Islenendäki ilkinjilerim

Durmuşyma girenligi üçin Alla müñ şükür edýän Islenen.site saýtymyñ bu gün 1 ýaş toýy.Şeýle bolansoñ şu günüñ şanyna saýtdaky ilkinjilerimi ýazmakçy.
1. Ilkinji ýakyndan tananym - Nirvana
2.Ilkinji gezek zenandygymy bilen Şahrukh Khan
3.Ilkinji gezek maña oglandyr öýden Nairobi
4.Ilkinji gezek oglan saýyp,meni söýen Kalp doctory
5.Ilkinji owadandygymy aýdan Aksary we Fan B (ikisini ýazmagymyñ sebäbi Aksary aýdanda ikimizem saýtda ýokduk,Fan B aýdanda bolsa saýtdadym)
6.Ilkinji gezek ölmäñ bäri ýany bolýançam güldüren - Mähek
7.Ilkinji gezek iliñ gyzynyñ tapynýandygyny,
meniñ tapynyp bilmeýändigimi aýdyp,içimi ýakan Bendtner :))
8.Ilkinji gezek maña "Belkajyk" diýen Şahrukh Khan
9.Ilkinji gezek meni öýermegi wada eden Gost daýy. :)
10.Ilkinji gezek maña "Jora" diýen Hiayress
11.Ilkinji gezek meni allan Şahrukh Khan.(şarf meselesi)
12.Ilkinji gezek başga bir agzadan nomurymy alan Felicita
13.Ilkinji gezek dostlaşdyranlarym Massimus we Aksary
14.Ilkinji gezek maña "liçniý dannysyny" aýtmak islemedik Hemedany :))
15.Ilkinji gezek maşgala ýagdaýyny we durmuş şertlerini özüme meñzedenim Felicita.
16.Ilkinji gezek özüni muşdagym yglan eden Massimus
17.Ilkinji gezek bilesigelijiligimi iñ ýokary derejä ýetiren Chelsea
18.Ilkinji gezek mowzugyny göçürenim Elif
19.Ilkinji gezek "dogan" diýenim Keaip Begcon
20.Ilkinji gezek maña "dogan"diýen Ahmedik
21.Ilkinji gezek galamyndan çykan eserlere haýranlyk duýanym Massimus
22.Ilkinji gezek sesine haýranlyk duýanym Aksary we Mähek (munda-da iki ýazmagymyñ sebäbi hälki ýaly)
23.Ilkinji gezek şahsyma hat ýazan Nirvana
24.Ilkinji gezek poeziýa barada maslahat soran Ejegyz
25.Ilkinji gezek durmuşy barada maslahat soran Bägül Ataýewa.
26.Ilkinji gezek maña "Belkişka" diýen Nairobi
27.Ilkinji gezek özüm soramazdan maña aýdym ugradan Ogulşirin Baýramowa
28.Ilkinji gezek adymy soran Arsi
29.Ilkinji gezek islese belgimi tapyp biljekdigini aýdan Aksary we Ötegçi ( hälki ýaly sebäplerden ikisini agzadym)
30.Ilkinji gezek görmegeý hasaplanym Fan B.

Ynha,meniñ-hä sanajaklarym şular.Meniñ üçin ilkinji bolup ýadyma düşüribilmediklerim bar bolsa, aýdybermeli.Galyberse-de,siziñem bu saýtda ilkinjileriñiz bardyr.Geliñ,onda sizem bu mowzukda öz ilkinjileriñizi sanañ!
8 лайков 471 просмотров
58комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ýüreksözi
30 май 2022, 15:53
kalp doctory,
ekizim ökeleme senkini sanasam sogaby käään
ajy
30 май 2022, 15:53
Massimus,
ejesä öýerjek diýýämiş Hiayress-i :))
Bentner
30 май 2022, 15:58
Mümkin
Içimi ýakma.Gözüñe basyp tapynjak dur entek. :))

Akgoyun toyuňa cenli tapynaweri :))
Mümkin
Ýogsa-da bir gün meñ näme üçin tapynyp bilmeýändigim hakynda giñişleýin ara alyp maslahatlaşaly :))

Garshy dal, yone hacan we nirde?
Mümkin
Seni saýladym" diýip,Massimusyñ söhbetdeşliklerini okamaýanlygyñy bildirip otursyñ-da.Massimus agam birinji bilen meñ bilen söhbetdeş boldy.

Wöýý izvinyayus, shumat okap gaytdym, men olgunki gepleshikde yokdym-a, yatyp galypdyryn oytyan.
Mümkin
Señ saýlamagyña galmandyrys :))

"Way üstüm gyzyl el" diysene hihi
Bentner
30 май 2022, 16:00
Massimus
Mümkin,
Hiaýress bilen ýakynda söhbetdeşlik gurnamagy meýilleşdirýäs, bir sorag bardy, şu agza oglanmy, gyzmy?

Agam men 1nji geplesigi sypdyrypdyrn @Mümkin bn gecir diyipdim wn görüp otyrsam gecirlen ekena.
Bolya onda @Hiayress bn gecirayeli.
Bentner
30 май 2022, 16:01
Massimus,
Hiayress oglan, bir dowur menem aldapdylar gyz dp
Senyorita.
30 май 2022, 16:42
Mhm, mhm... Menem birzatlar ýazaýsammykam :)
Ilkinji mowzugyma ilkinji teswir ýazan Pegas (elbetde, goşgynyň awtoryny çalşyp ýazanym üçin) :))
Ýene şol ilkinji mowzugymda "Wah" diýip teswir galdyran Mümkin. :)
"Bisabyr gyz" hekaýa - mowzugymda ilkinji bolup "Yzyny goýawer jora. Gyzyklandym." - diýenem, Mümkin.
Ilkinji gezek meni nädogry düşünenler Mümkin bilen Bendtner. "SÖÝGI" diýip ýazanym üçin :)) Mümkin "Nämüçin söýgini goşa dyrnakda ýazdyň"- diýipdi. Bendtner bolsa " Söýgisumak" diýdigimi-kä?"- diýip üýtgeşik söz tapypdy )))
Ilkinji gezek meň bilen gyzyklanan Flover06.
Ilkinji gezek Massimus agzanyň "Arzuwly söhbet" soragly mowzugynda soraglara jogap berip gördüm.
Ilkinji Гость agzanyň mowzugynda Liverpooly gowy görýänimi aýdypdym.
Ilkinji gezek täze agzadygyma garamazdan, meniň bilen gyzyklanyp, 3-nji gurnan söhbetdeşliginde söhbetdeşlige çagyran Massimus.
Hekaýalaryny hezil edip okaýanym, açjak mowzuklaryna has gyzyklanýanym Massimus.
Ilkinji gezek (we soňky gezek bolsun-da şu) meni oglandyr öýden Bendtner.
Ilkinji gezek ýagyşly temada goşgy soranymda goşgy goýanlar Hiayress bilen Pegas.
Ilkinji gezek saýtdan tapan "kinodaşym" Mümkin. :))
Ilkinji gezek meň bilen ýakyn "dugosh" bolan dugoshym Mona Songz. Nuraý ;))
Ilkinji gezek doglan gününi gutlan agzam Tiko.
Özi Real Madridi gowy görse-de, maňa we Liverpoola üstünlik arzuw edýän Massimus. Size hormatym uly. Size-de üstünlik!

Saýtda öz döredijiliginden çykan goşgudyr, hekaýa, oýlanmalaryny paýlaşýan agzalar size aýratyn hormaty uly! Döredijiligiňize üstünlik!
Gyzykly maglumatlary, täzelikleri, goşgulary, hekaýalary, degişmeleri goýýan agzalar siziňem mowzuklaryňyzy hezil edip okaýan!
Garaz, saýtdaky ähli agzalar saýtyň bir bölegi, saýtyň gelşigi, hersiniň öz ýerleri bar ýatlamalarymda. Mowzuklaryňyza köplenç teswir ýazmasamam gürlemänjik "like" goýýanlaryň biri men :))
- Dani
30 май 2022, 17:08
ýüreksözi,
sps ...............
Ötegçi
30 май 2022, 18:11
Meñem soramda ilkinji goşgy tapyp beren Pegasdy. Ýalñyşmasam alabahardy. Ýegenmyradowdan
Aýnur
30 май 2022, 18:29
senyorita.,
Spasibo Gökgi dugoş :)
Senyorita.
30 май 2022, 18:34
Mona Songz,
Nuraý. Gaty mes bolan wagtyň hiç zat ýazaýma birine. :)) Begeniiip durkam ýaňy Ejegyza ýalňyşyp dugosh diýip goýberipdirin. Ýeketäk dugosh sensiň! ;))
Senyorita.
30 май 2022, 18:35
Mona Songz,
Menden saňa dugosh-larça maslahat şu! ))))
Aýnur
30 май 2022, 18:37
Ilkinji gezek saýtda tanşan agzam @Sewinç
Ilkinji gezek doglan gününi gutlan agzam @State
Ilkinji gezek özüme meňzeş tapan himik agzam @Biohimik
Ilkinji gezek wirtualda dost bolan agzam @Wrestling
Ilknji gezek dertdeş, syrdaş bolan agzam @Nairobi
Ilknji gezek saýtda urşan agzalarym @Sapaly, @Daýanç
Ilknji gezek saýtda iň gowy gören gyzym @Miss_minnosh
Ilknji bolup maňa ýürejik diýen agzam @Ogulşirin Baýramowa
Ilknji bolup dugoş diýen gyz @Senýorita
Ilkinji bolup kanka diýen şahyr oglan @Sadman
Ilkinji gezek sada gören agzam @Kalp doktory
Ilkinji gezek diňe @Daniň tarapyny çalypdym)
Ilkinji gezek meni oglan gören agza @Ejegyz
Ilkinji gezek uçurum suratyny gören agzam, gyzym @Ýyldyz
Ilkinji gezek @Nirwanaň sözleýşine, çeper diline haýran galyp, açýan mowzuklaryny sypdyrman okaýadym)
Mümkin
Автор 30 май 2022, 18:51
garaburc,
Senem meñ ýaly gepçi oglany halaýan ekeniñ-dä. :))
Onsoñ şol söýüp ýöreniñ nämesi artykmyş A.dan?
Umuman,haýsy aýratynlygyny söýdüñ şonuñ?
Aýnur
30 май 2022, 18:51
senyorita.
Mona Songz,
Nuraý. Gaty mes bolan wagtyň hiç zat ýazaýma birine. :)) Begeniiip durkam ýaňy Ejegyza ýalňyşyp dugosh diýip goýberipdirin. Ýeketäk dugosh sensiň! ;))

Boldy boldy :)))derrew belläýin Göki dugoşyň altyna deň maslahatlary diýip :)) shlyapa
Ejegyzam gowja gyz ýöne tananok seni
ajy
30 май 2022, 18:58
Mona_Songz
men-ä ýok ekenim, hany gaýtadan okap çykaýyn sypdyrdymmykam ýa özümi
Aýnur
30 май 2022, 19:01
garaburc
Mona_Songz
men-ä ýok ekenim, hany gaýtadan okap çykaýyn sypdyrdymmykam ýa özümi

Dur dur saýtda ilknji gezek uçurum suratyny ugradan gyz sen-ää)
ajy
30 май 2022, 19:05
Mümkin, aýtma aýtma, bile gepçiçilik ederýalyda))
A. mylakatly gowy gurleya, hiçhili kemçiligi ýok, sylaşykly, sypaýy, gelşikli, görmegeý. ýöne bilemok. birhili ýetmeýän zat barda.
Beýleki meñ ugrumy tapyp gürleýä, gülüşi owadan, kikir kikir edip gülýä, we gaty köp ýerde tötänleýin pikierimiziñ gabat gelşini synladym..
goý ýatlamalyda şu zatlary ýene birhili bolup başlaýan. özüm şondan soñ ýüregim sanjyp zordan gezip, düzelip ýörşüm
ajy
30 май 2022, 19:06
*pikirlerimiziñ
Aýnur
30 май 2022, 19:18
garaburc
Mümkin, aýtma aýtma, bile gepçiçilik ederýalyda))
A. mylakatly gowy gurleya, hiçhili kemçiligi ýok, sylaşykly, sypaýy, gelşikli, görmegeý. ýöne bilemok. birhili ýetmeýän zat barda.
Beýleki meñ ugrumy tapyp gürleýä, gülüşi owadan, kikir kikir edip gülýä, we gaty köp ýerde tötänleýin pikierimiziñ gabat gelşini synladym..
goý ýatlamalyda şu zatlary ýene birhili bolup başlaýan. özüm şondan soñ ýüregim sanjyp zordan gezip, düzelip ýörşüm

Hoow ine ine Ýyllyz sendä anyk täzelik bar))) hihi
Illerde tapylaýýa swist
Mümkin
Автор 30 май 2022, 20:24
Mona Songz,
Wah,Mona,derdimi gozgama,menden galany tapynypdyr bulañ :))
garaburc,
Görmegeý bolsa gybat etmek gerek däl-ä,ýüzüne seret-de otur-da.
Görmegeý däl bolsa,süýji söhbetli bolmagyny isleýär.
Garaz,onda seni özüne çekýän bir zadyñ bolmagy hökman.
Ýokarky aýdanyñ barada aýtsam belki,söýgide sebäp soramak ýalñyşdyr...
Felicitadan sms geldi.Özüñe-de salam aýdýar.Pişigiñem oglan bolsa gelin gözlemäne gidendir diýýär :))
Nazar
30 май 2022, 20:37
Wayyy goysana men sheyle gormegeymi?
Mümkin
Автор 30 май 2022, 21:10
FanB,
"Çornybelyý" telefonda ýaramaz yşygyñ astynda düşülen suratda görmegeý görünýän kişi hakykatdanam görmegeýdir :))
Hemedany,
Gelmegime gerek ýok.Joram bar.Soraýaryn şondan. :)
Haýsy agtygy diýse näme diýmeli? :)
Aýnur
30 май 2022, 22:32
Mümkin,
Derdiňiz öte agyr eken Mümkin ejeke))
Mümkin
Автор 31 май 2022, 05:15
Mona Songz,
Sen aýtma Monajan.Gije-gündiz gözüme uky girenok.On birde ýatyp galýanyma seretme sen :))
Mümkin
Автор 31 май 2022, 05:20
Bendtner,
Bir gün saýtda mowzuk açyp maslahat edeli şu tema boýunça
Mümkin
Автор 31 май 2022, 05:21
senyorita.,
Goşa dyrnaga alynmaýan sözi goşa dyrnaga alsañ ýañsylamak hasap edilýär.
Mümkin
Автор 31 май 2022, 05:22
Ýatdan çykdy
Saýta ilkinji "jigim" diýenim biohimik
Senyorita.
31 май 2022, 07:03
Mümkin
senyorita.,
Goşa dyrnaga alynmaýan sözi goşa dyrnaga alsañ ýañsylamak hasap edilýär.


Salam! Düşündim. Gaýtalanmaz.