Ronaldunyň Türkmenistana gelmek ähtimallygy näderejede?

Kriştianu Ronaldunyň uly şowhun bilen Aziýa yklymyna ýol almagy dünýä jemgyýetçiliginde uly gowur turuzdy. Köpler futbolçynyň bu transferine «yza ädilen ädim» diýse, ýene-de bir tarap bu wakany «Aziýa futbolyndaky uly galkynyş» diýip atlandyrýar. Elbetde, biz Aziýa yklymynda ýerleşenimiz üçin, deliliň ikinjisi gulaga ýakymlyrak eşidilýär. Ýöne bu makalada biz öz penjirämizden seretmegi, has dogrusy, bu wakanyň türkmen futbolyna edip biläýjek täsiri hakynda pikirleri paýlaşmak isledik.

Ronaldunyň Türkmenistana gelmek ähtimallygy…

Indiki möwsümde Aşgabadyň «Ahal» topary Aziýanyň çempionlar ligasynda çykyş eder. Bilşimiz ýaly, bu ýaryşda Saud Arabystanynyň toparlary hem çykyş edýär. Biziň yklymymyzda çempionlar ligasynyň iki sebite (zona) bölünip geçirilýändigi ähtimally garşydaşlaryňy kesgitlemäge ýeňillik döredýär diýip bolar. Meselem, Awstraliýa, Ýaponiýa ýa-da Günorta Koreýa ýaly ýurtlaryň toparlary Aziýa yklymynda ýerleşýänem bolsa, Günorta sebitden orun alýandygy sebäpli, türkmen toparlary bilen tä finala çykýança hiç hili ýagdaýda duşuşyp bilmez. Emma Saud Arabystanynyň toparlary bolsa biziň sebitimizde, ýagny Günbatar sebitde ýerleşýär. Galyberse-de, bije çekilişik üçin sebetlere paýlanyşyk bolanda hem, toparlar öz deňeçerleri bilen bir sebede düşerler. Ýadyňyzda bolsa, geçen ýyl «Ahal» topary Özbegistanyň, Iordaniýanyň, Hindistanyň we Täjigistanyň toparlary bilen bir sebetden ýer alypdy. Geliň, şony ýatlalyň:

• 1-nji sebet: «Al-Sadd» (Katar), «Al-Hilal» (Saud Arabystany), «Fulad Huzestan» (Eýran), «Al-Jazira» (BAE), «Al-Duhaýl» (Katar).

•  2-nji sebet: «Al-Faýsali» (Saud Arabystany), «Sepahan» (Eýran), «Şabab Al-Ahli Dubaý» (BAE), «Al-Raýan» (Katar), «Al-Şabab» (Saud Arabystany).

•  3-nji sebet: «Pahtakor» (Özbegistan), «Al-Wehdat» (Iordaniýa), «Mumbai Siti» (Hindistan), «Istiklol» (Täjigistan), «Ahal» (Türkmenistan).

•  4-nji sebet: «Eýr Fors» (Yrak), «Al-Taawun» (Saud Arabystany) — «Al-Jaiş» (Siriýa) jübütiniň ýeňijisi, «Baniýas» (BAE) — «Nasaf» (Özbegistan) jübütiniň ýeňijisi, «Şarja» (BAE) — «Al-Zawraa» (Yrak).


4-nji sebetdäkileriň saýlama ýaryşdan goşulmalydygyny (her halda Ronalduly topar meseläni saýlama ýaryşa goýup oturmaz diýen çaklama bilen)  göz öňünde tutup, diňe ýokarky iki sebet hakynda pikir ýöredeliň. Görşümiz ýaly, bu ýerde Katar, Saud Arabystany, BAE, Eýran ýaly ýurtlaryň toparlary bar. Has dogrusy, eger «Ahal» ýaryşa 3-nji sebetden goşulsa, 1-2-nji sebetden toparçamyza goşuljak topar uly ähtimallyk bilen, şu 4 ýurduň wekilleri bolar. Bu ýagdaý bolsa bize «Ahalyň» Ronaldunyň çykyş edýän  «Al-Nasr» topary bilen bir toparça düşmek ähtimallygynyň barlygyny aýtmaga esas bolup biler. Eger şeýle bolsa, onda Kriştianu Ronaldu öz topary bilen Aşgabada gelip biler we öz meýdanlarynda hem türkmen topary bilen garşylaşar.

Ronalduly transfer türkmen futbolyna nähili bähbit getirip biler?

Elbetde, bu transfer tutuş Aziýa futbolyna, şol sanda türkmen futbolyna-da bähbitli bolar. Meselem, ýokarda belleýşimiz ýaly, Kriştianunyň Aziýa çempionlar ligasynda çykyş etmegi bilen, biziň yklymymyzyň ýaryşyna dünýä derejesinde tomaşa edilişi, edil häzirki wagtda «Al-Nasryň» internet sahypasyndaky abunaçylarynyň millionlap köpelişi ýaly has-da köpeler, «Al-Nasryň» çykyş etjek oýunlaryna tomaşa etjekleriň sanam görnetin artar. Bu ýagdaý öz-özünden Aziýany Ýewropa baglaýan köpri wezipesini ýerine ýetirer. Aziýa çempionlar ligasynda çykyş edýän ýaş zehinli futbolçylaryň, şol sanda ildeşlerimiziňem dünýäniň abraýly toparlaryndan çakylyk almak mümkinçiligini giňelder. Meselem, geçen ýyl «Al-Garafa» toparynda çykyş edip, çempionlar ligasynda «Ahala» garşy oýun alyp baran futbolçylaryň käbiri Katar milli ýygyndysynyň düzüminde Dünýä çempionatyna gatnaşdylar. Şol futbolçylary öz düzümine goşmak isleýän ýewropaly tälimçiler futbolçyny öwrenmek üçin, hökmany suratda «Ahalyň» liga çempiondaky Katar toparyna garşy geçiren oýnuna tomaşa etmeli bolarlar. Bu ýagdaýyň ildeşlerimiziňem göze ilmegine getirjegi öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Umuman aýdanyňda, Ronalduly transfer biziň yklymymyza täze bir transfer sergisini alyp geldi diýseňem bolar.

Nostalgiýa…

…«Al-Nasr», haýsydyr bir dünýä futbolynyň ýyldyzy., türkmen topary., 60 000 janköýer., Barselonadan gelen myhmanlar, agamyň sus keşbi., ak-gara reňkli telewizor… — bularyň hemmesi bir wagtyň özünde edil kino lentasy ýaly göz öňümden geçip gitdi. Janly taryh göz öňümde edil köne kinolardaky ýaly, az sanly reňkde tolkun atdy…

1998-nji ýylda AFK-nyň kubogy ýaryşynda çykyş edýän «Köpetdag» ýarym finalda  Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparyna garşy oýnamaly bolýar. Ýarym finala çenli Özbegistanyň «Nebitçi», Gazagystanyň «Kaýrat» we Yragyň «Al-Şorta» toparlaryny yzda galdyran Täçmyrat Agamyradowyň tälimçilik edýän topary ýarym finaly Saud Arabystanynda merkezleşdirilen görnüşde oýnamaly bolýar.  «Al-Nasr» ýaryşda ýeňiş gazanmak üçin iki oýun oýnar ýaly (şol döwür şeýle transfere rugsat berilýärdi) — «Barselonanyň» ýarym goragçysy Hristo Stoiçkowy çagyrýar. Öz döwrüniň taýsyz ýyldyzy arap toparynyň düzüminde «Köpetdaga» garşy meýdana çykýar. Barselonadan we dünýäniň köp ýerinden ýörite gelen janköýerleri öz gujagyna jemlän 60 000 adamlyk stadion dolup daşýar. Ildeşlerimiz bu oýunda 1:2 hasabynda ýeňlişe uçrasa-da, güýçli garşydaşa garşy mynasyp çykyş edipdi. Oýnuň heniz 5-nji minudynda Hristo Stoiçkowyň depen penaltysyny derwezeçimiz Ýewgeniý Naboýçenkonyň gaýtarmagy şol döwür tutuş dünýäniň neşirleri üçin esasy tema öwrülipdi…

Hawa, «Al-Nasr» öz wagtynda Stoiçkowy düzümine goşup, «Köpetdaga» garşy oýnapdy, indi Ronalduny öz hasabyna goşupdyr, belki-de, geljekde bu topar ýene bir gezek türkmen toparyna garşy oýnamagy meýilleşdirýändir?!

…Her näme-de bolsa, Ronaldunyň transferi uly ýaşly janköýerleri hyýalda bolsa-da, «Köpetdagyň» «azy ýarýan» döwrüne dolady. Ýöne bu täze çaklamalary esaslandyrmaga bir delil bolup biler. Sebäbi biz «Al-Nasr» hem onuň dünýäni haýrana goýup çagyran ýyldyz futbolçysy bilen öňem oýnap görüpdik, hut şol sebäpdenem, bu biziň üçin bolup bilmejek waka däl…


SalamNews-iň sport synçysy
10 лайков 231 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
12 янв 2023, 20:05
menem şuny oýlapdym.
Ahmet
13 янв 2023, 03:45
Ýalňyşlyk bilen dislike basyldy, näme-de bolsa şonda-da like basyp bolýan eken :)
Pegas
Автор 13 янв 2023, 07:18
Futbolçy Madridiň “Real”-ynda oýnaýan wagty gazanan Altyn toplarynyň birini satdy. Bu barada “The Sun” gazeti habar berýär. Ondan gelen pullaryň ählisini Ronaldo garyp çagalaryň saglygyny dikeltmek üçin haýyr-sahawata bagyşlar.