U-23. Aziýa. Özbegistan-Türkmenistan, Milli buýsanjymyza janköýerlik edeliň

Häzir göni efirde Özbegistan-Türkmenistan oýuny başlady. U-23. Aziýa. Bu toparçada ýene iki ýygyndy, Katar bilen Eýran 1-1 oýnady. Toparçada lider bolmaga mümkinçiligimiz bar. Oň üçin diňe ýeňiş gerek. Öňe ýigitler, Öňe ata Watan...
6 лайков 231 просмотров
19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
01 июн 2022, 20:40
Belki utaýadyr. öňe türkmen
Massimus
Автор 01 июн 2022, 20:42
Şu oýun gutaransaň, Size ýeňijimiz Esma bilen gyzykly söhbetdeşlik garaşýar.
Merdan
01 июн 2022, 20:57
Haýsy kanaldan görkezýärkä?
Massimus
Автор 01 июн 2022, 21:00
MerdanGeldiyevv,
Özbek telewideniýesinden Uzreport tv-dan, başga kanallary bilmedim dost.
Öwreniji
01 июн 2022, 21:04
MerdanGeldiyevv,
Soň hasaby aýdyň
Massimus
Автор 01 июн 2022, 21:13
1-nji taým gutaryp barýar, häzirlikçe
0-0
#B.S
01 июн 2022, 21:28
Gowja oynady awtobus goyup Ildeshlermiz
#B.S
01 июн 2022, 21:28
Ikinji taymda ustunlik real madrid yaly bir gezek depde bir gol salsalar ;)))
Maksat
01 июн 2022, 21:29
Massimus
1-nji taým gutaryp barýar, häzirlikçe
0-0

Utulmasak bolýa häzir hasap deň bolsa, inniki taýmda oglanlar birzat ederlerle.
Merdan
01 июн 2022, 22:24
Haýý 1-0 utulduga ):
#B.S
01 июн 2022, 22:34
howri kop bolsun yenlishlerin masgaralay biz
Massimus
Автор 01 июн 2022, 22:38
Oglanlar erbet oýnamady, derwezebanymyz Kurtua bolup oýnady, Özbegistan penaltiden gol urup, ýeňişi alyp gitdi. Indi öňde Eýran we Katara garşy has agyr oýunlar garaşýar. Watanymyz abraýy üçin göreşýän ýigitlere diňe üstünlik arzuw edýäs.
Senyorita.
01 июн 2022, 22:40
Salam! Komandamyzyň ady dagy nämekä bilýänler aýdaýyň?!
Öwreniji
01 июн 2022, 23:01
Biziňkilere biraz güýçlije sponsor gerek
Massimus
Автор 01 июн 2022, 23:04
senyorita.,
Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli futbol ýygyndysy
Senyorita.
01 июн 2022, 23:08
Massimus,
Birinji gezek gördüm türkmen futbolistlerini. Özümiziňkini tanamaýas-aý biz. Telewizorda görkezip dursalar-da, ine şeýle-şeýle etdik, şeýle-şeýle futbolistlerimiz bar diýip... Erbed-ä oýnamaýan ekenler.
Massimus
Автор 01 июн 2022, 23:14
senyorita.,
Howwa, şulara menem tanamok, ýöne erbet oýnamady, Özbegistan futboly bize görä has ösen, ýöne ýigitlerimiz barybir soňuna çenli göreşdi, derwezebanymyz tas penaltini gaýtarypdy.
#B.S
01 июн 2022, 23:20
Massimus,
Buffona deneda kommentator waratarymuzy charyyewi mena dine meylis diniyiwi tanayan shu yygyndydaky oyuncylardan
Massimus
Автор 01 июн 2022, 23:26
Khanture,
Howwa, ýöne maňa finaldaky Kurtuany ýatlatdy, azajyk podderžkamy, motiwasiýamy, özlerine ynammy, bir zat ýetmeýän ýaly toparymyza.