Kitap we söýgi
Salam saýtdaşlar!Düýn Show Tv teleýaýlymyndaky "Bir şansım olsa" gepleşigindäki gozgalan başdan geçirme ägirt täsir galdyrdy.Ol başdan geçirmede meniñ iñ halaýan iki temam birleşdirilipdir:Kitap we söýgi.
Gepleşigi bilmeýänler üçin aýdaýyn.Gepleşige haýsydyr bir ýakynyndan ötünç sorap ýaraşmak isleýän ýa-da kimdir birini agtarýan,şeýle hem nähilidir bir haraý isleýän kişiler gatnaşýar.Gepleşikde olaryñ göwnüne degen ýakynlary çagyrylýar,gözleýänleri tapylyp berilýär,soran kömekleri edilýär.Elbetde,gepleşige senarýa esasynda hereket edýär diýenlerem bar.
Düýnki bölüme ýalñyşmasam 30-35 ýaşlaryndaky bir zenan gatnaşypdy.Ol özüniñ dünýäden öten mamasynyñ ruhuny rahatlandyrmak maksady bilen gelendigini aýdýar.Ýagny,ýaş zenan mamasy ýogalandan soñ onuñ okan kitaplaryny dörjeşdirýär.Kitapdaky sözleriñ käbir harplarynyñ üstüniñ tegelenendigi gözünden sypmaýar.Soñ tegelenen harplary arassa kagyza ýazyp birleşdirip okap görýär.Şeýleräk sözler emele gelýär:
"Myrat,seni göresim gelýär.Görüşmek mümkinçiligimiz ýokmy?Käşgä,suratyñy ugratsañ."
Ýañky zenan kitaplary alýar-da ýüwürýär "Bir şansım olsa"gepleşigine.Ady agzalan "Myrady"gözleýändigini aýdýar.Gepleşigiñ döredijilik topary "Myradyñ"öýünem,belgisinem tapýarlar.Gepleşigiñ gurluşyna görä maşynlaryny daşarda garaşdyryp tapan belgilerine jañ edýärler.Jañy hälki zenan bilen deñ-duşrak ýigit alýar.Ýigit "Myradyñ" ýogalandygyny,özüniñ hem şonuñ agtygydygyny aýdýar.Soñ gepleşikden ugradylan maşyna münýär.Ýene gepleşigiñ gurluşy boýunça agtarýan kişiniñ ugradan kassasyny açýar.Kassadan hälki ýaş zenanyñ ugradan kitaby çykýar.Ýigit kitapdaky daşy tegelenen harplary görüp,şeýle daşy tegelenen harply kitaplaryñ öz atasynda-da bardygyny aýdýar.Alyp baryjynyñ haýyşy boýunça ol kitaplary maşyna ýükleýärler.Şeýdibem hälki ýaş zenanyñ oturan ýerine gelýärler.Olar tanyş bolýarlar.Gürrüñiñ netijesinde zenanyñ mamasy bilen ýigdiñ atasynyñ ýaşlygynda birek-biregi söýendikleri,kitaplaryñ üsti bilen habarlaşandyklary mälim bolýar.Gepleşikdäkiler ýigdiñ getiren onlarça kitaplaryndaky daşy tegelenen harplary birleşdirip,ýaş zenana berýärler.Şeýlelikde,onuñ mamasynyñ ugradan "hatlary"ýüze çykýar."Käşgä görüşip bilsek" "Men indi on ýedi ýaşadym.Meni çykarjak bolýalar".Zenandaky kitaplar hem ýigdiñ atasynyñ ugradan "hatlary"bolmaly.
Gürrüñiñ gowuşabilmedik aşyklar hakyndadygyny añansyñyz-la.Garaz,zenanyñ mamasy başga birine durmuşa çykýar,ýigdiñ atasam başga birine öýlenýär.
Gepleşikdäki ýigit bilen ýaş zenan biri-biri bilen gyzyklanyp yzygider görüşmek netijesine gelýärler.Ýigdiñ atasynyñ ýaşan obasyna gidip beýleki kitaplaryny hem tapmagy ýüregine düwýärler.Hälkiler gepleşige bir aý soñ gelenlerinde "Olar gowuşyp bilmese-de,olaryñ başarmadygyny biz başararys"diýip biri-birini söýýändiklerini,durmuş gurmak isleýändiklerini aýdýarlar.Olar hem mamasy we atasy ýaly kitaplaryñ üsti bilen habarlaşmagy ulanyp başlapdyrlar.Aýtmaklaryna görä,olar durmuş guranlaryndan soñ ýigdiñ atasynyñ ýaşan kiçijik obasynda ýaşamak netijesine gelipdirler.
Gepleşik şeýle sözler bilen jemlendi:"Söýgi hem miras goýlup bilner".
@Belki.

23комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.