Gün ulgamynda 9 sany uly planeta (Merkuriý, Wenera, Ýer, Mars,Uran,Ýupiter, Saturn, Neptun,Pluton) we köp sanly kiçi planetalar bar.Soňky döwürde biziň planetalar sistemamyzdan başga 150 sany planeta tapyldy. Bu planetalaryň her biri Ýupiter ýaly uly planetalardyr. Olaryň arasynda biziň Ýerimiz ýaly kiçi planetalaryň bolmagy hem mümkin diýlip çaklanylýar. Älemdäki planetalaryň jemi belli däl.
В течение последних десяти лет игры на мобильных устройствах пережили заметный подъем популярности и во главе этой тенденции стоит. If you treasured this article and you simply would like to receive more info concerning Jeton: Oyna ve Ödül Kazan nicely visit our own page.
Salam ,Islenen-iň''ölmän,ýitmän ýaşap ýören garry möjekleri .Gowdyra onsoň ýagdaýlarňyz? Bimanyrak blogam gerek arasynda) Kimde näme täzelik?Aýdyp oturyň.
Bilşiňiz ýaly, Ýer togalagynda Ýewraziýa, Afrika, Demirgazyk Amerika, Günorta Amerika, Antarktida, Awstraliýa we Okeaniýa ýaly materikler bar.Ýewraziýa materiginiň tutýan meýdany 54 832 586,Afrikanyňky 30 288 064, Demirgazyk Amerikanyňky 24 196 507, Günorta Amerikanyňky 17 846 017, Antarktidanyňky 13 176 727, Awstraliýa we Okeaniýanyňky 8 945 664 kilometr inedördüldir.
Iň iri kinotoplum Belgiýada ýerleşýär. Brýussel şäherindäki bu kinotopluma 26 kinoteatr girýär. Şol kinoteatrlara 160-dan 700-e çenli tomaşaçy sygýar. Kinotoplumyň 450 orunlyk kinozaly-da bar. Bu kinotoplum birbada 6000 tomaşaçyny kabul edip bilýär.
Munuň ýaly wakalara käte gabat gelinýär. Ukuda ýöremeklik-häsiýetiň belli bir görnüşi bolup,onuň üýtgeşik bir syry ýok. Bu hadysa düşünmek üçin,ilki bilen,ukynyň nämeden döreýändigini bilmeli. Uky adam bedenindäki uzakly günüň dowamynda ýadan organlarynyň hem-de dokumalarynyň dynç alyp,täzeden dikelmegi üçin gerekdir. Şu wagta çenli nädip we näme üçin uklaýandygymyzyň takyk ylmy düşündirilişi
Fiziki-geografik şertleri we gidrologik aýratynlyklary boýunça Hazar deňzi üç bölege-demirgazyk,merkezi we günorta Hazar suwlaryna bölünýär. Onuň has çuň ýeri Günorta Hazar çöketligidir. Onuň ortaça çuňlugy 345 metr bolup,has çuň ýeri 1025 metre ýetýär.
Häzirki döwürde dünýäde 1 milliard 115 milliondan gowrak kompýuteriň internete baglydygy maglumatlarda bellenilýär. Iňlis,hytaý,ispan,ýapon,nemes,fransuz,portugal,koreý,italýan we arap dilleri internetde iň köp ulanylýan dillerdir.
Million alty nolly,milliard dokuz,trillion bolsa on iki nolly sanlardygyny öň bilýän bolsaň gerek. Emma bulardan hem uly sanlar bar.Ine,olar:on bäş nolly sana-kwadrillion,on sekiz nolly sana-kwintillion,ýigrimi bir nolly sana-sekstillion,ýigrimi dört nolly sana-septillion,ýigrimi ýedi nolly sana bolsa oktillion...diýilýär. Amerikan matematigi kastner iň uly sany oýlap tapdy we oňa
Ilkinji çap ediji enjam 1450-nji ýylda peýda bolupdyr. Ony ýasan germaniýaly Gutenbergdir. Ondan öň kitaplar el bilen ýazylypdyr.