Iÿen ÿaly kabul et

Takmynan 18-nji asyrlarda Türkiÿäniñ Istanbul šäherinde Keçeji Haÿreddin diyip bir orta-tap ÿagdaÿda ÿašap ÿören bir adam bar eken. Ol uly, owadan metjitleri görüp özi hem kiçiräk bolsa hem metjit salmak isläpdir. Bunuñ üçin oña köp pul gerek bolupdyr. Ynsanyñ nebsi her tüysli gowy we gymmat zatlary isleyar, kafelarda iÿip içesi gelÿar. Ol bolsa her gezek gowy zatlary iÿesi gelen wagty öz-özüne “iÿen ÿaly kabul et” diÿip, puluny aÿyryp ÿygnap baślapdyr. Šeÿdip ol 20 ÿylyñ içinde jemlän puluna bir metjit saldyrypdyr.

Metjit Türkiÿede Istanbulyñ Fatih raÿonynda ÿerlešÿär. Ady “Sanki yedim”.
4 лайков 255 просмотров
47комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
09 фев 2022, 13:01
Bäh, görgüli peýdaly iş edipdir. Adyny hem manylaşdyryp ''Sanki yedim'' dakypdyrlar...
Hiayres
09 фев 2022, 13:05
Näme üçin metjit guranyna düşünmedim, "guran ýaly gör" ýada näme üçin ýaşanyna düşünmedim "ýaşan ýaly" gör diýibem bilerdi ahyryn.
Hiayres
09 фев 2022, 13:08
Ömrüňe iýmän, içmän, geýmän, gezmän metjidiň içinde metjit salýan adamlara düşünemok. Ýer ýüzüniň ähli ýeri Allanyň öýi, musulmanlara ýer ýüzüniň ähli ýerinde namaz okamana rugsat berilen.
Hiayres
09 фев 2022, 13:11
Alla adama jany (ömüri) peşgeş edende, ýaşaman, görmän, şatlanman, gülmän, beren peşgeşi öz isleýän zadyň üçin ulanman metjit gur diýip beren däldir, eger Alla metjide mätäç bolsa, adamlary dälde metjitleri ýaradardy.
LIDER
Автор 09 фев 2022, 13:37
Hiayres,
O soraglaryña ÿekeme-ÿeke jogaplardym welin, edil šuwagt ÿeri we wagty däl. Temadaky adama gezek gelse, öñünde plan goÿupdyr we ony ÿerine ÿetirmek ün elinden gelenini edipdir. Hytaÿlañ “Baÿamak isleseñ nädip gazanÿanyña däl-de, nirä sowÿanyña üns ber” diyip bir nakyly bar. Elbetde ol adam iyip-içendir, geyendir ÿöne çaky bilen.
Haçanda bir adam goyan maksadyna ÿetmek islese, soñyna çenli ylgamaly bolyar. Edil özimä šeÿle.
nejisje
09 фев 2022, 13:45
LIDER,
Ai o görgüli shony özüne maksat edinendir...Kelle ish goysañ hokman gutarmaly diyen dusunje ba ka adamlarda
Atsyzatly
09 фев 2022, 13:55
Цитата: LIDER
Elbetde ol adam iyip-içendir, geyendir ÿöne çaky bilen

"Elbetde ol adam iyip-içendir, geyendir ÿöne çaky bilen"

Ony diýseňizem çaky bilen iýip-içmän baýap ýörenlerem bar. Baýlyk iýip-içgä bagly zat dälmikä diýýärin.
Atsyzatly
09 фев 2022, 13:58
"O soraglaryña ÿekeme-ÿeke jogaplardym welin, edil šuwagt ÿeri we wagty däl."

Näme üçin ýeri we wagty dälmiş? Sen maksadyňa, manysyz, mantyksyz maksadyňa nähili ýetmeklik barada tema açyp, şol usuly mahabatlandyraňda wagtyda şol tema dahylly sorag ýüze çykanda jogaplamak üçin wagty dälmiş.
Belki
09 фев 2022, 14:04
"Sanki yedim" sözüni iýen ýaly kabul et diýip terjime etmek ýalñyş.Men bolsam "iýipmişim-dä"diýip terjime ederdim.
LIDER
Автор 09 фев 2022, 14:14
Atsyzatly,
Temadaky adam hakynda aytyan men. “Alla adam name un yaradypdyr, yerin hemme yeti metjit, iyip ichmejek nama gerek” diyen pikirleri jogaplamañ ÿeri dal diyyan. “Kör hem hasasyny, bir gezek aldyrar” Käbir çyzykdan çykÿan meseleleri baśga ÿerde we šol ugurdan has ylymly adamlardan sorap bilersiniz.

Aÿdyšym ÿaly “Kör hem hasasyny bir gezek aldyrar”. Düšünensiñlaÿ...
Atsyzatly
09 фев 2022, 14:18
LIDER,
Isleseň körüň hasasyny günde-de alyp bolýar. Ony bahana edinmäň. Soraga jogabyňyz ýok bolsa "jogaplardym welin arman ýeri dälde" diýip magtanmaň. Birem düşünmeýän wakaňyz ýada ugruňyza degişli temalary mahabatlandyrmaň.
Leyli Amanowa
09 фев 2022, 14:20
Atsyzatly,
sayta eliňi çermäp giripsiň öydyän
Leyli Amanowa
09 фев 2022, 14:21
yeňiňi diyjek boldum özuňiz duşunäyiň
Atsyzatly
09 фев 2022, 14:27
Цитата: Nairobi
Atsyzatly,
sayta eliňi çermäp giripsiň öydyän


Nämäni öwüp arşa çykarýanyna düşünenok, adam tebigatyny, psihikasyny bilenok, ýene-de maksadyňyza ýetmek üçin tygşytly bolmalysyňyz, köp islegleriňizden ýüz döndürmelisiňiz diýýär. Göz öňüňe gelýärmi 20 ýyllap adam öz isleglerini ret edip, pul jemläp, mowzukda aýdylyşy ýaly metjit saldyda (hiçkime gerekdäl mitjit, namaz islän ýeriňde okap bolýar) birki ýyl geçmänem ýerine elitka salmaly ýada söwda merkezi etmeli diýip buýruk geldi, adamyň 20 ýyllap eden azaby puja çykdy. Ne adam 20 ýyl normalny ýaşap bildi, ne-de azabynyň hözürini gördi. Dogrumy şul onsoň?!
Leyli Amanowa
09 фев 2022, 14:31
Atsyzatly,
metjit yetigä ondan 20 yyllap yygnan zadyna medrese salyp nesili bilimli edende ya-da kitaphana salyp kitaplary yygnan bolanda has peydalyrak bolardy yene bir zat kelläme geldi şuwagt welin ony aytmagy birhiliräk gordum
LIDER
Автор 09 фев 2022, 14:32
Atsyzatly,
Diymek düśünmänsiñ...
Leyli Amanowa
09 фев 2022, 14:33
18nji asyr boljak bolsa aryp gelen kerwenlere komek hokmunde kerwensaray salsa-da boljak eken
Atsyzatly
09 фев 2022, 14:35
Цитата: Nairobi
Atsyzatly,
metjit yetigä ondan 20 yyllap yygnan zadyna medrese salyp nesili bilimli edende ya-da kitaphana salyp kitaplary yygnan bolanda has peydalyrak bolardy yene bir zat kelläme geldi şuwagt welin ony aytmagy birhiliräk gordum


Ine dogry pikir. Kitaphana salyp, kitaplary toplan bolanlygynda, kitaplaryndan peýdalanyp adam bolan adamlar bolardy, gelip sag bolsun aýdardylar, belki eden harjyny ödejeklerem tapylardy we şeýdip hem özüni üçin hem-de jemgyýet üçin peýdaly iş etdigi bolardy.
Atsyzatly
09 фев 2022, 14:37
Цитата: LIDER
Diymek düśünmänsiñ...


Diýmek düşündirmänsiň ýada düşündirip bilmänsiň. (Üm dilä gyrada dursun, türkmenler bilen türkmençe zorlyk çekýän adam men)
Leyli Amanowa
09 фев 2022, 14:38
Atsyzatly,
Bilimli nesil yetişdirse döwletem bellibir derejede öserdi namaza beren päkligini şol nesile öwreden bolanda ondan daşgary Watany wepalylygy öwreden bolan-da has köp sogap gazanjak ekeni
Leyli Amanowa
09 фев 2022, 14:39
Цитата: LIDER
Atsyzatly,
Diymek düśünmänsiñ...

duşundir
Mona Lisa
09 фев 2022, 14:41
Цитата: Nairobi
18nji asyr boljak bolsa aryp gelen kerwenlere komek hokmunde kerwensaray salsa-da boljak eken

Yok ondan ýene metjit salanyň gowy
Atsyzatly
09 фев 2022, 14:43
Nairobi,
Aslynda "Çaga aýdanyňy däl, edeniňi eder" diýip söz bar, şonuň üçinem Watan wepalylygyny öwretmeli dälde görkezmeli adamlara.
Leyli Amanowa
09 фев 2022, 14:44
Mona Lisa,
ay yzyna girdeji girsin diydimdä Kitaphana kellesi işlemese)
Atsyzatly
09 фев 2022, 14:45
Цитата: Mona Lisa
Цитата: Nairobi
18nji asyr boljak bolsa aryp gelen kerwenlere komek hokmunde kerwensaray salsa-da boljak eken

Yok ondan ýene metjit salanyň gowy


Ýer ýüzüniň ähli ýeri metjit. Ýeriň özi Allanyň öýi, öýüň içinde sen öý salýaňmy?!
Leyli Amanowa
09 фев 2022, 14:46
Atsyzatly,
Kitaphana medrese salan bolanda şondan gowy wariant barmy Watana bolan soygiňi görkezmäge?
LIDER
Автор 09 фев 2022, 14:48
Atsyzatly,
Öñem bir tilki gapana düšüpdir diyya, añyrrakda yene bir tilkem gapana düśüpdir we bir möjek yzyndan iteklap durmush. Yañky gapana dushen tilki ony görüp öz halyna śükür edyarmish.

Dostym, agam, inim bilemak nam diyip yuzlenjegimi. Gowysy sen men hakda “Düśünjesiz, soraglara jogap bilmeyan” biri diyip pikir edaysenay. Šol pikiriñ meniñ ü/n has gowy bolaÿjak ÿaly.
Atsyzatly
09 фев 2022, 14:55
Цитата: LIDER
Atsyzatly,
Öñem bir tilki gapana düšüpdir diyya, añyrrakda yene bir tilkem gapana düśüpdir we bir möjek yzyndan iteklap durmush. Yañky gapana dushen tilki ony görüp öz halyna śükür edyarmish.

Dostym, agam, inim bilemak nam diyip yuzlenjegimi. Gowysy sen men hakda “Düśünjesiz, soraglara jogap bilmeyan” biri diyip pikir edaysenay. Šol pikiriñ meniñ ü/n has gowy bolaÿjak ÿaly.


Beh, daş töwerek haýwanat bagy diýsene. Elbetde, aňly haýwanam ýok.
Siziň diýeniňiz bolsun. Başda-da men siz barada dälde, siziň mowzugyňyz barada netije çykaryp, öz pikirimi ýazypdym. Ýöne, ugry özüňize çeken özüňizdi.
Atsyzatly
09 фев 2022, 15:02
LIDER,
Birem, düşjegiň gapan bolsa, öz aýagyň bilen bardyň nä, möjek itdi nä, netijede "iki sekizim bir hasap" bolmaýarmy?!
Leyli Amanowa
09 фев 2022, 15:05
Ilki mowzuk yazypsyň taň edipsiň. Bu tankytlar saňa däl-de Hayreddin aga degişli sen ony mahabatlandyrypsyň. Ondanam beter oňa degişli negatiwler saňa urgy bolup degip dur. Bizi nähak hasaplap otyrsyň. Yöne özuňi nädip haklydygyňy subut etjegiňi bileňok. Sebäbi sen hakly däl. Oň deregine saňa sorag berene "duşunjesiz" diydiň. Bilmedigiňi duşunmedigiňi soramak asyl soragyň özi ayyp zat däl. Sen subut et biz duşunmedik diyip boyun alaly. Duşunjeli adam temasyna garşy yazylan teswire jogap beryär bilmedige öz bileninden öwredyär we hiç kimiň duşunjesizdigini yuzune aydy bilmez. Hemme sen yaly bilimli ya-da bilim almaga mumkinçiliksiz bolup bilyär