........Dünýäniň täsin restoranlary

2015-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde açylan täsin restoran özüniň iş düzgüni bilen tapawutlanýar. Bu ýerde islendik müşderi üçin naharlanmak tölegsiz bolup, onuň ýerine aşhanada 50 minut işlemek ýeterlikdir.

Gollandiýanyň paýtagty Amsterdam şäherindäki adaty bolmadyk restoranda bolsa ähli ýerleşdirilen stollar bir müşderi üçin niýetlenendir. Bu ýagdaý käbir müşderiler ýeke özi naharlanmak isleýänler üçin amatly bolup biler.

Finlýandiýanyň Kemi şäherinde ýerleşýän buzdan we gardan döredilen restoran hem köpleriň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerdäki howanyň ortaça temperaturasy -5 derejä deňdir. Bu ajaýyp restorana gelýän müşderilere esasan hem sowuk deňizlerde ýaşaýan jandarlardan taýýarlanan tagamlar hödürlenýär. Restoran diňe gyş möwsüminde işleýär.

Dubaý şäherindäki meşhur Burj Halifa binasynda ýerleşýän restoran özüniň kaşaňlygy, ajaýyplygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu ajaýyp restoran binanyň 122-nji gatynda ýerleşmek bilen, ýerden 422 metr belentlikde ýerleşýär. Ol dünýädäki iň beýik restoran hasaplanýar.

Söweş sungatynyň muşdaklary Nýu-Ýork şäherindäki restorana baryp naharlanyp, wagtlaryny gyzykly hem-de täsirli geçirip bilerler. Bu ýerdäki görnüş özboluşly bolup, ol orta asyr ýapon obasyny ýada salýar. Myhmanlar ýerasty labirintiň üsti bilen restorana eltilýär. Müşderilere hyzmat edýän işgärleriň hem söweş eşiginde bolmagy örän täsirliligi bilen tapawutlanýar.

Finlvandiýada ýerleşýän “Kuappi” restorany iň kiçi restorandyr. Ol ýerde diňe 2-3 müşderä hyzmat etmeklige mümkinçilik bolup, meýdany 8 inedördül metrdir, onuň hem 4 inedördül metr meýdany aşhanadyr. Bu adaty bolmadyk restoran ulanylmaýan demir ýol kabinasynda ýerleşýär

Tokiodaky “Princess Heart” restoranynda her bir zenan maşgala özüni şa zenany hökmünde duýup biler. Müşderi kellesi täç geýdirilen ýagdaýda tagtda oturýar, hyzmat edýän işgärler hem edil kenizleriň lybasynda geýinýärler.

Bangkokdaky restoran bolsa kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilip, ol ýerde robotlaryň hyzmatyndan peýdalanmak bolýar.

Şeýle täsin hem-de ajaýyp restoranlara baryp görmekligiň özi-de dünýägaraýşyň giňelmegine, wagtyň gyzykly geçmegine ýol açýar.
5 лайков 132 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
07 фев 2022, 13:40
Birinji Nyu Yorkdaka giderdim orta asyr Yapon obalary nahili bolduka?