Aglasym gelyar!

Meň şu wagt juda aglasym gelýär,
Ger dökülen gözýaş egsiltse derdim.
Ýüzümiň tuwagy haýa, utanjym,
Diýmeli sözlerim diýdirmän otyr,
Damja çykarardan ejiz gözlerim.
Bozulanym görse ezizlejek ýok,
Bagra basyp, başym sypap gyýyljak,
Dertlerime şypa boljak melhemim,
Menden alyslarda bagty gözläp ýör...
A men ýetip bilmän nurly meňzine,
Küýsegden, gussadan agraldy egnim.
Umyt berenlerim sessiz-sedasyz,
Goldawy ýetjegim öwürdi ýüzün...
Didaryna suwsan gara gözümiñ,
Kalbyny ynjytman gowuşmak üçin,
Hakdan ýetjek delalata garaşyp,
Sabyr käsäm pürlense-de syr bermän,
Ynjanymy duýmadykdan bolanlaň,
Garagyna bakyp ýylgyrsam, gülsem...
Agyly dünýämiň ahyn duýdurman,
"Dokuzy düzüw şuň" diýdirip bilsem,
Başga zat gerek däl, hantama-da däl.
Baýlygyňam nesip etsin özüňe,
Birje begenjime dözmedik şaýlaň,
Gadyry gymmaty ýer tutmaz gözde.
Ýaşaýşyň yşky bar göwnüm töründe,
Ýetilmejek menzil ýokdur isleseň.
Sen bagty tapmarsyñ dünýäň ýüzünde,
Millýonlaň, milýardlaň sany ýitse-de.
Ýanyňdakam gadyryma ýetmeseň,
Görmeseň gözlemden ideýän zadyñ,
Düşündirip bilmän düşünip bilmän,
Neçünleň hatary bulaşdy serde,
Çäresiz, alaçsyz, sessiz-sedasyz,
Ger dökülen gözýaş egsiltse derdim,
Meň şu wagt juda aglasym gelýär...
5 лайков 134 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gultac
28 янв 2022, 12:20
Aygozelim Kimin gosgusy son okqryn tel zqryad yok
Bulut
28 янв 2022, 12:27
berekella gowy gosgy eken name ucin aglasyn gelya
Gultac
28 янв 2022, 18:18
Men Ulam Bolsam Ejemin yanynda agladym Yenledim