Iki gyzym iki yerden...

Gyzlarym Ýazgül bilen Arzygüle.

Iki gyzym iki ýerden
Goýýar meni uly derde.
Stol, kagyz, galam, çaýym
Barysy bireýýäm taýyn,
Goşgy barýar, ýöne yzyn
Ýazdyranok iki gyzym.
Meň gapymy biri açýar,
Beýlekisi ýapyp gaçýar.
Bakman ýazan zatlaryma,
Oýun düşýär ýatlaryna.
Gazaba münýän-de ine,
Düşýärin men ökjelerine.
Gülýär, bökýär, göçýär olar.
Gaçýar, gaçýar, gaçýar olar.

Diýýärin: «Depäme çykmaň,
Soň geläýiň, içim ýakmaň!»
Emma ýene ses eşdilýer,
Mylaýymyň mylaýymy:
«Kaka indi geläýinmi?»

Gygyrýan: «Gulagňyz kermi,
Bar işim boldy biderek!»
...Mendenem bir şahyr bormy?
Häzir goşgy nämä gerek!
G.Ezizow.
4 лайков 156 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
Автор 05 ноя 2021, 23:14
Bize menzes ekeni gyzlary:)))))
Ýury
05 ноя 2021, 23:25
Meñ çagalam bir maña meñzemesin....
DonMaxx
06 ноя 2021, 02:03
G.Ezizow diyami awtory name
Aýnur
Автор 06 ноя 2021, 07:02
DonMaxx,
Howa
Döwlet Şöhradow
06 ноя 2021, 09:28
Minuslar dagy name namee
Ýury
06 ноя 2021, 09:29
Aynur angel
Hiçkim like goýmandyr....
Mendeb like
Aýnur
Автор 06 ноя 2021, 09:41
Цитата: sᴛᴀᴛᴇ
Minuslar dagy name namee

Men yazmadym G.Ezizowynky diyip dur towa icigaralar barow
Aýnur
Автор 06 ноя 2021, 09:42
geçip barýaka sowlan,
Yo hicle menki dal gosgy senem displike goyaymaly ekenin
Ýury
06 ноя 2021, 09:47
Aynur angel gördiñmi gyz
Aýagym düşdi ýene biri like goýupdyr.....
Aýnur
Автор 06 ноя 2021, 10:03
geçip barýaka sowlan
Ayyy bolyalay gorupler olsun disiplike bilen kemelemok