Sen onada wagt ayyrmalysyn
21 ýyllyk toýumdan sonra “yşk ýellerini” janly tutmagyn taze bir ýoluny tapdym. Sonky döwürler başka bir aýal bilen köp aýlanyp başladym bu aslynda oz aýalymyn pikiridi. Bir gun aýalym tasin sözleri bilen meni haýrana goýdy. Ol: “men bilýän sen ony söýýän” diýdi. Batly sesim bn garşy çykdym. Aýalym: “Bilýän şol bir wagtda onyda söýýän, onada wagt aýyrmalysyn” diydi Ýöne aýalymyn şol diýan aýaly “19 ýyldyr dul galan ejemdi”. Işimin köpdigi zezarly we 3 çagamyn aladasy bn ejemi gormek pursatlam gaty az bolýady. Ol gije ejemi telefonda nahara we yzyndanam kinoteatra gitmage çagyrdym. Biraz tolgundy we derrew “ ýagdaýlan gowymy oglum, işlen ýerindemi” diýip sorady. Ejem giç sagatda gelen telefonun ýada çagyrylyşyn arkasynda erbet bir zat bardyr diýip düşünýän ejelerdendi. Men hem tolgunyp “ senin bn bile ikimizin biraz wagt geçirmegimiz gowy bolardy” diýdim. Ejemde “ dine ikimizmi?” diýip biraz pikirlendi we “menem islärdim” diýip jogap berdi. Ol Anna güni iş çykyşyndan soň özüm biraz tolgunyşly duýýardym. Öýe baramda ejem hem menin ýaly tolgunýardy. Gapysynyň öňünde paltosyny geýip köp wagtlap garaşyp durana menzeýärdi. Saçlaryny bezapdir we üstünde de kakam bn gutlan soňky durmuş toýlarynyň ýyllygynda geýen owadan köýnegidi. Meni görende perişdeler ýaly owadan ýylgyryşlary bn ýylgyrdy. Maşyna münemizde “ goňşylaryma oglum bn gezelenje gitýän diýemde olar gaty begendiler, oturlyşygyn nahili geçenini bilmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar” diýdi. Giden restoranymyz gaty belli bolmasada gowydy, isgarleri mylayym, hyzmatlar çalt yerine yetirilyadi. Ejem bolsa bir prinsessa ýaly bir stolda ýuwaşlyk bn otyrdy. Ýerimize oturanymyzdan soň oňa menu ny okap bermelidim çünki hatlar kiçi bolanson ejemin gozleri alanokdy. Men ýany menu nyň ortalarynda ýetemde ejemiň mana owadan gözleri bn seredip oturanyny aňdym. “öňler, sen kiçi wagtyn menu lary okaýan mendim, sen bolsa ony bilesigeliji gozleriň bilen üns berip dinleýädin” diýdi. Menem çalaja ýylşardym. “ Onda bu gezek seň rahat rahat oturmaly gezegiň. Indi men okap öz borjumy ödemeli” diýdim. Nahar da gürrünlerimiz gaty gowy boldy, gürründen daşary hiç zat bolmady gülüşdik, gynandyk. Geçmişden we durmuşymyzdan gürrünler açyp wagty uzaldyp, bile geçirmedik wagtlarymyzyn öwezini doljak bolýadyk. Şeýle bir köp gürleşipdiris welin kino gitmegiň wagty geçip gidipdir. Agşam ejemi öýüne eltip gaýdamda: ”sen bn täzeden oturmak islärdim ýöne bu gezek men seni çagyrmagyma rugsat berseň” diýdi we ýene bir gije täzeden duşuşmaga karar aldyk. Öýe gelenimde aýalym mana naharyň nähili geçenini sorady “ gaty gowy geçdi” diýdim. Birnäçe günden soňra ejem ýüreginiň birden durmasy sebäpli aradan çykdy. Bu ölüm mana bir hakykaty gorkezdi men ejem üçin ýene bir gezejik birzatlar etmegimden mahrum etdi. Birnäçe günden soň ejem bn bile oturan restoranymyzdan öýüme iki kişilik puly berilen nahar geldi we naharyn üstinde de bir ak kagyza ýazylan hatlar bardy. Hatda: “oglum, bu naharyň pulyny öň beripdim, çünki seň bilen ýene bir gezek oturmaly diýen günümize gelip bilmejegimi bilýärdim. Mundan daşary ýene iki adamlyk bir nahar pulyny berip goýdum ýöne bu gezek aýalyň ikiňiziň gitmegiňizi isleýän. Sen bilen ol günki oturlyşygymyzyň meň üçin nähili uly sowgat bolanyny sen bilsediň oglum. Seni söýýän.”diýip ýazylgydy. “Ana şol pursat “seni söýýän” diýmegiň we durmuşymyzda gerekli adamlar üçin wagt aýyrmagymyzyň gereklidigiňi bilip galdym. Durmuşyňyzda hiç bir, hiç bir zat maşgalaňyzdan has gerekli däldir. Olara haklary bolan wagty we özüňiziň söýgiňizi beriň çünki beýle pursatlar hiç wagt, hiç wagt, hiç wagt asla, asla tapdyryp durmaýar.” (Durmuşumyzdaky ähli mähriban enelere)
Nechka94
Nechka94
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.