"Türksumaklaň" töweregindäki gürrüňler...

Dil bilmek - adamzadyň iň uly artykmaçlyklarynyň biridir. Bir dil bilen bir adam, iki dili bilen bu eýýäm iki dili bilýän adam. Alymlaryň aýtmagyna görä dünýädäki iň owadan dil fransuz dili hasaplanýar. Fransuz diýlende iki zat göz öňüme gelýär. Bu "PSJ" bilen "Eýfel". Ýöne Parijiň özüne-de kembaha garap bolmaz. Russiýanyň beýik perzendi Wladimir Maýakowskiniň: "Ýer ýüzünde Moskwa diýlen şäher bolmadyk bolsady, men Pariž köçelerinde ölmägede razy bolardym" diýen tarypyna mynasyp bolan şäher (Temadan biraz uzaklaşdyk).
Ýöne islendik adam ilki bilen öz dilini, oň grammatikasyny, orfografiýasyny gowy öwrenmelimikä diýýän. Öz diliniň aýratynlygyny, özboluşlylygyny doly özleşdirmedik adam başga dilleri kämil öwrenip biljekdigi şübheliräk biraz.
5-6 ýyllykda bizde "türksumak" (türksüpük) sözi moda bolup ugrady. Käbir ýagdaýlarda bu söz häzirem trentde. Näme üçin türkçe gepleýänler barada şeýle negatiwler ulanylýarka. Özüm barada aýtsam, rus diline simpatiýam uly. Öz dilimiň grammatikasy, ummasyz söz baýlygy bilen içgin gyzyklansamam, kä ýerlerde rus sözlerini ulanmagy gowy görýän. Ýöne iki türkmeniň özüni sowatly görkezmek üçinmi, ýa başga sebäpler boýunçamy özara rusça gepleşişlerini umuman halamok.
Soňky ýyllarda biz islesek, islemesek türk medeniýeti aramyza ynamly ädimler bilen girip geldi. Türk aýdymlary, gepleşikleri, seriallary söýgüli zenanlarymyzyň, hatda käbir erkeklerimiziňem uly gyzyklanmalaryna sebäp boldy. Türk egin-eşik brendleri barada aýdybam oturma'ly, muň özi bir ullakan mowzuk.
Rus dilini halaýanlar sözleriniň arasyna rusça goşup gürleseler geň görenoklar, ýöne türkçe goşaýsaň dat günüňe.
"Türksumak" sözüni ilki bolup kim oýlap tapanam bolsa, döredijiliginde üstünlik arzuw edip, türk dilini halaýanlar barada bir azajyk obýektiw garaýyşda bolsak nähili görýäňiz?
8 лайков 869 просмотров
127комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
11 июл 2022, 15:29
Mümkin
Gepleşigiñ içinde türk bilen tûrkmeni garyp gepleseler ýigrenýän.Rus bilen türkmeni garsalaram ýigrenýän.Gül ýaly dilimiz barka dilimizdäki sözleri ulanalyñ!

"Waşşe bolduňyzaý dilimiziň arasyna dil goşup gürlän bolup"- diýsene bolanna görä :)
Гость
11 июл 2022, 15:30
Granger
Ne oluyo burada. Peçat goýup, gol çekmeli ýerinde aýdaýyňdyr.

Goly özüm çekerin, sen pikiriňi aýt diňe
Mümkin
11 июл 2022, 15:31
Гость,
Şahsdaky gyzlaryñ elinden sypyp teswire gelibilipsiñ bolsa-da :))
Bentner
11 июл 2022, 15:32
Mümkin
Gepleşigiñ içinde türk bilen tûrkmeni garyp gepleseler ýigrenýän.Rus bilen türkmeni garsalaram ýigrenýän.Gül ýaly dilimiz barka dilimizdäki sözleri ulanalyñ!

Kop aytjak bolyan zadyňy tmca aytjak bolsaň uzyn uzyn bolup gitya, ya tmca perewodyny bilman galynya, mena shoncun 2dilem garyp gurlesem ansat bolya, dil bileniň zyyany yok)
Bentner
11 июл 2022, 15:35
Mümkin,
Senem durmushda ors sozleri kop ulanyaň, alynma soz bolup oz turkmen dilimizin sozi yaly bolup giden ors sozler bar, (gitjek yeriň yok 70 yyl bakna bolup yashan yurduň dili oz tasirini yitirenok)
Гость
11 июл 2022, 15:36
Mümkin
Гость,
Şahsdaky gyzlaryñ elinden sypyp teswire gelibilipsiñ bolsa-da :))

Şahsy işlemän dura. Üns berip gör, gyzlaň hiç haýsynyň nastrenýesi ýokdur görseň :)
Pegas
11 июл 2022, 15:39
Bu iki nesliň — rus dilli nesil bilen türk dilli nesliň dawasy ýalyrak bir zat. Rus diline simpatiýanyň bolmagy bir asyrlyk “rus doganlygynyň” netijesi. Rus dili, ýazuwy biziň milli dilimize öwrülip gitdi почти. Bu simpatiýa bize atalarymyzdan, kakalarymyzdan galan miras diýsek hem boljak)
Türk dili bolsa bizde soňky 15 ýyldan bäri has aktiw. Ýöne onuň kemçiligi bize diňe filmleriniň, aýdymlarynyň (az-owlagam birsalym Türkiýede bolup gelenleriň) üsti bilen aralaşmagy. Türk diline bolan simpatiýa 2000-nji ýyldan bärde doglan çagalarda hem esasan gyzlarymyzda bar.
Indi rus diliniň türk dilinden bizdäki artykmaçlygy we peýdasy: ol filmler bilen hem, aýdymlar bilen hem, çeper, ylmy eserler bilen hem, telewideniýa-radio bilen hem, даже ruslar bilen goňşy, obadaş, klasdaş, gullukdaş, är-aýal bolunmagy bilen hem türkmenleriň arasynda doly “agalyk edýär”.
Bentner
11 июл 2022, 15:46
Pegas,
Jaydar bellap gecdiň
Gauzen
11 июл 2022, 15:47
Näme diýseňizem türk diliniňem öz gadyr-gymmaty, çeperçiligi bar. Türk dilinde wariýant kän, sinonim kän, her duýgyň, herekediň manysyny berýän söz bar. Käbir türk sözlerini türkmene terjime etjek bolsaň başga bir zada salgylanmaly bolýar ýa-da şol sözuň doly manysyny berip bilenok. Meselem "Bedel" sözi türkmençede göni şol manyny berýän söz bilemok men-ä. Käbir wariýantlar bar, ýöne "göwnüň suw içenokda".
Pegas
11 июл 2022, 15:50

Ol türkmen dilini ýeterlik bilmeýänimizdenem bolup bilmezmi?)
Mümkin
11 июл 2022, 15:53
Bendtner,
Aýtmañda-da bilýän belañ başynyñ senden turýandygyny :))
Гость,
Kime ýazasyñ gelse teswirde şoñ adynyñ üstüne basyp şahsy hat diýenine girip ýazmaly.Şony edip gördüñmi? Biz mydama-da şeýdip ýazýas.

Bolup biler. Türkmen dilini doly bilýän bolsaňyz, mümkin bolsa aýdaýyň şol sözüň terjimesini(soramak bilmezlikden gowumyka diýýän)
Aymaraljana_a
11 июл 2022, 15:53
Pegas
Bu iki nesliň — rus dilli nesil bilen türk dilli nesliň dawasy ýalyrak bir zat. Rus diline simpatiýanyň bolmagy bir asyrlyk “rus doganlygynyň” netijesi. Rus dili, ýazuwy biziň milli dilimize öwrülip gitdi почти. Bu simpatiýa bize atalarymyzdan, kakalarymyzdan galan miras diýsek hem boljak)
Türk dili bolsa bizde soňky 15 ýyldan bäri has aktiw. Ýöne onuň kemçiligi bize diňe filmleriniň, aýdymlarynyň (az-owlagam birsalym Türkiýede bolup gelenleriň) üsti bilen aralaşmagy. Türk diline bolan simpatiýa 2000-nji ýyldan bärde doglan çagalarda hem esasan gyzlarymyzda bar.
Indi rus diliniň türk dilinden bizdäki artykmaçlygy we peýdasy: ol filmler bilen hem, aýdymlar bilen hem, çeper, ylmy eserler bilen hem, telewideniýa-radio bilen hem, даже ruslar bilen goňşy, obadaş, klasdaş, gullukdaş, är-aýal bolunmagy bilen hem türkmenleriň arasynda doly “agalyk edýär”.

Hmmm dogry
Pegas
11 июл 2022, 15:55
Gauzen
Pegas
Gauzen
Näme diýseňizem türk diliniňem öz gadyr-gymmaty, çeperçiligi bar. Türk dilinde wariýant kän, sinonim kän, her duýgyň, herekediň manysyny berýän söz bar. Käbir türk sözlerini türkmene terjime etjek bolsaň başga bir zada salgylanmaly bolýar ýa-da şol sözuň doly manysyny berip bilenok. Meselem "Bedel" sözi türkmençede göni şol manyny berýän söz bilemok men-ä. Käbir wariýantlar bar, ýöne "göwnüň suw içenokda".

Ol türkmen dilini ýeterlik bilmeýänimizdenem bolup bilmezmi?)

Bolup biler. Türkmen dilini doly bilýän bolsaňyz, mümkin bolsa aýdaýyň şol sözüň terjimesini(soramak bilmezlikden gowumyka diýýän)

Men türkçe bilemog-a)
Gauzen
11 июл 2022, 15:56

Beý diýip sypjak bolmaňda agam :)
Pegas
11 июл 2022, 15:58
Gauzen, çynym, türkçe bilemok. Kinolaryny hem rus dilinde görýän.
Gauzen
11 июл 2022, 15:59
Türkmen diliniňem öz ýerinde gowy sözleri bar. Ýöne türkçänem goşup ikisini remix etseň manysy has jaýdar bolýa (şahsy pikirim)
Гость
11 июл 2022, 15:59
Mümkin
Bendtner,
Aýtmañda-da bilýän belañ başynyñ senden turýandygyny :))
Гость,
Kime ýazasyñ gelse teswirde şoñ adynyñ üstüne basyp şahsy hat diýenine girip ýazmaly.Şony edip gördüñmi? Biz mydama-da şeýdip ýazýas.

Gyzlara özüm ýazamoga )
Gauzen
11 июл 2022, 16:02
Gerek ýerinde ors sözlerini goýup ulanyşyňyz ýaly-da türkçede. Gerek ýerinde goýsaň şol sözüň berýän manysyny başga söz bilen çalşyp bolmaýar. Gaýtam köpräk türk sözlerinden alynma sözlerini alyp ulanyşyga girizmeli meniň pikirimçe. Şeýtseň dilimiz has-da baýlaşar, çeperçiligi artar.
Гость
11 июл 2022, 16:04

Beýtsek "Ene dilimiz" diýen adalgany soň ulanyp bilermikäk?!
Gauzen
11 июл 2022, 16:06

Şu wagta ulanyp ýörsûňiz. Hil bir zat edip gaýtam şu günki gün ulanýan köp sözleriň gadymy "Ene dilimiz"-mi?
Гость
11 июл 2022, 16:07
Gauzen,
Çeperligi artýa diýip başga milletleň sözlerini sözlügmize goşmagy dogry hasaplaýaňmy sen?!
Гость
11 июл 2022, 16:08

Ulanyp ýörüs, ýöne ulananymyzda-da asyl türkmen sözlügi diýip bir zat bar
Gauzen
11 июл 2022, 16:10
Гость
Gauzen,
Çeperligi artýa diýip başga milletleň sözlerini sözlügmize goşmagy dogry hasaplaýaňmy sen?!

Onda ulanmaňda alynma sözlerini. Her bir zady "Ene dilimizde" beýan edeliňdä gepleşik dilinde-de. Rus, iňlis, latyn sözlerini sözlügimize goşanyňda bolýada türk sözlerini goşsaň suwjuklyk bolýarmy?!
Gauzen
11 июл 2022, 16:13
Onnaňam men "alynma söz" edip almaly diýdim. Beý diýdigim jaýyň binýadyny köwüp täzelemek däl-de, tersine beýikligini galdyrmak
Pegas
11 июл 2022, 16:14
Gauzen
Гость
Gauzen,
Çeperligi artýa diýip başga milletleň sözlerini sözlügmize goşmagy dogry hasaplaýaňmy sen?!

Onda ulanmaňda alynma sözlerini. Her bir zady "Ene dilimizde" beýan edeliňdä gepleşik dilinde-de. Rus, iňlis, latyn sözlerini sözlügimize goşanyňda bolýada türk sözlerini goşsaň suwjuklyk bolýarmy?!

Seň diýýän rus, iňlis, latyn sözleň köpüsi aslynda internasional sözler. Umumadamzat sözleri.
Гость
11 июл 2022, 16:15
Gauzen
Гость
Gauzen,
Çeperligi artýa diýip başga milletleň sözlerini sözlügmize goşmagy dogry hasaplaýaňmy sen?!

Onda ulanmaňda alynma sözlerini. Her bir zady "Ene dilimizde" beýan edeliňdä gepleşik dilinde-de. Rus, iňlis, latyn sözlerini sözlügimize goşanyňda bolýada türk sözlerini goşsaň suwjuklyk bolýarmy?!

Sen sözlüge goşaly diýdiň (ýa men şeýle düşündim). Islän adam isleýşiçe islän dilini goşup gürlesin, ol oň öz erki. Şol sözler türkmen sözlügine goşulmasa boldy. Türk sözlerini goşsaň suwjuklyk bolýamy -diýipsiň. Men opşy türk dilini suwjuk dil diýdim we bu meň şahsy pikirim. Senem öz pikiriňi beýan edip bilýäň. Isle orsuňka suwjuk diý, isle latynlaňka
Gauzen
11 июл 2022, 16:15
Rus, iňlis we ş.m. dillerden alynma sözlerini alamyzda şu wagt "Ene dilimiz" bar bolsa, türk dilinden alanyňda hem "Ene dilimiz" durar.
Gauzen
11 июл 2022, 16:19
Гость
Gauzen
Гость
Gauzen,
Çeperligi artýa diýip başga milletleň sözlerini sözlügmize goşmagy dogry hasaplaýaňmy sen?!

Onda ulanmaňda alynma sözlerini. Her bir zady "Ene dilimizde" beýan edeliňdä gepleşik dilinde-de. Rus, iňlis, latyn sözlerini sözlügimize goşanyňda bolýada türk sözlerini goşsaň suwjuklyk bolýarmy?!

Sen sözlüge goşaly diýdiň (ýa men şeýle düşündim). Islän adam isleýşiçe islän dilini goşup gürlesin, ol oň öz erki. Şol sözler türkmen sözlügine goşulmasa boldy. Türk sözlerini goşsaň suwjuklyk bolýamy -diýipsiň. Men opşy türk dilini suwjuk dil diýdim we bu meň şahsy pikirim. Senem öz pikiriňi beýan edip bilýäň. Isle orsuňka suwjuk diý, isle latynlaňka

Hany niresinde sözlüge goşaly diýdim. Bir göz aýla hany

Gauzen on № 79 Şu gün, 16:02
Gerek ýerinde ors sözlerini goýup ulanyşyňyz ýaly-da türkçede. Gerek ýerinde goýsaň şol sözüň berýän manysyny başga söz bilen çalşyp bolmaýar. Gaýtam köpräk türk sözlerinden alynma sözlerini alyp ulanyşyga girizmeli meniň pikirimçe. Şeýtseň dilimiz has-da baýlaşar, çeperçiligi artar.
Bagul_Atayeva
11 июл 2022, 16:20
Massimus
Гость,
Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok.

Gaýtam tersine, owadan, ýakymly eşidilýär şu türk dili

Hakyky. Biziñ gürleýşimizden olaryñky owadan. Yumşak aýdylýa hemem.