MÖMINLERIŇ EMIRI, MUSULMANLARYŇ YMAMY ILKINJI HALYPA ABU BEKR SYDDYGYŇ PÄHIMLERI

* * *
Akylly, alym adama ezýet berjek bolsaň, ony , nadan adam bilen söhbetdeş edäýmelidir.
* * *
Başga adamlara zyýany ýetmeýän bolsa, onda akylly adamyň mekirligi, adamyň bolsa lygy, has gowudyr.
* * *
Yhlassyz edilen toba kezzaplaryň tobasydyr.
* * *
adamyň ýalňyşlyklaryny akylly sapak edinmelidir.
* * *
Günä işi höwes bilen etmek iki esse günädir.
* * *
Geçirimli adam uzak ýaşaýandyr.
* * *
Eger kalbyňa dynçlyk, başyňa rahatlyk isleseň, gepläniňde aýdýan zadyňa
gowy akyl ýetirip aýt, ýa-da dym.
* * *
Mömin diline berk bolmaly. Onuň ähli ybadatyny biderek etjek zat onuň dilidir.
* * *
Eger kimdir biri owadan gepleýändigine buýsansa, sen az sözlüligiňe ýa-da dymmalygyňa buýsan.
* * *
Eý, Allam! Meni saňa ybadat etmekden güýmejek zatlardan özüň gora.
* * *
Şeýtana iň ýigrenji görünýän kişi ýagşy häsiýetli alymdyr. Alym geplese, ylymly gepleýär. Dymsa ýagşy häsiýeti bilen dymýar. Şeýtan: «Alymyň dymmagy maňa onuň geplemeginden agyr degýär» diýipdir.
* * *
Adam Allanyň şekiliniň nähilidigini biljek bolman, onuň bardygyna, ýeke-täkdigine ynanmalydyr we oňa ybadat etmelidir.
* * *
Adamyň kalbynda hakykat orun tutanda, ol ýagşy işler eder we jennete girer. Adamyň kalbynda ýalançylyk orun tutanda, ol ýaman we günä işleri eder, dowzahdan özüne mekan tutunar.
* * *
Allatagala Muhammet alaýhyssalamy misli nur saçýan aý ýaly ýaratdy.
* * *
Mejlisde köp geplegen dil, adamy pes eder.
* * *
Eý halaýyk! Ýanyp duran ody öçürmäge çalyşyň, ýagny namaz okap, haýyr işler edip dowzahdan daşlaşyň.
* * *
Eý, Allam! Senden geçirimlilik etmegiňi dileýärin. Gapyl bolmakdan özüň gora. Ýüregime ýagşy niýetleri guý. Senden başga Hudaý ýokdur.
* * *
Duşmançylyk miras geçýändir.
* * *
Allatagala haram iýip ýaşan bedene jenneti haram etdi.
* * *
Eger erbet işler köpelse, diýmek seniň hak, haýyr işleriň azalandyr.
* * *
Diliňi diňe dogry sözlemäge endik etdir.
* * *
Iň ýagşy amal adyllykdyr. Ol ähli haýyr işleriň seresidir. Adyllyk edýänem, adyllyk edilýänem ýagşy işiň başyny tutýan adamlardyr. Zulum iň erbet işdir. Ol ýaman işleriň seresidir. Zulum edýänem, zulum etmäge ýardam berýänem ýaman işleriň başyny tutýan adamlardyr.
* * *
Ajy günleri süýjä öwürýän sabyr we takatlylykdyr.
* * *
Aç wagty nahara topulýan, dok wagty haýallaýan adamdan häzir boluň.
* * *
Myhmana ýagşy hyzmat edýän adam ene-atasyndan iň gowy terbiýe alan kişidir.
* * *
Adamlaryň ähli göreşleriniň, gapma-garşylyklarynyň aňyrsynda bir bähbit ýatandyr.
* * *
Tamakinçiligiň soňy heläkçilige eltýändir.
* * *
Kim Allany tanasa ony söýer, kime bu dünýäniň syrlary aýan bolsa, ol ybadata berler.
* * *
Hökümdar ynsapsyz bolsa, ýurt harap bolar.
* * *
Diňe söz bilen däl-de, iş ýüzünde-de adyl bolmalydyr
* * *
Allanyň ýanynda iň üstün bolan ynsan hakykatyň içine çümen, dogruçyllygy ýaýradýan we öz dogry garaýyşlary bilen ýyrtyklary ýamaýan kişidir.
* * *
Kararyň maslahatdan soň, ylalaşygyň çekeleşikden soň bolsun.
* * *
Kimde üç zat, ýagny zulum, sözüňde durmazlyk we mekirlik bar bolsa ol adamdan gowulyga garaşmaň.
* * *
Kim ylymdan bir zat öwrense, onuň bilen amal etsin ýa-da etmesin, onuň bu öwrenen ylmy müň rekat namaz okamakdan haýyrlydyr.
* * *
Ýagşy amallar ynsanyň kalbynda döremegi mümkin bolan ýaman niýetleri ýok eder.
* * *
Ruhy ejizlik ynsanyň akylynyň gandalydyr. Ruhy ejiz ynsan akyly özüne ýaran tutunyp bilmez.
* * *
Ynsan diňe Allanyň Beýikligine, ýeke-täkligine we ähli janly-jandaryň, külli älemiň ýaradyjysydygyna göz ýetirende özüniň kimdigine göz ýetirer.
* * *
Ölümiňi ýatla, onuň gaşyňa geljegini unutma. Diňe şeýle etseň ömürlik, baky ýaşaýşa ýetersiň.
* * *
Sabyr-takatlylyk ynsana kynçylyk getirmez, gyssanmaçlykdan hem hiç hili peýda bolmaz.
5 лайков 232 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gokhan Durdyyew
14 янв 2022, 16:47
juda manyly sozler sag bol yetirinine
Biohimik
14 янв 2022, 18:15
Sytdyh menin babamyñ atasy bizin tohumymyza sytdyhlar diyyaler
Kalp doctory
14 янв 2022, 20:28
Ozinem menzesh shonabiohimik.,