''Bu dunýe näçe günlük?''

Iň zehinli talyplaryň birine Seýitmuhammet işan diýerler eken. Ol Ahal sebitlerinden Ýusup işanyň ogly bolany üçinmi ýa aşa zehinli, düşbi bolandanmy, Molla Töre ahun ony özüne has ýakyn tutupdyr. Hatda ony öý-işik edenem Ahun ata bolmaly.
Bir gün ikindi namazyny okap bolup, agşama garaşýan talyplary Ahun aga ikibir-ikibir göreşdiripdir. Şonda sapagy ýokary, zehinli ýigitleriň biri çöňňeräk, emma daýaw garşydaşyndan ýykylaýypdyr. Ahun aga oňa:
- Pylany, sen okuwa ezberem bolsaň, çopan badagyna tap getirip bilmediň-ow - diýipdir. Bu söz göreşde ýykylana ýakmandyr. Ýeňsesini tüňňerdip:
- Aý, tagsyr, bu bir bäş günlük dünýädir. Ýykanam geçer mundan, ýykylanam - diýip suňşurypdyr.
Terbiýeli talybyndan beýle jogaba garaşmadyk Ahun sesini çykarman turup gidipdir. Şol günden soň Ahun aga talyplarynyň arasynda dymyp oturka sag eliniň başam barmagy bilen süýem barmagyny iki gaşynyň arasynda dikligine saklap, çuň pikire batar ekeni. Talyplar bolsa onuň dymmagynyň sebäbini soramaga ejap edipdirler. Belki, kimdir birinden göwni galandyr, belki-de, öýünde bir näsazlyk dörändir? Belki, bu ylma suwsan ýigitlere nämänidir düşündirjek bolýandyr?
Munuň sebäbini bilmegi talyplar Ahunyň eý görýän şägirdi Seýitmuhammet işandan haýyş edipdirler. Işan uýala-gorka bu sowaly berende, Töre ahun:
- Seýitmuhammet! Biz dünýäni iki günlük hasap edýärdik. Adam dünýä inendäki azan bilen ýogalandaky jynaza namazy iki gündür. Ol günki ýanbaşdan gaýdan ýigidimiz galan üç güni nireden aldyka? - diýipdir.
Henize çenli damylladan beýle agyr sözleri eşitmedik talyplar onuň göwnüniň biçak ynjandygyny aňypdyrlar.

Durdy Hajymyrat
"Molla Töre ahun" kitaby.
4 лайков 141 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
aika
29 ноя 2021, 09:46
haladym
noname
29 ноя 2021, 09:51
5 gunlik diyilmeginiñ oz duşindirlişi bar
Maksat
29 ноя 2021, 09:53
Ýetireniñize sagbol manyly.
ESSALAMUNALEÝKUM
29 ноя 2021, 10:39
bu dünýä 5 gün diýýäler olar ynha
1 adamyň dünýä inen güni
2 adamyň amal depderiniň açylan güni(şuny doly bilemok başga zat bolmagam mümkin)
3 adamyň ilkinji günä eden güni
4 adamyň ilkinji sogap işlän güni
5 adamyň dünýeden öten güni
ESSALAMUNALEÝKUM
29 ноя 2021, 10:40
yna 5 gün diýlip şuň diýilýä