...

Bu gunem adatydakylar ýaly ir bilen turdum, ertirlikden son haýdap eşiklerimi geyip okuwa gitmeklik üçin duralga tarap yola düşdim. Awtobus geldi, mündim, awtobus Görogly köçesiniň ugry bilen Magtymguly adyndaky Türkmen Dowlet Uniwersitetine ýetdi. Inede meniň düşmeli duralgam. Awtobusdan düşüp peşehot bilen köçäni kesip geçmekçi wagtym elinde dolagly bäbegi we ýanynda 4-5 ýaşly çagajyj dur. Gelneje çaganyň elinden tutup köçeden geçmekligi haýyş etdi, razylaşdym. Çaganyň elinden tutup köçeden bile geçdik. Inede başlady.... Çagajyk balagymdam ýapyşyp aglap ugrady, gelnejä çaganyň elinden tutmaklygy aýdanymda ol, bu menin çagam däl men tanamok muny diýdi, men hem sen haýyş etdinä senkä çaga diýsem hiç hili boýun alanon. Çagajyk hem aldygyndan aglaýar balakdan ýapyşyp...
Şol barmana Polisiýanyň Şewroleti, ýol patruly biziň gohumyza gelip uglagy saklady. Oňa gelnejäniň çagany köçeden geçirmekligi haýyş edendigini, indi hem çagany alman durandygy barada aýtsam gelneje hem öz warýandyny aýtýar... Polisiýanyň kapitany hemmämizi etrap polisa bolümine alyp gitjekdigi barada aýdyp maşyna münmekligi aytdy. Men özümiň talypdygymy, okuwa yetişmeyändigim barada näçe gezek aýtsam hem hiç hili dinlemän meni idenekledip mündirdiler maşyna... Etrap polisiýa bardyk, degişli düşündiriş aldylar, gelneje çagany hiç hili tanamaýandygyny ony özüniň çagasy däldigini subut edip bilýändigini aýdyp, yaňky çaganyň boynundan gysyp bogmaga başlady, çaganyň ýuwaş-yuwaş reňki solup ugrady welin polisiya işgäri öz çagasyna dözmezdi oň çagasy däl hany indi senem öz çagaň däl bolsa bogup görkez çagany diýdiler... Nädip dözjek 4-5 yaşlyja çagajyga... Şondada öz çagam däldigini subut etmeklik üçin çaganyň boynundan gysyp ugradym.... Ine şo wagtam siýesim gelip zordan oýandym, düýşüm ekeni....

@_agüero
8 лайков 161 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
- Dani
08 фев 2022, 23:51
Ей бля соныны окап гулдим ???
Enegul
09 фев 2022, 07:15
???
Belki
09 фев 2022, 08:21
Bogup öldüren bolsañyz mesele awtomat çözülerdi :)))
Hiayres
09 фев 2022, 08:23
"Ine şo wagtam siýesim gelip zordan oýandym, düýşüm ekeni...."

Siýesiň geleni üçin oýanylanokda, oýanaňsoň siýesiň gelip oýanyňy aňşyrylýar. Waka, Süleýman pygamberiň ugurtapyjydygyny görkezýän bir çaganyň iki enesi ýatlatdy.
Serdar
Автор 09 фев 2022, 12:09
Belki,
Onno gyzyk bolmayar.:))
Serdar
Автор 09 фев 2022, 12:11
Hiayres,
Başyñdan kän geçiripsiñ oýtyan:)
Atsyzatly
09 фев 2022, 14:12
Цитата: Seri
Hiayres,
Başyñdan kän geçiripsiñ oýtyan:)


Geçirip, geçirmezlik dälde, mantyk diýilýän zatdan ara açmamsoň bilýän.
Serdar
Автор 09 фев 2022, 16:04
Hiayres,
Atsyzatly,
Düýp manysy siyesiñ gelip turdyñ dami? Barmak basyp derñemek gerekdalmika diyyan degişmejigi.