MUGALLYM
MUGALLYM
Seniň mertebäňe,
Seniň sarpaňa
Hemişe höwesli hyrydar boldum.
Seniň mertebäňden,
Seniň sarpaňdan
Men görelde aldym, eziz mugallym.
Belki-de, taryha nazar aylasaň,
Mugallym sözünden uly söz ýokdur.
Häsiýetlere belet gözler daylasan,
Mugallym gözünden ýiti göz ýokdur.
Yüreklerde arzuw baryn döredip,
Näçe kyn bolsada,
Dözüp janyna,
Basgançak-basgançak göterip baryaň.
Bilimleriň belent merdiwanyna.
Käte gyzyl-gyran güldiryä seni,
Kä maňlaýda goýýa gasynly yzlar
Öz gözüň alnyndan uçurym bolyan
Garagol oglanlar
Garagol gyzlar.
Sen-ata,
Sen-ene,
Sen-mähirli dost.
Ömürler ömürlik minnetdar saňa
Dünyä durdugyça yoldaş Mugallym,
Dünyäden zyýada söýgi bar saňa.
Okeýan yoly-da,
Aýyň yoly-da,
Äleme aýandyr,
"A"dan başlanýar
Her caga her harpy öwretmek üçin,
Bir günde gör näçe nerwi harçlanyar.
Ony diňe özüň bilýäň Mugallym.
Ýok, men hata etdim,
Nesiller bilÿä
Şol sebäplem ak mekdebe körpeler
Elleri al-ýaşyl çemenli gelýä.
Körpeler al-ÿaşyl çemenli gelýä
Saňa gül getirýä ata-eneler.
Mugallymyň belent mertebesini
Beýgeldip barýandyr şanly seneler.
Seniň mertebäňe,
Seniň sarpaňa
Hemişe höwesli hyrydar boldum.
Uzak menzillere aydyň ýol açýan zehiniň ýitelsin
Eziz mugallym!
Ata ATAJANOW
Seniň mertebäňe,
Seniň sarpaňa
Hemişe höwesli hyrydar boldum.
Seniň mertebäňden,
Seniň sarpaňdan
Men görelde aldym, eziz mugallym.
Belki-de, taryha nazar aylasaň,
Mugallym sözünden uly söz ýokdur.
Häsiýetlere belet gözler daylasan,
Mugallym gözünden ýiti göz ýokdur.
Yüreklerde arzuw baryn döredip,
Näçe kyn bolsada,
Dözüp janyna,
Basgançak-basgançak göterip baryaň.
Bilimleriň belent merdiwanyna.
Käte gyzyl-gyran güldiryä seni,
Kä maňlaýda goýýa gasynly yzlar
Öz gözüň alnyndan uçurym bolyan
Garagol oglanlar
Garagol gyzlar.
Sen-ata,
Sen-ene,
Sen-mähirli dost.
Ömürler ömürlik minnetdar saňa
Dünyä durdugyça yoldaş Mugallym,
Dünyäden zyýada söýgi bar saňa.
Okeýan yoly-da,
Aýyň yoly-da,
Äleme aýandyr,
"A"dan başlanýar
Her caga her harpy öwretmek üçin,
Bir günde gör näçe nerwi harçlanyar.
Ony diňe özüň bilýäň Mugallym.
Ýok, men hata etdim,
Nesiller bilÿä
Şol sebäplem ak mekdebe körpeler
Elleri al-ýaşyl çemenli gelýä.
Körpeler al-ÿaşyl çemenli gelýä
Saňa gül getirýä ata-eneler.
Mugallymyň belent mertebesini
Beýgeldip barýandyr şanly seneler.
Seniň mertebäňe,
Seniň sarpaňa
Hemişe höwesli hyrydar boldum.
Uzak menzillere aydyň ýol açýan zehiniň ýitelsin
Eziz mugallym!
Ata ATAJANOW
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.