Babarahym Meşrep
Babarahym Meşrep
(1640 — 1711)
1640-njy ýylda özbek nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň biri. Ylahydan berlen zehinli diýen edebi tahallus (lakam) bilen tanalan Babarahym Meşrep dünýä gelipdir.
Onuň atasyna Mollaweli diýer ekenler. Ýaşlygynda namanganly tanymal sopy Hoja Ubaýdullanyň (il arasynda Molla Bazar Ahun ady bilen tanalan) elinde sapak alýar. Aňy we kalby hemişe durmuşyň keserdip goýan sowallaryna jogap tapmak umydynda bu beýik ynsan bütin ömri dowamynda örän köp ýerleri: Türküstany, Samarkandy, Hojandy, Buharany, Badahşany, Balhy gezip çykdy. Kaşgara baryp, tanymal dini ulamalardan biri Apakhoja işanyň huzurynda ýedi ýyla golaý hyzmat etdi we sopuçylyk ylymynyň syrlaryny öwrendi.
Şahyryň ömriniň bu döwri dünýä garaýşyna döredijilik ugryna we ykbalyna güýçli täsir edipdir.
Şahyr öz eserlerini toplap diwan düzmändir. Onuň eserleri biziň döwrümize, esasan, dürli mürze, şahyr we ylymly-bilimli adamlar tarapyndan ýygnalyp, diwan, ýygyndy, tezkire şekilinde ýetip gelýär.
Meşrebiň ýüzlerçe gazallary özbek nusgawy poeziýasynyň ajaýyp nusgalary hatarynda durýar. Meşrep ahlak-tertibe we dini-filosowik ugurdaky Mabdan nur we Kimýo eserleriň hem ýazarydyr.
Babarahym Meşrep yslam dünýäsiniň Ybrahym Edhem, Mansur hallaj, Nesimi ýaly her iki dünýä syrlaryny aňlamak ýolunda adam we onuň aňy ýetmäge ejizlik edýän derejesine ýetişdim, syrlaryny aňdym diýýän garaýyşlary hem-de bendesine boýun egmezlik tebigaty zerarly 1711-nji ýylda Balh welaýatynyň häkimi Mahmyt Kataganyň emri bilen Kunduz şäherinde asyp öldürilýär.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.