Ilkinji gezek gar ýagdy

Meksikanyň Tlaçiçuka şäherine taryhda ilkinji gezek gar ýagdy. Şäheriň ilkinji gezek gar gören ýaşaýjylary bu ýagdaýa geň galdylar. Puebla ştatyndaky şähere ýagan garyň galyňlygy 14 santimetre ýetdi. Şäheriň ýaşaýjylarynyň köpüsi ozal gar görmän eken. Puebla ştatynyň gubernatory Miguel Barbosa gar sebäpli ýapylan ýollaryň açylmagy üçin iş alnyp barylýandygyny, ýagyn sebäpli ekinlerine zyýan ýeten ýaşaýjylara goldaw beriljekdigini belledi. Gubernator sowuk howa akymynyň dowam etmegine garaşylýandygyna ünsi çekip, gaýtadan gar ýagyp biljekdigini belledi.
1 лайков 116 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
nejisje
13 янв 2022, 17:52
Yone su yyla yaganok gar dalimisen
Liwerpul_fc
13 янв 2022, 17:55
Gubernator Miguel Barbosa gowy adam eken cilimkesh
Maksat
13 янв 2022, 18:12
Klimat üýtgeýändir şu ýyl ýagmaýan ýerlere ýagýa Sahara çölünede ýagdy diýip türkhabar görkezdi ýaňy.