«IL–GÜN NÄME DIÝERKÄ?!

Sen mundan öň 18-40-60 diýen kada hakda heý-de bir zatlar
eşidipmidiň? Ýok, bu gözelligiň ölçegi däl, bu ömrüň ölçegindäki kesgitleýji nokatlar. Has dogrusy, ömür menzillerindäki iň täsirli möwsümler. Sen on sekiz ýaşyňda özgeleriň, beýleki adamlaryň sen hakda näme
diýýändikleri bilen çuňdan we çyndan gyzyklanýarsyň. Olaryň sen
hakda aýdýan-goýýan her bir sözüne berilýärsiň. Näme diýýändiklerine
pugta üns berýärsiň. Öz etmeli işiňden ünsüňi sowup, bu sözlerden
olaryň matlap-pälini seljerýärsiň. Sen hakda nähili pikir edýändiklerinden biynjalyk bolýarsyň. Kyrk ýaşa ýeteniňde welin, özgeleriň sen hakda nähili gep-gürrüňe gümra bolandyklaryna pisint edeňok. Olara asla
üns bereňok, gyzyklanaňok. Olaryň öwmesi ýa-da ýamanlamasy asla
seniň perwaýyňa däl. Altmyş ýaşa ýeteňde bir hakykata akyl ýetirýärsiň.
Ýyllar boýy ýanyňa hemra bolan, aňyňda göterip gelen iň wawwaly
sowalyň: «Il-gün men hakda näme diýýärkä?» diýen pikiriň üznüksiz
pikire öwrer derejede asla ähmiýetli däldigine, juda biderekdigine akyl
ýetirýärsiň. Ine, 18-40-60 kadasynyň kesgitlemesi şeýle.
Öz maksatlarymyzy ähmiýeti babatda ikinji derejeli zada
öwürmegimize özümiz günäkär. Munuň gözbaşy hem, başgalaryň
özümiz hakdaky oý-pikirlerine gereginden artykmaç üns berýändigimiz. Her gezek başyna baran, ýerine ýetiren ýa-da hyýallanýan işimizi
olara ýarap-ýaramaýandygy bilen ölçerjek bolsak, öz göwnümizi, ýürekde beslän arzuwlarymyzy gaýra goýsak, diňe töwerekden baha
ýa-da dalda garaşsak, öňe ilerläp bilmeris. Hiç wagt hemme kişiniň
göwnünden turjak iş edip bilmersiň. Ogly bilen bazardan gelýän Hoja
Nasreddiniň kyssasyny ýatla. Hoja Nasreddin ogly bilen eşekli bazardan gelýän ekeni. Olaryň ikisi-de eşege artlaşyp münen ekenler. Bularyň
şeýdip barýanyny gören birtopar adam: «Bulara serediň-ä, iki bolup
bir eşege münüpdirler. Eşek janawara haýpyňyz gelsin» diýipdirler.
Hoja Nasreddin ogluny eşekden düşürip, bir özi oturypdyr. Az salym
ýöräpdirler. Öňlerinden ýene birtopar adam çykyp: «Muňa serediň,
garry atasy eşegiň üstünde, körpe ogul bolsa pyýada barýar, heý-de,
boljak zatmy?» diýşipdirler. Nasreddin eşekden düşüpdir we ogluny
mündüripdir. Az salym ýöränlerinden soňra öňlerinden çykan ýene
birtopar adam bu ahwalaty geň görüpdir: «Bulara serediň, ogly eşegiň
üstünde, garry atasy bolsa pyýada barýar, heý-de, gelişýän zatmy?»
diýşipdirler. Nasreddin ogluny eşegiň üstünden düşürip, ikisi hem
eşegiň ýanyndan pyýada ýöräp gidiberipdirler. Biraz salymdan birnäçe
adam bularyň ýoluny kesipdir: «Bulara serediň, eşegiň-ä üsti boş,
adamlar hem ýanyndan pyýada ýöräp barýar. Nähili düşünjesizlik?»
diýşipdirler. Hoja Nasreddin ogluna ýüzlenip: «Oglum, il-günüň her
sözüne gulak asyp ýaşajak bolsaň, gaty kyndyr, iň gowusy öz bilýänimizi edibereli» diýipdir.
Aslynda, biziň näme maksadymyzyň barlygy, nähili hyýallary
gursakda göterýändigimiz bilen özgeleriň işi-dahyly bolmaly däl.
Ýöne ilçilik, her hili häsiýetli adam bar, özi ýagşy bir päli maksat
edeninden geçen, gaýta tiňkesini gaýrylaryň hereketine dikip oturanlar
setanda-seýranda gabat gelýär. Adamlaryň ýüreklerini gözden geçirip,
barlap görseň, garaşylmadyk täsinlikler bilen gurşalarsyň. «Adam öz
ýüreginde şunça zady nädip göterip bilýärkä?» diýen sowaly berersiň.
«Beýle-de pikir edip bolýan ekeni» diýip, has-da geňirgenersiň.
Daş-töweregiňi gurşan adamlar hem hil-hildir. Daşyndan dost ýaly
görünýänler bardyr, asla seni indemeýänler bardyr. Emma dost ýaly
görünýän käbirleriniň ýüregi bahyllyga eýlenendir. Saňa biperwaýdyr
öýdýän käbir adamlaryň bolsa saňa ak ýürekden üstünlik arzuw edip
oturandyrlar. Adamyň ýamany – özgeleriň büdremeginden ýüregine teselli tapýan, kimdir biri ýykylsa begenýän, maksadyna gönügen
adamyň orta ýolda eglenmegine heşelle kakýan adamdyr. Gynansagam, şeýle adamlar käteler alnymyzda ýa-da ýanymyzda peýda bolýar. Ýeri onsoň, sen öz geljegiňi, arzuw-maksadyňy şeýle adamlaryň
pikiri, berjek bahasy, çykarjak netijesi esasynda gurnamak isleýärmiň?
Ýagşy bolsun, ýaramaz bolsun, şol pikirler esasynda bir netije çykaryp,
şondan soňra belli karara gelmekçimiň? Bu hemişe dogry çözgüdiň
üstünden eltmez.
Elbetde, özgeleriň pikirini diňlemeli. Köpçüligi inkär etmeli diýen
zat ýok. Olaryň aýdýan sözünden, edýän hereketinden niýetlerini duýmagy öwreniň. Özüňe diýilýän zatlary diňle, nesihatlar, tankytlar, ýüzlenmeler hakda oýlan. Olar hakda ymykly pikirlen, akyl eleginden
geçir. Mundan soňra bir işi ymykly ýüregiňe düwdüňmi, maksadyňdan
dänme, hiç kimsäniň pikiri-garaýşy seni ýoluňdan sowmasyn, yhlasyňy
sowatmasyn. Özleri iş etmekden bizar, bikär oturanlar, maksatly ýöräp
bilmeýän adamlar seniň badyňy bökdemesin.
Hezreti Pygamberimiz käbir adamlaryň özüne «mejnun» diýendiklerine üns beren bolsady, yslamyýet beýle ýaýrap-ýaýylmazdy.
Emma onuň öz ýoluna, beýik maksatlaryna berk ýapyşyp, öňe hereket
etmegi bize köp zatlary öwretdi. Özümize bähbitli gymmatlyklarymyzy we ýörelgelerimizi berkitmelidigimizi öwretdi. Bilmeýän we
zatdan bihabar adamlaryň pikirlerine gulak gabartmaly däldigimizi
öwretdi.
Köpimize mahsus ýagdaýlaryň biri – beýik maksatlara
ýapyşanymyzda «özgeler näme diýerkä?» diýen sowal serimizden
aýrylanok. Bir ädim ädýäris we töweregimize garanjaklaýarys –
beriljek baha garaşýarys. Ýene ýöräbermeli welin, heniz şol ädimleriň
bahasyny eşitmezden, öňe gidibermelidigine akyl ýetiremzok. Indiki
ädimlerimizi, has dogrusy şeýle ädimlerden düzülýän tutuş geljegimizi
özgeleriň pikirine baglap goýýarys. Bu käbirimiz üçin bejerip bolmajak, geçip bolmajak päsgelçilik, böwet ýaly bolup görünýär. Şol
duýgulardan saplanyp bilsek, has uly işleri wagtynda bitirmäge gaýratymyzam, güýjümizem azlyk edenok. Şeýle pikirlere garşy durdugy myzça, üns bermedigimizçe, biz şonça-da beýik bolarys.
Akyl taýdan özbaşdaklyk we özgeleriň täsirine berilmezlik, işe ilgeziklik – arzuw-maksatlaryňy hasyl etmek üçin iň ähmiýetli zatlaryň
biridir. Eger-de seniň ynamyň we pikirleriň, şeýle hem arzuw-umytlaryň
berk, aýdyň we mäkäm esaslarda gurnalan bolsa, ol galdaw häsiýetler
saňa täsir etmez. Bu ruhy binýat ýüregiňizde şek-şübhe, ikirjiňlenme,
ünji peýda bolan pursady we özgeleriň tankydyna uçran wagtyňyzda
olaryň garşysyna melhem bolup hyzmat eder.
Stolumyň üstünde şeýle ýazgy dur. Muny durmuş tejribelerinden netije çykaran bir akyldar hut bize niýetläp aýdan ýaly: «Ýuwaş-
-ýuwaşdan ýokary galmagyň esasy ýoly özüňi mümkin bolan ýollar
bilen ösdürmekdir. Seni ösüş ýolundan alyp galmaga synanyşýan,
böwet bolýan adamlardan zeýrenmezlikdir. Diňe öňe seret! Awraam
Linkoln».
2 лайков 105 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ýury
25 ноя 2021, 23:08
Häli näme boldy