****

ABŞ "Eýran hökümedine hyzmat edýän hakerler"hakynda maglumat berene 10 million dollar wada etdi. Olar ABŞda 2020 ýylda bolup geçen prezident saýlawuna täsir etmekçi boldular,diýip habar berýär döwlet departamenti.
"10 million dollar baýrak belgilendi. Bu hakerler 2020 ýylda ABŞda bolup geçen saýlawa täsir etmek üçin Eýran hökümedine işlän", - diýilýär döwlet departamentiniň Twitter arkaly ýaýradan habarynda.

Habarda eýranly Saýid Husaýniý Kozimiý we Sahhad Kaşiýoni dagylaryň fotosuratlary goýulan.

"Kozimiý bilen Kaşiýoniý Eýranyň 2020 ýylky prezident saýlawyna gönükdirilen kiberhüjümine gatnaşan", - diýilýar habarda.

Mundan öň ABŞ maliýe ministrligi Eýranyň Emennet Pasargad kompaniýasyna we onuň alty sany işgärine sanksiýa girizipdi.

*Eýrana gaty köp basyş edýä şu Amerika. Bar belaň körügi atom ýaragam,adam hukuklaram, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmagam,terroristlere kömek etmegem däl-de Rossiýa bilen arasynyň sazlygy. Bar arzuwy Eýranyňam üstünden kontroly ýola goýmak. Köp adam Eýran strategik tarapdan daýaw ýurt,şoň üçin milt edip bilenok girmage diýäler. Ýöne Amerika Eýranyň özünden däl-de arkasynda duranlardan çekinýä. Onuň arkasynda bolsa Rossiýa bilen Hytaý dur.
2 лайков 202 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hanguly
10 янв 2022, 18:52
Goşulmasa bolanokda imperialist, ýöne gowy wada sebäbi hem Amerikaň hakerleri we işleýänleri köp
Ejegyz.
10 янв 2022, 18:52
... cilimkesh
Maksat
10 янв 2022, 19:05
Eýrana abş näçe sanksiýa girizip, basyş etsede eýranyň hökümedi haýsy döwletler bn gatnaşmalydygny bilýär. Soň üçinem näçe basyş bolup näçe üýşip çaşsalaram eýran abş bn ýewropa boýun egenok. Eýrana näçe oýun gurnasalaram sarsanok, bolmasa yrak bn arasyna çöp atyp ikisinem dargatjak boldular.
Liwerpul_fc
Автор 10 янв 2022, 19:07
Цитата: Bayker

Arkaly köpek gurt alar
Hanguly
10 янв 2022, 19:16
Hem arkasy bar hem güýji bar ýöredilişi biderek bolsada. Ýöne özüni özi ekläp bilýär, Amerikaňam esasy arkasyndakylardan dälde özünden çekinýär, sebäbi bu ýurt eýleki ýurtlar ýaly diňe garşylyk berenok, ýarag toplap başlaberýärler derrew, hem ýadro ýaraga eýe boljak bolup durlar
Maksat
10 янв 2022, 19:17
Liwerpul_fc,
Şo bolýa ýöne arkasynda biriniň bardygyny bildirenok, dastoýny durýa, çürt kesik jogap berýä. Başgada aýdara zat kän ösýä ýöne başgalary ýaly ýarym ýalaňaç ösenok, ahlak päkliginiň din ýnanjynyň ösen ýurduny basmak aňsat däldir. Onda siriýa ynananokmy dine diýmegiň mümkin, dine ynanýan bolsalar metjitleri ýykyp dini kitaplary ýakmazdylar( igil barada aýdýan)
Liwerpul_fc
Автор 10 янв 2022, 19:22
Цитата: Wlad
Hem arkasy bar hem güýji bar ýöredilişi biderek bolsada. Ýöne özüni özi ekläp bilýär, Amerikaňam esasy arkasyndakylardan dälde özünden çekinýär, sebäbi bu ýurt eýleki ýurtlar ýaly diňe garşylyk berenok, ýarag toplap başlaberýärler derrew, hem ýadro ýaraga eýe boljak bolup durlar

Wlad,özünden çekinenok meň pikirimçe'hä. Eger urşaýan ýagdaýlarynda-da ýeke Eýranyň özi bolsa Minimum rashot bilen basyp alar sähel wagtda. Eger uruş başlasa Eýranyň bar edip biljek zady Amerikaň golaýdaky bazalaryny bombardirlemek bolaýmasa. Diňe bazalary bilen söweşip yza gaýtaryp bolmaýa bu giganty. Amerikany ýumdurmak üçin ýa agzybir bolmaly ýa-da atlantik okeýana çykylýan ýeriň bolmaly
Liwerpul_fc
Автор 10 янв 2022, 19:24
* atan okuň özlerine baryp ýetjegini bilseler ýumýa bular diňe.
Liwerpul_fc
Автор 10 янв 2022, 19:26
Цитата: Bayker
Liwerpul_fc,
Şo bolýa ýöne arkasynda biriniň bardygyny bildirenok, dastoýny durýa, çürt kesik jogap berýä. Başgada aýdara zat kän ösýä ýöne başgalary ýaly ýarym ýalaňaç ösenok, ahlak päkliginiň din ýnanjynyň ösen ýurduny basmak aňsat däldir. Onda siriýa ynananokmy dine diýmegiň mümkin, dine ynanýan bolsalar metjitleri ýykyp dini kitaplary ýakmazdylar( igil barada aýdýan)

Dogry Eýrany pes ýurt hasaplamok,güýçli ýurt olam,ýöne Amerikany ýumduryp biljek derejede däl.
Hanguly
10 янв 2022, 19:35
Ilki bilen Eýran Yslamy gowy ýöreden döwletmi ? Şu düşünje ýaly düşünje ýok, Sünni Şaýy çekeleşilleri, aýallar başyny açyk gezmeli däl, lýuboý zatda diňe aýal günäkär, eliňe endamyňa hiç hili şekil çyzmazlyk, saç reňkini boýamazlyk, gaty mal ýurtdygyny bilýäňmi ? Şo sebäpli yöredilişi biderek diýdim. Ikinjidenem @Liwerpul, Eýran Amerikany ýeňer diýmedim, gaty uzak wagt iş bolar we ençeme ýitgi çekip çykjagy köre mälim, arkasynda halky duran döwleti aňsat alyp bolmaýar, şo sebäpli Siriýa dagady, olar wapşe mal
Leyli Amanowa
10 янв 2022, 19:41
Bäh