Gyz doganly bolmak duygusy

Biz 2 oglan. Bizde hic hili gyz jigi ya gyz dogan bolmady. Bize dayy diyip yuzlenjek ya biz yegen diyip yuzlenjegimiz yok. Kabir gyzlary goryan weli "Shukur gyz doganymyzyn yoklygyna" diyyas. Kabirlerini goryan weli "wah shular yaly gyz doganymyz bolaymala" diyip. Kakam dagyn yekeje gyz doganlary bar. Yekelikdenmi bilemok dine sholara gidesim gelya. "Bibimjan" diyip hemme zatlaryna komekleshyas. Arman hakyky gyz doganyn dalda. Men sho duyguny bashymdan gecirip gormedim. Mana gyz doganly bolmagyn duygusyny yazyp berseniz minnetdar bolardym. Azajygam bolsa yuregime teselli bolar okap. Kawagt gyz doganly bolasym gelyar. Icimi dokesim gelyar.

"Guler yuzli yigidin gyz uyasy bolmasyn. Gyz uyasy bolsada Guler yuzi solmasyn"
7 лайков 459 просмотров
21комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
nm işiň bar
22 ноя 2021, 21:27
gyz doganyň bolsa diňe urşup gezýäň biri biriňi hallamaýan boldy meniňkä şeýle bir birimiz bilen gülşüp degişip göremizok
Ýury
22 ноя 2021, 21:27
Ýüsüp salaemalikim.... AGAm
Şeker
22 ноя 2021, 21:29
Цитата: зла
gyz doganyň bolsa diňe urşup gezýäň biri biriňi hallamaýan boldy meniňkä şeýle bir birimiz bilen gülşüp degişip göremizok

Şeýle gyzykly bolýa aslynda,olam gowy gormegiň,ýakynlygyň bir görnüşi
Aýnur
22 ноя 2021, 21:35
Menina ozum gyz . Gyz doganym bar. Gyzdoganyma ejeme aydyp bilmedik syrlarymy aytyan, komek edya. Ayyp is etsem (etmeli dal zatlary) koplenc gyz jigim bilya yone aytmaya hic kime.
Yone siz aga gyz dogan gatnasygyny sorap duanson agam bilen oz aramyzy aydyp berayin. Menin agam Dasoguzdaky TOHI inistda 2.kurs talyp. Oye 6 bazar guni gelya goresim gelya agamy sondada.
Cagakak 2 bolup kop betlik edyadik. Agam meni gaty gowy goryadi. Kawagt men yatlap jan etmesemem agam edya ejem kakamdan son meni soraya son kici gyz doganymy. yatlamalar kop yone roman bolar barde:))))
Aýnur
22 ноя 2021, 21:36
Agan bolsa gowy yone. Gyz doganyn bolmak ondanam gowy
Maksat
22 ноя 2021, 22:05
Birä dogan aglar birem dogran diýilýä.
#B.S
22 ноя 2021, 22:21
Allajana shukur iki sany gyz jigim bar. Biri birinden gowy. Kicikak urshardyk yarashardyk bileje oynardyk... hazir bir gyz doganym narhoz instutda okayar. Aga diyip halyagdayymy sorasa juda goresim gelip gidyar... beyleki gyz jigim entak okuwcy ozem yaman tasirlendiriji nadip onun ishini ozumin edip galanymy bilman galyan ;)))
Lachin
22 ноя 2021, 22:36
Gyz doganly bolsan gowy, elbetde.
Maksat
22 ноя 2021, 22:38
Цитата: Bagul_Atayeva
Ýöne belki gyz doganym bolsa gowy bolardy...

Oglanlar bn oñuşañokmy? meñ gyzyma öýde bir meñ bn oñuşýa, gurjak oýnaýas, iñlisçe, rusça sanamany öwrenýäs sadik ýok wagty jorasy men.
- Dani
22 ноя 2021, 22:54
Цитата: Bayker
Цитата: Bagul_Atayeva
Ýöne belki gyz doganym bolsa gowy bolardy...

Oglanlar bn oñuşañokmy? meñ gyzyma öýde bir meñ bn oñuşýa, gurjak oýnaýas, iñlisçe, rusça sanamany öwrenýäs sadik ýok wagty jorasy men.

Tuweleme.mendede 2 gyz jigim bar.ejemdede 2 gyz jigisi bar.mamamdada 4 gyz jigisi bar.2 dayzsmdada 2 gyz cagasy bar umuman ejem tarapda diñe gyz!? a kakam tarap gyza garañda oglan kop.wahh men henizem ozimden uly oglan doganym bolaymaly eken dp arzuw edyan, gelnejem bolsady..ay yone şumat erkek hasiyetim un KAKAM MANA SEN MEÑ KYZYMAM OGLUMAM diyip ýylgyrýa?
XYIVENIA
22 ноя 2021, 22:59
Ii sany jan ýaljak agam bar oglan doganym bar gyz jigim bar yone ozumden uly gyz doganym yok
XYIVENIA
22 ноя 2021, 23:00
Iki*
noname
22 ноя 2021, 23:02
Duwly zerefşan saçakly,Işigi eýwan ojakly,Uzyn boýly, giň gujakly,Gözel gerekdir  ýigide.
Atyn jaýynda  baglaýan,Kesip jigerin daglaýan,Ölende zaryn aglaýan,Naçar  gerekdir  ýigide.
Maksat
22 ноя 2021, 23:30
Meñ iki gyz jigim bar oglanam biri bar. Gyzlar durmuşa çykan biriniñ dört ogly bar beýlekiñem üç gyzy bar käwagt öýe gelýäler(başga obalarda) göwnüm açylýa derdimi paýlaşýalar, diñleýäler. Inim bn beýle däl öz aladasy öz işi käwagt otyrsyñmy sagaman diýýä gelen wagty. Şeýdip ýedi sany ýegenim bar(häzirlikçe) gelnimem dört gyz doganyñ iñ kiçisi menden dört ýaş kiçi.
kone natanysh
22 ноя 2021, 23:35
Bir yurekde jaylashanym,
Bir ejani paylashanym,
Gel suyjilap caylashaly,
Ayal dogan,ayal dogan!
Bay-bay durmush secendir-a,
Uyshelinle ejemlere,
Gulushelin gecenlere,
Bolmasyn shu hyyal dogan,
Ayal dogan,ayal dogan!
Bolsa bolsun cagalaryn,
Yatlar otyr cagalygyn,
Menzesin sana gylygym,
Abray,namys,hayam dogan,
Ayal dogan,ayal dogan!
Gowundeshim ,yurekdeshim,
Aman bolsun icin-dashyn,
Calaja syzlasa bashym,
Duyshi bilen duyan dogan,
Ayal dogan,ayal dogan!
Aladan kuyunde mydam,
Ornun bar oyunde mydam,
Ejem yaly eziz adam,
Gownum sana ayan dogan,
Ayal dogan,ayal dogan!
G.Hanowa
İne,shahyryn aydyshy yaly sheyle gowy zat ayal doganyn bolmagy.
Okuwçy_gyz
22 ноя 2021, 23:54
gyz doganyňam oglan doganyňam bolsa gowy
senagul
22 ноя 2021, 23:55
Gyz doganly bolmak gowy duygy. Kici wagtyn urusup erjesilyarem yone shony cynyn bilen etmeyan, yumsak gahar doganyn gahary. Dine oglan bolan oyde yone oglanlaram iki karem owrenyaler yagny oy supurmek arassalamak nahar etmek, dine gyz bolsada meydan ise adam gerek. Shon ucin ene atasyny sylayan akylly ogul gyzlarmyza guwanmak hemma nesip etgey.
Biohimik
23 ноя 2021, 11:08
Menin uyama gaty arassacyl daze girelgede kowus shyppyk dursada urusyp sony yerine goyduryar daze cay icip bolamson stolymdan turup gitsem yzymdan gelip stoly one suysurip partan asagyna dykdyrtyar kawagt nerwim oynasam sular yaly gowy asassacyl mahirli uyam bardygyna juda begenyan
Omman
23 ноя 2021, 20:36
Menina jigimem yok doganymam yok yekeje men sonun ucin oglan dogan gyz dogan jigi soygusi men ucin gaty gymmatly zat dineje arzuw edip yasayan joralarymy klasdaslarymyn jigilerine doganlaryna
Mendede yekeje oglan jigi bolaysadyda diyip men ozum gyz bolanymdan son gyzy halamok dine oglan cagany halayan nesip bolsa inni jigide alarys birinden
Şamuhammet
23 ноя 2021, 21:03
Biz 5 dogan. 3 erkek 1 gyz doganym bar. Şol 3-isinden ýekeje gyz doganly bolanyň 1000 esse gowy eken diýenimi bilmän galýaryn köplenç. Öýde okadýardy, poçerkimi gowlamak üçin näçe ýüz sany depderiň goşa listlerini meň üçin pida edýärdi. Bir ýerinde ýalňyş ýazsam ýygyrtlap zyňyp täze goşa list goýýardy öňümde. Kitap okadyp, grammatika taýdan taýýarlaýardy. Diktant ýazdyrýardy. Okuwda daşyma köpläp geçseler kömege gelerdi we köpläp oturanlaryň ýeňselerinden tutup hersini bir ýere zyňyp goýberýärdi. Okuwdan boş wagtlarym elime pul berip kompýuter oýnamaga ibererdi. Çagalyk wagtlarymdaky ýatlamam ýokarkylar... ?
Şamuhammet
23 ноя 2021, 21:03
Biz 5 dogan. 3 erkek 1 gyz doganym bar. Şol 3-isinden ýekeje gyz doganly bolanyň 1000 esse gowy eken diýenimi bilmän galýaryn köplenç. Öýde okadýardy, poçerkimi gowlamak üçin näçe ýüz sany depderiň goşa listlerini meň üçin pida edýärdi. Bir ýerinde ýalňyş ýazsam ýygyrtlap zyňyp täze goşa list goýýardy öňümde. Kitap okadyp, grammatika taýdan taýýarlaýardy. Diktant ýazdyrýardy. Okuwda daşyma köpläp geçseler kömege gelerdi we köpläp oturanlaryň ýeňselerinden tutup hersini bir ýere zyňyp goýberýärdi. Okuwdan boş wagtlarym elime pul berip kompýuter oýnamaga ibererdi. Çagalyk wagtlarymdaky ýatlamam ýokarkylar... ?