Türkmenistanda neşe serişdelerini ýok etmek çäresi geçirildi

Gökdepe etrabynyň çäginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň ýolbaşçylarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirýändiginiň, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Bu günki çärä gatnaşyjylaryň her biri döwletimiziň häzirki zamanyň howply wehimlerine garşy durmak we mähriban halkymyzyň saglygyny, abadançylygyny goramak baradaky tagallalaryny goldap, ýörite peçlerde ýakylýan oda ele salnan neşe serişdeleri, kontrabanda temmäki we gadagan edilen derman önümleri bolan gutulary öz elleri bilen okladylar. Düzgünnama laýyklykda, neşe serişdelerini ýakmak çäresi hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hem-de ygtyýarly bilermenleriň gözegçiligi astynda geçirildi.

Sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport zallary hem-de ýüzülýän howuzlary bolan mekdepler gurlup, yzygiderli ulanmaga berilýär.

Neşe serişdelerini, kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýakmak boýunça geçirilen çärä gatnaşyjylar ýaramaz ýagdaýa, häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine garşy gönükdirilen umumy göreşe goşulmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
9 лайков 253 просмотров
19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
- Dani
27 дек 2021, 09:59
Арада йорите сен саммсык ун йорите блог ачдым, сыясат хакында блог ачма дп, бидерек блогыны гойма, онсузам сыясат хакында китапдан гечяс?
kevin mccallister
27 дек 2021, 10:45
- Dani, bu bloglaryn sana name agramy dusup dur señ saytyna yazyp durmy. Ya señ telinden ya sen pulundan yazyp durmy. Beyleki dediskilen blogyndana gowy sul. Basgada minus basyanlarada degisli !!!!.
kevin mccallister
27 дек 2021, 10:47
Eger islemesen okama. Sen okasyn diyip acyp duran daldira sul bloglary. 4 minus basyp abrayynyz beygeldimi?
kevin mccallister
27 дек 2021, 10:49
Admin hiczat diymedi seniñ name isin edeni etsin. Name ha soz yazyp durmyya.
kevin mccallister
27 дек 2021, 10:51
*ya
kevin mccallister
27 дек 2021, 10:52
*hapasoz
kevin mccallister
27 дек 2021, 10:55
Taze gelen agzalary bir dislap goren gownune yoksa yanyna alen yokmasa cete cykaren. Sen diyip kop agzalar gitdi sutaydan basga saytlara. Begenyan halem talyplarda nikin yokdygna.
Ejegyz.
27 дек 2021, 11:33
siziňkäm dogry , Melisaňkam dogry ,meňkäm dogry ,hemmäňki dogry
Ejegyz.
27 дек 2021, 11:48
Kevin McCallister,
Beyleki dediskilen blogyndana gowy sul


eww kime dediski diýýäň sen boks
Shahrukh khan
27 дек 2021, 11:51
Tema acmaklyk hakda her kimin haky bar. Islan temasyny achyp bilyar her kim
Ogulşirin Bayramowa
27 дек 2021, 11:53
Size diýýä :))))
Enesh
27 дек 2021, 11:53
Görýän wn bärde uruş turjak bolýar
Ýaraglammy taýynlaýyn hihi
#B.S
27 дек 2021, 11:57
Цитата: Enesh
Görýän wn bärde uruş turjak bolýar
Ýaraglammy taýynlaýyn hihi

Urşjakmy ýa atyşjakmy ýa gylyčlaşjakmy??? boks atya2 pirat
Enesh
27 дек 2021, 11:59
Khanture,
taýakwando bilýän şoň üçin urya
sen haýsyny etjek
#B.S
27 дек 2021, 12:10
Цитата: Enesh
Khanture,
taýakwando bilýän şoň üçin urya
sen haýsyny etjek

eaeae gorkdum gel ikimiz bir topardan bolaly onda ;)))))
Enesh
27 дек 2021, 12:17
Khanture,
ok
kim göwnüňe degsede meň adymy beräý
kevin mccallister
27 дек 2021, 13:30
Sul bloga birinji gezek giren mahalym, on gezek gorulip bir teswir yazylgy durdy, hemem dort sany dizlike. Iki agyz birzat yazyp cykypdym hazir gorup hayrangaldym. @Dani agzany halamayanlar kan ekenay.
Kalp doctory
27 дек 2021, 14:21
melisa gaty gowy mowzuk acyang sagbol
Döwlet Şöhradow
27 дек 2021, 16:31
Gowy iş edipdirler malades+