Saud Arabystan Messi bilen gyzyklanýar

Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” topary Argentinanyň ýyldyzy Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň hüjümçisi Lionel Messi bilen gyzyklanma bildirýär we oňa ýyllyk 330 million ýewrodan az bolmadyk möçberde şertnama hödürlemäge taýýardygyny mälim edýär. Bu barada ispan gazetleri habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, ozal hem habar berşimiz görä, Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” topary 2025-nji ýyla çenli “Altyn pökgi” baýragyny 5 gezek gazanan portugal ýyldyz Kristiano Ronaldo bilen şertnama baglaşypdy. Onuň şertnamanyň möçberi 200 million ýewro barabardyr.

Başga bir saud topary portugal futbolçynyň şertnamasyndan has ýokary möçberde şertnama bilen Messini satyn almagy göz öňünde tutýar.

Neşiriň habar bermegine görä, Messiniň topara çagyrylmagyna Saud Arabystanynyň hökümeti hem gyzyklanma bildirýär. Bu iki futbolçynyň Saud Arabystanynyň milli çempionatynda çykyş etmegi has köp syýahatçy çekmäge hem-de 2030-njy ýylda Saud Arabystanynyň Müsür we Gresiýa bilen bilelikde dünýä çempionatyny geçirmegine oňyn täsir etjekdigi bellenilýär.

Messi 35 ýaşynda we 2021-nji ýylyň tomsundan bäri “PSŽ” toparynyň düzüminde çykyş edýär. 2003-2021-nji ýyllar aralygynda “Barselona” toparynda çykyş eden Messi 7 gezek “Altyn pökgi” baýragynyň eýesi we Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň çempionydyr.

Çeşme: AtavatanTürkmenistan.com
1 лайков 188 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
14 янв 2023, 14:46
edil shu wagtlar:a ikisininem dine ady bar, tayyn ashyn eyesi bolup oyun gorkezyarler, kosenip esasy oyuny gorkezyan oyunchylaryn pasy bn gol ataymasalar, ozleri janygyp ylgap yorenoklar topun yzyndan...
Kerbaba
14 янв 2023, 15:41
Пулы копун оюны коп.Арапларам ,, оюндан дашардакы" ягдайда херекет этмане окделап барярлар..
Perman Izakow
14 янв 2023, 17:30
Bäh düýn 300mln dip okapdym galypdyr bahasy.
Perman Izakow
14 янв 2023, 20:13
INDEM 350MLN BOLDY ???
Ependi
14 янв 2023, 22:41
Araplar hak edýär, sporty, syýahaty ösdürmek üçin o pul näme olarda. Ýogsada, Katardaky oýunda Messiň komandasy utuldam dälmi Arabystandan. Ronaldony aldylar, munam bilmedim. Olar üçin bular oýnadam bir, oýnamadam. Sostawynda ylgasa bolany. At-abraý üçinem soňky nesillere reklama. Hemde, futbola ünsi beýgeltmek. Messi gelermikä, menä geler öýdemok.
Ahmall
Автор 15 янв 2023, 07:51
Ependi,
350 milýon ýewro baha ýene de gelmese meñ pikirimçä lyk bolýar edýän zady. Ozalky alýany 100 milýon yewroda ýetenok.
Ahmall
Автор 15 янв 2023, 07:51
Sаmsyklyk*
Ependi
15 янв 2023, 13:53
@Ahmall, seňkem ahmal. Barselona kluby Messini çagalygyndan nähili ýetişdirdi. Adam edensoň, pandemiýa döwri Barselonada krizis geldi. Messä uly summada hak töläp bilmejekdiklerini aýtdylar. Olam gadryny gaçyrmajak boldumy, nämemi, pes aýlyga razy bolman gitdi. Gidende aglap gitdi. Şonda Messi Barselona üçin galsada bolarmydy?

Indi ýokarky teswirime ynandyňmy? Asla beýle däl. Barselona Messini satmak kararyna geldi, krizis sebäpli. Özüne galsa ol oýnajakdy. Ol şeýle ýolam saýlady, klubunyň çökmegini islemedi.

Arabystana barmagy mümkin, ýöne, nähili düşündirsemkäm. Ýene, ýewropada oýnanyn gowy görer. Aslada bu wagt, dünýä ýyldyzynyň çür depesine çykan wagty.