Hezillik

On ýaşa ýetmänkäň hezil bu dünýe
Çägä togalanyp oýnabermeli
Obaň ortasyndan geçýän mes suwy
Eşikli-eşiksiz boýlabermeli

On sekiz ýaşdakaň hezil bu dünýe
Gyzlar meňki diýip gepläbermeli
Gün-günden üýtgeşik gelýän günleri
Bir-birniň yzyna sepläbermeli

Owadan gözelleň köňlüne bakyp
Tämiz ýürek bilen joşubermeli
Takdyryňa onuň keşbini çekip
Bagtly menzilleri aşybermeli

Ýüregňi paýlap bolmaz her kişä
Ony päk söýgüňe haklabermeli
Saňa berlen mähre biliňi guşap
Halal zähmet bilen haklabermeli

Otuz bäş ýaşdakaň hezil bu dünýä
Arkaňa alada ýükläbermeli
Uzak ýola düşen ýolagçy deýin
Ýetjek menziliňi çäkläbermeli

Elliň arkasynda hezil bu dünýä
Entekler ýaşlygňy ýatlabermeli
Süýji günler bilen başagaý bolup
Ýyllardan ýyllara ätläbermeli

Ýetmişden geçeňsoň hezil bu dünýe
Kalbyňy päklige oýkabermeli
Öwüt ündew berip ýaş-ýeleňlere
Şer işe başyňy ýaýkabermeli

Şeýdip sallançakdan soňky deme çen
Ýükleri arkaňda daşabermeli
Asyl muň hezilsiz wagty ýok eken
Munda hezil edip ýaşabermeli
5 лайков 266 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ejegyz.
25 дек 2021, 19:52
eeeeh cilimkesh
Kalp doctory
25 дек 2021, 19:56
gaty gowy gecmishim geljegim kelleden aylandy shuwagt sagbol like
Aýnur
25 дек 2021, 19:59
On sekiz ýaşdakaň hezil bu dünýe
Gyzlar meňki diýip gepläbermeli


Şey diyenleriň paýyny bermeli...
Enesh
Автор 25 дек 2021, 20:00
Mona Songz,
awtor men däl
Leyli Amanowa
25 дек 2021, 20:00
çägä toglanyp oynamagam nesip etmedi
Leyli Amanowa
25 дек 2021, 20:01
togalanyp*
Enesh
Автор 25 дек 2021, 20:02
Nairobi,
cilimkesh
Merdan
25 дек 2021, 20:04
Цитата: Mona Songz
On sekiz ýaşdakaň hezil bu dünýe
Gyzlar meňki diýip gepläbermeli


Şey diyenleriň paýyny bermeli...

Menem şeý diýjekdimdä hihi
Enesh
Автор 25 дек 2021, 20:05
MerdanGeldiyevv,
18 ýaşyňdamy sen
Merdan
25 дек 2021, 20:09
Enesh,
5aýdan 18 bolsa, şonda aýdaýaryn :]
Döwlet Şöhradow
25 дек 2021, 20:09
Yagşy Goşunow
Enesh
Автор 25 дек 2021, 20:10
sᴛᴀᴛᴇ,
ýok juma ýazmyradow
Döwlet Şöhradow
25 дек 2021, 20:11
Enesh,
Şony aýtjak bolup durdum ýalňyşypdyrn bagyşlaň häzir gördüm
Aýnur
25 дек 2021, 20:27
Цитата: MerdanGeldiyevv
Цитата: Mona Songz
On sekiz ýaşdakaň hezil bu dünýe
Gyzlar meňki diýip gepläbermeli


Şey diyenleriň paýyny bermeli...

Menem şeý diýjekdimdä hihi

Diy osan gorerin seni .....
Maksat
25 дек 2021, 20:32
Like brawo
Merdan
25 дек 2021, 20:37
Mona Songz,
Gizlenip diýäýerin hehe
Enesh
Автор 25 дек 2021, 20:39
MerdanGeldiyevv,
diýip gör
ESSALAMUNALEÝKUM
26 дек 2021, 08:48
düşünäýdä MerdanGeldiyevv, aýnur(mona songz) seni gowy görýä başga gyzlara gapdyrasy gelenok senem näziňi çekdirip otyrsyň(oýun etýändirin göwne almak ýok)