Apple lukmançylyk örtüginde ýüzi tanamak funksiýasyny synagdan geçirýär

Apple amerikan kompaniýasynyň işläp düzüjileri ykjam gurluşlar üçin iOS 15.4 operasion ulgamynyň täzelenmesiniň beta-wersiýasyna gorag örtügi dakylanda-da işlejek "ýüzi tanamak" funksiýasyny goşdular. Bu barada Apple-iň täze önümleri baradaky maglumatlar, çaklamalar we gürrüňler bilen meşgullanýan MacRumors portaly habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Smartfony Face ID ýüzi tanaýjynyň kömegi bilen gulpdan açmak üçin tehnologiýa sazlamalaryna “Örtük dakylanda Face ID-i ulanmak” funksiýasy goşuldy. Portal degişli goşundynyň ekran suratyny ýerleşdirdi.

“Face ID-iň işi diňe tutuş ýüz skanerlenende has takyk bolýar. Örtük dakylanda programmanyň dogry işlemegi üçin iPhone gözüň töweregindäki özboluşly ýüz aýratynlyklaryny tanaýar. Örtük dakylan ýagdaýynda gurluşa göni seretmeli” – diýlip, funksiýanyň düşündirilişinde aýdylýar. Mundan başga-da, ulanyjy örtük we äýnek dakynsa-da gulpdan açma dogry işläp biler.

MacRumors täze täzelenmede synagdan geçirilýän funksiýa kompaniýanyň diňe iPhone 12 we iPhone 13 ýaly has täze modellerinde elýeterli bolar diýip çaklaýar.
0 лайков 79 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.