Biziň günämiz

Durmuşda köpleriň göwnüne degdim,

Köpler bolsa, meň göwnüme degdiler.


Il içinde çekdim ýekelik derdin,

Ýekelik derdini çekenler biler.



Köp zatlary görmän duşundan ötdüm

Köpüsini bilgeşleýin görmedim.

Ýyllar geçip, ahyr bir açyş etdim ,

Ýagny, il günäli diýip ýörmedim.



Şagalaňly köçeleriň ýeňsesin,

Ujy çür köwüşli gaşap barýaryn.

Hem owadan adamlaryň hemmesin,

Hudaýlar dek sylap, salam berýärin.



Emma, ine, gujagynda balasy,

Bir ýaş ene ýaş akdyryp gözünden,

Gözýaşyndan gördüm ahy-nalasyn,

Barýar bu ajaýyp ýeriň ýüzünden.



Ilkinji şatlygyn, ilki baharyn-

Körpejigin ol gysypdyr bagryna,

Ärsumagy dünýäniň şu säheri

Sowurupdyr ony ýeliň ugruna.



Ýol! Diňe görmeýän men bu aýaly,

Men onuň hasratyn ýürekden duýýan.

Ýaş gelin öňünden özüm günäli,

Hemme adamlar-da günäli diýýän.



Il içinde çekip ýekelik derdin,

Aramyzda ýaşaýar şol juwan gelin.

Men oňa baş egip salamam berdim:

“Bagyşlaň günämiz, eý merdan gelin!”
5 лайков 145 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Enesh
Автор 05 янв 2022, 19:44
Gurbannazar Ezizow
Kakow
05 янв 2022, 20:01
Gurbannazar Ezizowy kan goşgularyny okammok
Kerim Gurbannepesowyn goşgulary gowy
Ejegyz.
05 янв 2022, 20:04
MARLY_БОРЕЦ,
+++
Kerim Gurbannepesow gaty gowy söz ýok oňa ,
Ezizow, Hudaýnazarow,Atajanow ,Kerbaba,Seýitliýew, Seýidow, Kekilowa dagylaram gowy
Yurek lukmany
05 янв 2022, 20:25
Shahyram goshgy yazdy ,dine gowy diyildi .hic kim ong yuregning ince syryn bilmedi.Ine sheydip shahyrlar bu dunyaden gitdiler.
Miss
05 янв 2022, 20:31
Like
myhman
05 янв 2022, 21:22
Ýürekden çykan sözler ýürege barar. Beýik şahyr, halkyň şahyry. Ýetireniňize sagbol.
GuljemilE
05 янв 2022, 22:58
Like
Enesh
Автор 06 янв 2022, 08:08
sps hemmäňize