"Ölme eşegim, ýaz geler"...

Türkmenistan Milli ýygyndysy futbol boýunça Dünýä çempionatyna çykmak mümkinçiligini eýýäm näçinji gezek bellenilen wagtyndanam ir elden gidermegini "uly abraý" bilen dowam edip gelýär. "World Cup-2026" indi biz üçin asla amala aşmajak arzuw.
Şu gün milli ýygyndymyzy stadiondan goldap bilmeýändigime gynanyp otyrkam, ýurdumyzyň ýeke-täk "Türkmenistan sport" teleýaýlymy biziň üçin günüň iň esasy sport wakasyny däl-de başga bir "möhüm" gepleşigi efire bermegi netijesinde ýene bir gezek "persian sports" kanalynyň düşnüksiz komentatoryny diňlemäge mejbur bolduk.
"Näillow Alladdin" diýip garşy alan pars goňşularymyz bizden tapawutlylykda "goňşokara" boş gelmän eken. "Nätdi şujagaş ýeri" diýip ýekeje bolsada gol getiripdir.
Aý, "alyp utanandan, berip utandyr, aýdaýözüň" diýäýdi öýdýän goňşular.
Utuldyk, zyýany ýok, indikide utarys diýen sözler bilen eýýäm näçinji gezek özümize teselli berýäris.
Dogry, futbol diňe ýeňişlerden ybarat däl, düşünýäs, ýöne ol diňe ýeňilmekdenem ybarat dälmikä diýýän.
Haçan biz futbol oýnamany öwreneris, haçan milli ýygyndymyzyň oýnuna walidolsyz, korwalolsyz, diňe gök çaý içip tomaşa ederis. Haçan eýranlylar, özbekler, koreýler bize garşy oýnanda arkaýyn 2-nji, 3-nji sostawy bilen däl-de iň saýlama düzümi bilen aýaklary saňňyldap geler.
Bu gün biziň düzümimizde bir wagtlar super gol bilen "günüň dogýan ýurduny" gorkudan bil silkindiren, biçäre derwezebanyň entegem düýşlerine girip ýören Arslanmyrat Amanow iň ýokary baly (3.0) eýeledi.
Eýranyň düzüminde bolsa iň pes bal alan oýunçyň görkezijisi hem biziň kapitanymyzyňkydan ýokary.
Oýun barada aýdylanda bu gün erbedem oýnamadyk, ýöne gowam oýnamadyk. Mümkinçilikler boldy, peýdalanyp bilmedik. Peýdalanylmadyk mümkinçilikler goňşylarymyzda-da köp boldy.
Derwezebanymyz bir, iki gezek arassa goldan halas etdi, ýöne alaýmaly topy welin derwezesine goýberdi.
Şowsuzlykmy ýa soňsuzlykmy?
"Beýik adamlar nirede olara mätäç bolsalar şol ýerde dogulýar" diýýärler. Şu ýerde doglan Gurban Bekiýewiçi synap görmäge wagt bolmadymyka?!
3 лайков 163 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
27 мар 2024, 09:43
Türkmen Sport kanaly Türkmen TV programmasynyň üsti bilen açyl garaşyp otyrn. Oýnuň 6 minidy geçip gitdi. Onnoň kompýutrmi açdymda eňdim VK.com rus saýtyna Vital Sports kanalyny açyp 100 rublymy töläp Türkmenistan - Eýran oýnuny görüp başladym. Ýürek pahyram 190 bilen güsürdäp urýa... Oýuna seredýän welin biziň futbolçylarymyzyň tizligi 0.25x ýaly...
Jacksparro
27 мар 2024, 10:41
Khanture, häk köpeý oglan futbolam gorýäňmi sen?
Jacksparro
27 мар 2024, 10:42
Khanture, häk köpeý oglan futbolam gorýäňmi sen?
Jacksparro
27 мар 2024, 10:45
Khanture, häk köpeý oglan futbolam gorýäňmi sen?
Jacksparro
27 мар 2024, 10:45
Khanture, häk köpeý oglan futbolam gorýäňmi sen?
Jacksparro
27 мар 2024, 10:45
Khanture, häk köpeý oglan futbolam gorýäňmi sen?
Jacksparro
27 мар 2024, 10:45
Khanture, häk köpeý oglan futbolam gorýäňmi sen?
Jacksparro
27 мар 2024, 10:45
Internet düýeleýärmi ýa men ?
#B.S
27 мар 2024, 11:25
JackSparro, köşöşow akgam
Kerbaba
27 мар 2024, 14:26
Команданы дуйпден тазелемели. Оюнчыларын барсыны бир обадан , ягны Mäne-Çäçe обаларынын огланларындан топламалы. Шонда öñe гидишлик болар.
Mokujin
27 мар 2024, 19:22
Meniň pikirimçe Gurban Berdiýew gelmez
Mokujin
27 мар 2024, 19:23
Aslynda mesele tälimçide däl. Mesele köp haýsy birini dile getirmeli ..
Nurmuhammet
27 мар 2024, 22:28
Tä kicilikden futbol oynap gelyan guycli oglanlar bar, olarda talant ba yone suyreg yok. Sonyaly oglanlardan yygnasan gowy komanda duzulyar
Jacksparro
28 мар 2024, 03:03
nurmuhammet, Sport-sport diýip gygyryşýanlar-a şeý diýäýseň ''Özümiz bileris, işiň bolmasyn!'' diýjekleri görnüp dur. Şoň üçinem ''Maňa näme?'' diýip geçäýmeseň... ?