söhbetdeşlikde birini tapynyp bilmezmikäm?! :))
Mümkin
Автор 30 май 2022, 15:02
Felicita agzanyñ ýazan smsi.
Mahymjan spasibo temanda adymy agzapsyn
Diysen begendim menem. Saytda menem ilkinji dostlashan oglanym sahrukhan ilkinji aralar dash bolsada yakyn joram yaly ozum barada aydyp, sozum alshyp giden gyzym sensin :)
Mümkin
Автор 30 май 2022, 15:06
Mundan daşary Felicitanyñ ilkinji gürleşenleri Mähek,men we Şakrukh Khanmyş,ony ilkinji güldüren Mähekmiş.
Aýtmak ýatdan çykypdyr.Meni ilkinji gezek ejesi bilen tanyşdyranam Felicitadyr. :))
Massimus
30 май 2022, 15:20
Ilkinji agza bolan türkmen saýtym.
Ilkinji gezek goşgularynyň muşdagy bolanym ("Köne heň" goşgusyny okap döredijiliginiň muşdagy bolupdym) Mümkin.
Ilkinji gezek telefonda gürleşen agzam (Mümkiniň kömegi bilen) Aksary, gaty terbiýeli, düşünjeli ýigit (bu agzalaryň hemmesem şeýledir diýen pikir döredipdi mende).
Ilkinji gezek meni McM agza meňzeden Pegas.
Ilkinji gezek maňa kommenti bilen ruhy goldaw beren FanB.
Ilkinji gezek tanyşlyk sahypasyna çagyran agzam Mümkin.
Ilkinji gezek göwnüne degen agzam Dani (ötünç sorapdym öň, ýene soraýan, bagyşla).
Ilkinji gezek meniň bilen içgin gyzyklanan agza Ahmedik 97.
Ilkinji gezek meni söhbetdeşlige çagyran agza FanB.
Ilkinji gezek çeperçiligine haýran galan agzam Pegas.
Ilkinji gezek duýguly dünýäsine haýran bolanym Nirwana.
Ilkinji gezek futbola düşünişine telpek goýanym Senýorita (şondan bäri telpeksiz gezip ýörün).
Ilkinji gezek menden gowy satiriki ýazyjy çykjagyna ynandyran Pegas.
Ilkinji gezek meniň wirtualdaky maşgalama öwrülen saýtdaşlarym, hemmäňiziň janyňyz sag bolsun...
ajy
30 май 2022, 15:21
Mümkin,
A gyz, gòresim geldi şony. Salam aýt. Ejesiniñ ozuniñ ýagdaýy gowymy? Pişijegi barmy hälem?
Meñki ýitdi diyip gyanançly habary ber :'((( gelenak 2 aý boldy. ne gözel pişigim...
ajy
30 май 2022, 15:22
Mümkin,
Meni ilkinji sapar saytda birine yrjak bolan felicita ??
ajy
30 май 2022, 15:24
Waleryanka,
şoşo))
Mümkin
Автор 30 май 2022, 15:24
garaburc,
Myhman bolup okaýar hemme mowzuklary.Agza bolup bilenok.Näme aýdasyñ gelse aýdyber şu taýda.Okap oturandyr.
Mümkin
Автор 30 май 2022, 15:26
garaburc,
Eşitdim o gürrüñi.Senem ne gözel oglana yrylmansyñ :))
ajy
30 май 2022, 15:28
Mümkin,
Gaty ula ol, hem meñ kriterýalaryma dogry gelmedi :))
Mümkin
Автор 30 май 2022, 15:30
Massimus,
Agam,eliñ-gözûñ dert görmesin.Gowy beýan edipsiñ ilkinjileriñi.Menem iki ýerde ilkinjiñiz bolupdyryn.Begendim.
Mümkin
Автор 30 май 2022, 15:32
garaburc,
Señ söýüp ýöreniñ ondanam ulymyşyn-a.Hem haýsy kriteriýaña gabat gelmedi?
Massimus
30 май 2022, 15:34
Mümkin,
Hiaýress bilen ýakynda söhbetdeşlik gurnamagy meýilleşdirýäs, bir sorag bardy, şu agza oglanmy, gyzmy?
ajy
30 май 2022, 15:50
Mümkin,
Ol söýgini gömdük gursaga. :)
Boýy gaty uzyn, çagasy ýaly bolup durun onuñ ýanynda men. Hem-de men adam bilen jañlaşanymda arada gep tapylman dymyshlyk bolup galsa eger eger bolamokda