Goşgy
Mätäjim ýagşy söz, sylag islegim.
Bir zaryn mukam men kalby men gussaly.
Şowhuna,şatlyga bermän özümi.
Çekip ýörün dünýäň soňsuz näzini.
Düýnümde müýnüm ýok, erte-de tamam.
Diňe şu gün bile barlygym dowam.
Ýazgytdan köp zada hantama däl men.
Elime reňk alyp, agardýan pälim.
Pikri pyçak bilen dilimläp ýörün.
Hyýaly-hyýala ýelimläp ýörün.
Ýaragym-göwnümdir, goragym-pälim.
Ýazgytdan köp zada hantama dälem.
Mätäjim ýagşy söz, sylag islegim.
Bir zaryn mukam men kalby gussaly.
Aşyr Hanow
Bir zaryn mukam men kalby men gussaly.
Şowhuna,şatlyga bermän özümi.
Çekip ýörün dünýäň soňsuz näzini.
Düýnümde müýnüm ýok, erte-de tamam.
Diňe şu gün bile barlygym dowam.
Ýazgytdan köp zada hantama däl men.
Elime reňk alyp, agardýan pälim.
Pikri pyçak bilen dilimläp ýörün.
Hyýaly-hyýala ýelimläp ýörün.
Ýaragym-göwnümdir, goragym-pälim.
Ýazgytdan köp zada hantama dälem.
Mätäjim ýagşy söz, sylag islegim.
Bir zaryn mukam men kalby gussaly.
Aşyr Hanow
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.