Dana sözler

● Saña ynanan adam bile dogruçyl bol. Saña dogruçyllyk etmedik adama-da nädürslik etme.

● Hudaýa edil ony görýän ýaly çokun. Eger ony görmeýän bolsañ, edil ol seni görýän ýaly çokun.

● Jaý salnanyñda haram kerpiç ulanma, çünki ol weýrançylyga sebäp bolar.

● Bazarda, köpçüligiñ gözüniñ öñünde, bir zat iýmek pesligiñ we medeniýetsizligiñ alamatydyr.

● Iki adam ýuwaşja gürrüñ edip duran bolsa, olaryñ arasyna düşme.

● Her etjek işiñ soñuny oýlan. Eger soñy haýyr bolsa, et, ýogsam saklan.

● Dogry söz zalym patyşanyñ garşysynda aýdylsa, iñ uly göreşdir.

● Hudaýyñ öñünde iñ oñat iş ajy doýurmak we onuñ bergisini tölemekdir.

● Sütem edýän ýolbaşçynyñ azaby kyýamatda hemmeleriñkiden köpdür.

● Iñ batyr adam ~ öz nebsini ýeñip bilýän adamdyr. Iñ pes adamlae ~ halky pes tutýan adamlardyr.

● Allatagala aýala talak bermegi duşmançylyk bilýär.

● Allatagala sizi atalaryñyzyñ adyndan kasam etmekden saklanmaga çagyrýar.

● Alymlar pygamberleriñ mirasdarlarydyr, ylym şolardan miras galandyr.

● Allatagala behişdi ikiýüzlülere haram edipdir.

● Her kim karz alyp, ony yzyna gaýtaryp bermek islemese, kyýamatda Allatagala onuñ bilen ogrular hatarynda ýüzbe-ýüz bolar.

● Gyzyl reñkden gaça duruñ, çünki ol reñk şeýtanyñ bezegidir.

● Iliñ yzyndan gybat etmäñ, çünki bu iş zynadan-da erbetdir.

● Öýüne myhman getirmeýän adamlar erbet adamlardyr.

● Nadanlaryñ arasyndan ylym talap edýän adam ölüleriñ arasyndaky diri adam ýalydyr.

● Ene-ata boýumm egmek ~ Hudaýa boýun egmekdir. Olara boýun egmezlik ~ Hudaýa boýun egmezlikdir.

● Ylym we baýlyk her aýbyñ üstüni ýapýar, nadanlyk we garyplyk bar aýbyñ üstüni açýar.

● Gybatkeş behişde barmaz.

● Öz iýmeýän zadyñyzy garyba bermäñ.

● Garyndaşlaryndan arasyny kesen adam behuşde barmaz.

● Hudaý para berýäni we para alýany hem-de olaryñ arasyna düşüp iş düzedýäni näletleýär.

● Aýallar şeýtanyñ duzaklaryndandyr.

Muhammet pygamber (s.a.w)
3 лайков 420 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
21 ноя 2021, 16:39
● Allatagala aýala talak bermegi duşmançylyk bilýär.
Sunda Talak name?
Şamuhammet
21 ноя 2021, 16:46
Цитата: Mona Songz
● Allatagala aýala talak bermegi duşmançylyk bilýär.
Sunda Talak name?


Är adam öz aýalyna ''Sen menden boş, aýrylyşdyk, talak'' diýmegini Allatagala halamandyr. Şol adamyny duşman hasaplapdyr özüne...
Şamuhammet
21 ноя 2021, 16:47
Цитата: Dani
● Allatagala aýala talak bermegi duşmançylyk bilýär.
Sunda Talak name?


Şuna dogry aýdypdyr.. ?
Şamuhammet
21 ноя 2021, 16:49
Цитата: Dani
● Aýallar şeýtanyñ duzaklaryndandyr.


Ýokarky teswir ýalňyş gitdi, şuny aýtjak boldum...
Aýnur
21 ноя 2021, 16:50
Цитата: Jeksparro
Цитата: Dani
● Aýallar şeýtanyñ duzaklaryndandyr.


Ýokarky teswir ýalňyş gitdi, şuny aýtjak boldum...

Ayallar seytana sapak beripdir diyeni bolamlyda bulam....
Aýnur
21 ноя 2021, 16:56
bolmalyda*
Merdan
21 ноя 2021, 17:43
Цитата: Mona Songz
Цитата: Jeksparro
Цитата: Dani
● Aýallar şeýtanyñ duzaklaryndandyr.


Ýokarky teswir ýalňyş gitdi, şuny aýtjak boldum...

Ayallar seytana sapak beripdir diyeni bolamlyda bulam....

Ýok manysy başga
Ejegyz.
21 ноя 2021, 18:37
Like
Aýnur
21 ноя 2021, 18:38
MerdanGeldiyevv,
Name manysy?