Rikardu Kuarežma - ylahy zehine hyýanat eden mega talant...

Futbolçylar köplenç haýsy häsiýetleri bilen meşhur bolýarlar. Ýokary tehnikamy? Ýa yzygider stabil derejede oýnamakmy? Top bilen amala aşyrýan jadyly hereketleri bilenmi? Futbol taryhynyň iň ýokary notasynda ýagny Ronaldo+Messi erasynda "Duel Ro-leo" eýýamynda ýaşaýanlygymyz üçin şu ikisinden galan futbolçylaryň ählisi bularyň kölegesinde galmagy dowam edýär. Bu döwürde Mbapbeň ýokary tehnikasam, Neýmaryň jadyly fintlerem ikinji planda görülmegi geň waka däl. Sebäbi Ronaldo bilen Messi (Hakyky fanatlar üçin bularyň biri futbol şasy, beýlekisem olaryň duşmany. Ýöne bularyň ady mydama bilelikde agzalar. Ronaldu diýen wagtyňyz hökman Messini agzamaga mejbur bolarsyňyz! ýa-da tersine Messi diýseňiz hökman yzyndan Ronalduny aýdarsyňyz) ýokary derejeli futbolçy bolmak plankasyny şu dereje ýokary göterdiler, geljekde haýsydyr bir futbolçynyň bu ikisiniň derejesine ýetmegi gaty kyn mesele.
Kriştianu Ronaldu dünýä futbolynyň taryhyndaky şübhesiz iň gowularyň biri. Emma ýene bir portugal bolan, döwründe oň ady Ronaldudanam meşhurrak bolan. Onuň futbol meýdanynda edýän hereketleri fint ussatlary üçinem arzuw bolan. Butsaň daşky tarapy bilen jerimeden urýan gollaryny ýene kim urup bildi taryhda, aýdyň hany? Bu ýyldyzyň doly ady Rikardu Andrade Kuarežma Bernardu. 1983-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Lissabonda doglan bu adatdan daşary zehin futbolçylyk karýerasyny 2001-nji ýylda Sportingde başlaýar. 2002-2003-nji ýyllar aralygynda toparyň esasy düzüm futbolçysyna öwrülýär. Eýýam şol wagtlar bu ýigidi futbol älemi ykrar edipdi. 2003-nji ýylda bu ýaş ýyldyzy Barselona öz düzümine goşýar. Katalon futboly ondan beýik geljege garaşýar, emma super zehin özünden garaşylan netijelere, özüne edilen uly ynama türgenleşiklere gelmezlik, öz tehnikasynyň üstünde işlemezlik we iň soňunda eger Barsa tälimçi Frank Raýkerdi wezipesinden kowmasa umuman oýunlara düşmezlik ultimatumy bilen jogap berýär. Barsada parlap bilmedik bu ýalta, işýakmaz zehin ýene Portugaliýa, bu gezek Portu toparyna gelýär. Soň Interde, Çelsi, Beşiktaş, Al Ahli, ýene Portu, ýene Beşiktaş, Kasympaşa toparlarynda oýnaýar. Soňky iki möwsümini bolsa Portugaliýanyň Witorio Gimaraýeş klubynda oýnady. Häzirki wagta erkin agent hasaplanýan bu ýigit hiç bir klubynda-da öz zehinini ösdürmek, has-da gowy bolmak barada umuman alada etmedi. Ýogsa oýnan klublarynyň köpüsi ýöne-möne klublar däl. Ony mydama ýyldyzlyk keseli, ýaş wagtlary dünýä futbolynyň iň gowy futbolçysydygy baradaky portugal metbugatynyň makalalary yzarlap gezdi. Ol bu öwgülere has berilip futbol ummanynda gark bolan bir gämiçä meňzeýär. Özüniň doly potensialynda oýnanda futbol äleminiň iň naýbaşylarynyň biri bolup biljek bu futbolça hem-ä geň galýan, hemem erbet ýüregim awaýar.
Gözümiziň öňünde Kriştianu Ronaldu Hudaýyň beren zehinini her gün çarhlap, ony gün-günden ösdürmäge synanyşýarka, ýene mega talant Rikardu Kuarežma bolsa gün geçdigiçe hiç bir futbolça berilmedik özündäki ylahy zehine hyýanat etmegini dowam edýär...
4 лайков 182 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
12 июл 2022, 19:04
Hut Ronaldo'ny Ronaldo eden zadam şol durnuklylyk-da!
Edil tema degişli dälem bolsa aýdaýyn: men Ronaldo, Real fanady bolsamam, hiç haçan Barcelona, Messä gyýa göz bilen garamadym. Gaýtam, Barca'ň, Messi'ň geçiren soňky kyn günlerine çynym bilen ýüregim awady. Fanatlygy unudyp, deň guwanýan şulara.
Massimus
Автор 12 июл 2022, 19:08
Pegas,
Hut Ronaldo'ny Ronaldo eden zadam şol durnuklylyk-da!
Edil tema degişli dälem bolsa aýdaýyn: men Ronaldo, Real fanady bolsamam, hiç haçan Barcelona, Messä gyýa göz bilen garamadym. Gaýtam, Barca'ň, Messi'ň geçiren soňky kyn günlerine çynym bilen ýüregim awady. Fanatlygy unudyp, deň guwanýan şulara.

++++++++++
Lette
12 июл 2022, 19:14
(Hakyky fanatlar üçin bularyň biri futbol şasy, beýlekisem olaryň duşmany. Ýöne bularyň ady mydama bilelikde agzalar. Ronaldu diýen wagtyňyz hökman Messini agzamaga mejbur bolarsyňyz! ýa-da tersine Messi diýseňiz hökman yzyndan Ronalduny aýdarsyňyz)

Hakyky futbol fanadynyn (isle C.Ronaldo isle Messi isle basga oyuncy fanady bol tapawudy yok (men Drogba fanady)) sozleri...
Moledes Massimus
Massimus
Автор 12 июл 2022, 19:21
Lette,
Hakyky futbol fanadynyn (isle C.Ronaldo isle Messi isle basga oyuncy fanady bol tapawudy yok (men Drogba fanady)) sozleri...
Moledes Massimus

Şu ikisiniň fanatlary üçin diýjek bolupdym, düşüneniňize sag boluň, meňem dostlarymyň köpüsi Çelsä balet edýär we olaryň kumirem, elbetde Drogba. Özüm-ä kän halamok şu oýunçyny ýöne Çelsiň hakyky janköýerleriniň ýüreginde ýaşaýan beýik futbolçy.
Lette
12 июл 2022, 19:26
Massimus
Lette,
Hakyky futbol fanadynyn (isle C.Ronaldo isle Messi isle basga oyuncy fanady bol tapawudy yok (men Drogba fanady)) sozleri...
Moledes Massimus

Şu ikisiniň fanatlary üçin diýjek bolupdym, düşüneniňize sag boluň, meňem dostlarymyň köpüsi Çelsä balet edýär we olaryň kumirem, elbetde Drogba. Özüm-ä kän halamok şu oýunçyny ýöne Çelsiň hakyky janköýerleriniň ýüreginde ýaşaýan beýik futbolçy.

Elbetde, Messi bn Ronaldony hem halamayanlar bar. Kabirleri pikir etyar Ronaldony halamayanlar Messi fanady dp yada tersine. Aslynda ikisini halamayanlar (yagny her hili sebabe gora, yagny dine futbol zonasyndan dasyna cykman, dusunensinle)
Dogrusy ikisinin oyuny men ucina adaty bir zat. Emma guycli oyuncydyklaryna sozum yok. Belki blues bolanlygymdandyr.
Drogbany blues legend bolmagynda Mourinoinyn roly uly. Belki basga talimci ya basga komandada bolan bolsa bolmazdam.
Massimus
Автор 12 июл 2022, 19:43
Lette,
Elbetde, Messi bn Ronaldony hem halamayanlar bar.

Bu tebigy, elbetde, Pegasyň bir gowy sözi bardy: "O wkusah ne sporýat" diýip.
Yusup
12 июл 2022, 22:47
Chelsi diysem birinji goz onume Lampard gelyar. Drogbada gowy oyunchy. Yone 2008daki finaldaky goly oz ejesinin ruhuna bagsh edipdi Lampard. Sho un Lampard men un
Yusup
12 июл 2022, 22:49
Guareshma yalnyshdy yone. Chelsa d has oz peydalysyna gecmelidi. Hulkyn Portodan Zenide gecip oz ukubyny yitirshi yaly bulam yitirdi