Käbir manysyz rep sözlerine tankyt

Biziň reperlarymyzyň köpüsiniň gaty pes düşünjelidigini köpümiz bilýäris. Käbir reperlaryň sözleri gaty manysyz. Geliň onda ol sözlerden käbirlerine degip geçeliň.
Birinjimiz "Yomut Balasy" atly gyzyň "Her gün ölüme ýakyn" diýen aýdymynyň sözlerinden :

"Biri söýgüden ýanan, biriniň jüwsi boş,
Beýlekisiniň şerap-arakdan keýpi hoş.
Näme üçin dünýäde deňsizlik höküm sürýär?"

Men bir zada düşünemok, näme üçin umuman hemme reperlaryň esasy temasy durmuşdan ýanmak barada ? Ýaşy kiçijegem welin durmuşa degişli maslahat beren bolup durlar. Näme ýaşadyňyz şolar ýaly ? Bakyň, eýýäm gaty köp gezek gabat geldim. Durşuna şo bir zat.
Biri söýgüden ýananmyş, biriniň jüwsi boşmyş. Biriniň jüwsi boş bolmagy gaty üýtgeşik zatmy ? Bolman hemmäniň jüwsi doly bolup durmaza, söýgüden ýanmak ýaly zada agzabam oturjak däl. Dünýäde deňsizligiň höküm sürmegi gaty adaty zat. Bu tebigatyň kanuny. Hemme kişi deň şertlerde dogulanok. Hemme kişi deň bolsun diýmek gaty düşünje. Lenini tanaýansyňyz, we eden işlerinem bilýänsiňiz. Kanunyň we hakykatyň işini gören biri. Deň tutjak boldy, eýsem öldürilmedimi ençeme adam, ençeme adamyň haky alynmadymy ? Ol ganly döwürler barada bileňzok öýtýän. Ýat tur şu günüňe şükür et.
Indiki sözde aýdymymyz bolsa "Bilenokmy", munyň sözleri has agyr.

"Su*a men ejeňi s.......m
Sen ýaly oglum bolsun diýip"

Umuman "Bilyanm" atly zehin hassasy haram çaganyň nähilidigini köpümiz bilýändiris. Hiç bir şekilde hormaty bilmeýän bu kişiniň sözlerini ula göterseler kanun öňünde jogap bermeli bolar. Sebäbi ynanylmaz derejede erbet sözler we ýene onlarça şular ýaly aýdymy bar. Bakyň yzy mundanam beter.
Ilki bilen öňem aýdyşym ýaly adaty zatlar köp tutanok, şonuň üçin gabat gelinmeýän we adaty bolmaýan zatlara baş goşmaly bolýar. Adaty däl zatlaram köp üns çekýäni üçin kişi şol ýollara baş goşýar. Bu ýigrenji ynsanyňam bary meselesi şol. Ikinjidenem şuny köp agzasym gelenokdy. Sebäbi bular ýalylaryň nähilidigini hemmämiz bilýäris, we özümem agzamakdan UTANÝAN ynanaýyň. Ýöne gaty çenden çykdy.
Üçünjidenem sen kiçi biri däl ynsan, birazajyk özüňe hormatyň we sylagyň bolsun. Iň azyndan enelere hormatyň bolsun. Ejäni ulanmak seni üýtgeşik biri edenok. Muny ýörite bir aýdym üçin etmegiň gaty gynandyrýar. Sen kim bolup bir şahsyýetiň ene-atasyna kirli diliňi uzatýaň ? Sen hukugyň barmy beýle zat üçin ? Akyla mätäç binamys erkek, sen hiç kim ynanaý, HIÇ KIM. Ýönekeýje zibil sen.
Soňam erkek adam biraz agras bolar, aýdymlarynda -sumsuk "hahahalar" bilen mukaddesleri ýere çalyp ýörmez. Şuny saňa düşündirjek bolýanyma ynanyp bilemok. Intek düşünersiň ýigrenji kişilik, ýada ynan biri düşündirer. Dünýäniň näçe bölekdigini şonda görersiň.
Umuman muny erbet şekilde tankytlardym welin dözemok, haramyň niýeti düzelmeýär, iň azyndan diniňi tut.
Yz galdyrmak üçin hapa ýerden ýöremegiň geregi ýok.
Indikimiz bolsa "Lampachylar" diýen bir zatdan.

"Seksi bala men,
Düýşüme ýalňyşyp giripdir Super men"

Ilki bilen dogrymy aýdaýyn hezil edip güldim başda, ýöne awtorynyň gyz bolmagam biraz gynandyrdy. Şeýlebir biderek sözleri bar welin şulary saýlaýdym. Sebäbi sizede zyýan beresim gelmedi. Bak "La Rose" uýajygym, hiç pikir etmediňmi "şu etýän zadym dogrumy?" diýip ? Özüňe sorag bermediňmi ? Haýran galýan tanyşlaryňdan bir sany "ýalňyş" diýen bolmadymy ? Many ýok diýerdimem welin sen mundan beter birhili özüňi reklama eden ýaly bolup dursyň bu ýerde, has dogrusy özüňi hödürläpsiň. Ýene gülkim gelýär, "seksi bala" diýmek näme ? Şeýle bolmagyň ahmal belki, ýöne käbir zatlar içden pikir edilýärmikä diýýärdik bizä. Özem ene-ataň şu sözlere näme diýenini çynym bilen gaty bilesim gelýär. "Gowy edipsiň" diýmejeklerä bellidir, eger şeý diýen bolsalar onda ikinji gezek "şok" bolaryn men. Eger ulaltýar diýseňiz "meni göreňde gaçýar t*rsügiň g*tüňden" diýmegini analiz ediň... Gaty manysyz, söz ýok.
Düşünýän, rep sungatyna girişensiň, seniňem ösmegiň gerek. Ýöne edil bular ýaly däl, hemme zadyň düzgüni bar, iň ýönekeýje zady bilmegiň gerek. Indiki gezek akyly ýerinde birine eseriňi diňledip görmegiňi maslahat berýän.
Indiki aýdymymyz bolsa "Kör gyz"

Ilki bilen bu ýerde bir waka aňladylýar. Bir gyz owadanmyş gaty gözelmiş, ýöne gözleri körmiş. 22 ýyllap körmiş. Soňam ony bir baý oglan obada görýär we derrew aşyk bolýar. Birtopar pul berip gözüni bejertýär. Öýlenjek bolýalar, ýöne gyz haram keýpe bulaşýarmyş we soňundanam oglan ölýärmiş.
Bak gowja düzülen bir tema, heňem gowy boýun alýaryn. Ýöne gaty uly manysyzlyk ýatyrda. Ilki bilen gözi 22 ýyllap kör bolan, durmuşyň diňe ajy tarapyny dadan, ejesini we hemme hossarlaryny ýitirip ýetim galan bir gyz beýle aňsatjak haramlyga baş goşmaýar. Gyz maşgala aslynda hem olar ýaly meselelere gaty duýgurçyl bolýar. Bu diýilýän gyzlar iň azyndan durmuşyň has agyr taraplaryny görmedikler bolup biler. Ene-atasy diýenini iki etmän, pul berip, süýji söz berip, işlerine üns bermän, gije gelmeginede sesini çykarylmaýanlaryň şeýle bolup bilmek derejesi uly. Ýagny iň azyndan realda seretseňiz köpüsi şeýle. Siz bolsa alypsyňyz bir gyzy, ne gözi görüpdir, ne baý ene-atasy bolupdyr, ne erbetlige baş goşupdyr, soňam ony alyp 180 dereje üýtgedäýipsiňiz. Bakyň psihologiýasy çöker ol adamyň, 22 ýyllap hiç şekil görmändir, sudur we obýekt görmändir, nädip beýle zatlary bilsin we pikir edip ýetişsin ? Psihologiýa şular ýaly zatlary alan soň beýle zatlary götermeýärem. Indi diýjek bolanyma düşünensiňiz. Siziň diýýäniňiz ýagyş ýagyp durka ot ýakjak bolýan adama meňzeýär. Hem bir baý oglan, aňsat-aňsat beýdip derrew aşyk bolup toý meselesini gozgamaz. Şuwagtlara kakasy diňe polisiýa bolanam döşüni gyşardyp ýör. Real tarapdan seredeliň, diýjek bolýanym iň azyndan öz derejesindäki birini söýer galybersede baýlar aljak gyzyny çalt tapýarlar. 22 ýyllap hiç kime bakman birdenem bir kör gyz bilen toý etsin şeýlemi ? Bolup bilmez diýmäýin, ýöne gaty az derejede.
6 лайков 470 просмотров
22комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Merdan
16 ноя 2021, 21:24
Aý bratok geň görme bulary! Ölmesek her zat görjek
Aýnur
16 ноя 2021, 21:27
Hakyky zady yazypsyñyz Wlad ++++
Dinlar yaly dal.. repirlerem
Hanguly
Автор 16 ноя 2021, 21:28
MerdanGeldiyevv,
Geňem göremokla welin, ulaldan ýalam bolupdyryn ýöne eýýäm gaty köpelip ugrady-da bular ýaly zatlar
gulicka
16 ноя 2021, 21:29
xyx dogry repcilerem mn repci dp g*tinden ashya
Maksat
16 ноя 2021, 21:40
Bardyr herhilisi gabat gelemok temany okap haýran galdym. Diñleýänem bardyr öñler bagşylar toýda sähel gyşygrak aýdym aýtsa it ýenjen ýaly urýadylar. Indi baýrak berýäler sazyñ daşary ýurtdan ogurlanan gowja bolsa manysyz sögünseñem bolýa öýdýän.
Shahrukh khan
16 ноя 2021, 21:42
Birki sanak reperi tanayan hachan gorsen pullary yok. Aydymlaryny dinleyan weli ozlerinden akylly pully yok. Sho tanayan reperlerimin bira ishe yanyma gelende "gowja zat yokmay tanyshdyrsana" diyip sorany yadyma dushya. Ozlera replerinde gyzlary sonky dereje edip gorkezyaler. Yenede ondan mundan gyz sorayalar. Ol reperlerin biri Syke Dali bilenema Duet edip yordi
Shahrukh khan
16 ноя 2021, 21:50
Seksi bala diyyan gyzyn ene atasy yokmyka diyyan mena. Ene atasy bar bolandada ejesi kakasy dereksizmika diyyan. Sebabi ene atanyn azajygam bolsa hayasy bar bolsa chagasynyn edyan hereketlerini gatnashyan joralaryna gozegchilik edermika diyyan. Hazir sho seksi bala diyyan gyza dushundirjek bolsanam sen gunakar borsyn
Sapar
16 ноя 2021, 21:51
1 teñña gymmat bary
Sapar
16 ноя 2021, 21:53
Yeke teñña gymmat bary
- Dani
16 ноя 2021, 21:53
Eger ulaltýar diýseňiz "meni göreňde gaçýar t*rsügiň g*tüňden" diýmegini analiz ediň... Gaty manysyz, söz ýok.

Şu sözleň gaty dogry!!! Çotkiý edip düşündiripsiňaý hehehe
Sapar
16 ноя 2021, 21:53
Yeke teñña gymmat bary
Aýnur
16 ноя 2021, 21:55
Цитата: - Dani
Eger ulaltýar diýseňiz "meni göreňde gaçýar t*rsügiň g*tüňden" diýmegini analiz ediň... Gaty manysyz, söz ýok.

Şu sözleň gaty dogry!!! Çotkiý edip düşündiripsiňaý hehehe

Hahhaaa muny aytyanam barmay?
Hanguly
Автор 16 ноя 2021, 22:09
Цитата: Shahrukh khan
Seksi bala diyyan gyzyn ene atasy yokmyka diyyan mena. Ene atasy bar bolandada ejesi kakasy dereksizmika diyyan. Sebabi ene atanyn azajygam bolsa hayasy bar bolsa chagasynyn edyan hereketlerini gatnashyan joralaryna gozegchilik edermika diyyan. Hazir sho seksi bala diyyan gyza dushundirjek bolsanam sen gunakar borsyn

Olar söz diňlemeýärle, şonuň üçin içiňden tanap goýsaň bolýar
Hanguly
Автор 16 ноя 2021, 22:10
Цитата: Mona Songz
Hakyky zady yazypsyñyz Wlad ++++
Dinlar yaly dal.. repirlerem

Içinde gowjalaram bar welin gaty azda
Hanguly
Автор 16 ноя 2021, 22:10
Цитата: Bayker
Bardyr herhilisi gabat gelemok temany okap haýran galdym. Diñleýänem bardyr öñler bagşylar toýda sähel gyşygrak aýdym aýtsa it ýenjen ýaly urýadylar. Indi baýrak berýäler sazyñ daşary ýurtdan ogurlanan gowja bolsa manysyz sögünseñem bolýa öýdýän.

Hawa häzir şol diňe, sögünmegi üýtgeşik zat görýärler
Hanguly
Автор 16 ноя 2021, 22:11
Цитата: Shahrukh khan
Birki sanak reperi tanayan hachan gorsen pullary yok. Aydymlaryny dinleyan weli ozlerinden akylly pully yok. Sho tanayan reperlerimin bira ishe yanyma gelende "gowja zat yokmay tanyshdyrsana" diyip sorany yadyma dushya. Ozlera replerinde gyzlary sonky dereje edip gorkezyaler. Yenede ondan mundan gyz sorayalar. Ol reperlerin biri Syke Dali bilenema Duet edip yordi

Bäh olar ýalydyklaryna bilemokdym :)
Shahrukh khan
16 ноя 2021, 22:12
Emin Rasen normalnymyka diyyan
Hanguly
Автор 16 ноя 2021, 22:13
Shahrukh khan,
Emin gowyla, Eýrandakylaryň hemmesi paçti gowy
Hanguly
Автор 16 ноя 2021, 22:15
Umuman meniň özümem rep sungatyny halaýanym we diňleýänim üçin sähel gyşyk zat bolsa nerwa degýärdä, daşary ýurtdakylaryňkyny diňleseň hiç zat bolup galýar bärdäkiler
Shahrukh khan
16 ноя 2021, 22:20
Цитата: Wlad
Umuman meniň özümem rep sungatyny halaýanym we diňleýänim üçin sähel gyşyk zat bolsa nerwa degýärdä, daşary ýurtdakylaryňkyny diňleseň hiç zat bolup galýar bärdäkiler


Dashary yurt aydymchylardan dinleyanlerim

Black Eyed Peas.
Nelly Furtado.
Arash.
Akon.
Sean Paul.
Banderos.
Maksim.
Sami Yusuf.
Irem Deriji.
Munisa Rizayewa.
Emin Rasen.

Ozumizkiler

Nurmuhammet Meredow.
Owezgeldi Tekayew.
Akysh Saparow.
Sahydursun Garajayewa.
Maysa Myradowa.
ABM
Hanguly
Автор 16 ноя 2021, 22:26
Shahrukh khan,
Kasoýa wagtynda diňlemedik ýokdyrla, hakyky ussadaý...
Shahrukh khan
16 ноя 2021, 22:31
Цитата: Wlad
Shahrukh khan,
Kasoýa wagtynda diňlemedik ýokdyrla, hakyky ussadaý...


Yulduz Usmanowa aydanmysha "Nurijan yaly owazim bolganda Dunyoga mashur bolardim" diyip. Bir yerde okapdym shuny