Bir arapdan - bir şarapdan

6-7-nji klaskam Edebiýat kitabynda Keý Kowusyň  "Kowusnama" eserinde şeýleräk sözler bolmaly:

- ALYM BOLMA, ADAM BOL

Muny iň bärkisi meň okanyma ençeme ýyl boldy, eseriň özüniň näçe ýyllyk taryhy ýatyrka?!
ALYM-a düşnükli, ADAM bolmak şunçalyk kynmykanaý diýip şol wagtam, häzirem pikir ekip ýörün. Diýýänsiňiz, ADAMdyr-da, el, aýak, göz, gulagy bar bolsa... Adam bolmak üçin diňe biologiki gurluşyň düzüw bolmagy ýeterlikmikä?! Ýeterlik däldir meň üçin-ä.. Çünki eli ýok golagada adam diýýäs, gözi gapygada diýýäs, dişi ýoga-da adam diýýäs-ä,, dogrumy?
Hiç kimiňem "Adam" diýilende göz öňüne ROBOT gelenok, özümiz ýaly adamy göz öňüne getirýäs.. Şonuň üçin diňe anatomiki taýdan adam hasap edilýänlere men-ä "SAN" diýýän...
Indi hakyky Adam bolmagymyz üçin üstüni doldurmaly ummansyz goşundylar bar. Ulanýan bir sözümiz bardyr "Adamçylyga sygýan zady etsene" diýip... Nämekä ol adamçylyga sygmaly we sygman daşynda galýan zatlar?? Muny her kim özüne sorag bersin...

Ýegenim bar, gyz özem, Apirýalda okaýar, soňky kurs, nesip bolsa mugallym bolmaly. Ertir kimiňdir çagalaryna başlangyç bilim bermeli geljekgi pedagogik. Emma kelle boş. Men-ä kitap okap oturanyny göremok şonuň. Okuw, okuwdan soň dynç alyş, soňra joralar, gezelençler, wagt galsa kino, kompyuter... Haýranlygyň aňrybaş derejesi b.n sorag berýän käwagt: Mekdebe baryp näme öwretjek çagalara, "Alybaba we 40 garakçy"-ny  gürrüň berip gaýdyberjekmi?... - Aý, bir alajy bolar, şumatky mollymlarça bilýän menem, meýilnama boýunça okadybereris.. ;/

Şu saýtda-da ýyldyz süýnende arzuw edilşi kimin, arzuw kölüne batyp ýörenleriňiz kän. Sagatlap boş, bimany saýtlarda oturyp geljekde hünärli bolup bolarmy. "Men gyzykýan, mende diňe isleg bar" diýeniň b.n hiç kim bizi işede kabul etmeýär, okuwa-ha aslada...

Kämahal işdeşler ýadowsyrap "jogapkärli zatdanam ýadadygaý, çöle gidip çopan bolup, mal bakanym gowy görýän, hem giňişlik, hem rahatlyk"-myş. Muny sizem eşidip görensiňiz. Munyň aýdyşyça 'çopançylyk' sadarak, kimiň eline egri taýak bereňde-de başarjak zady ýaly görünýär. Siziň üçinem şeýle gerek? Men çopançylygy iň bir çylşyrymly inženeriň işindenem jogapkärli we talapkärli görýän. Her bir adama çopançylygy, ýagny öri sürüni ynanyp bolmaýar. Çopançylygam ylym. Artykmaç ýa-da kem suwa ýakmak, iýmit ölçegi, ýa-da pasyllara görä meýdan böleklerini saýlamak haçandan bäri aňsat saýylýar.?!
Haýsy biriňiz çopançylyga höwes edýäňiz? Gidip görüň. 3 günem çydaman däliräp gaçyp gaýdarsyňyz.
12 лайков 507 просмотров
43комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kalp doctory
11 фев 2022, 21:55
Mena onki yaly cykman yormeyan wapsheto lukman bolmak kyn bolsada Arzuwma gora hereketim bar menin,barik gelsemde okuwmy zynyp gelmeyan bardede peydalu mowzuk acylya okayan nokat
Kalp doctory
11 фев 2022, 21:56
aydanlarynda jan ba like
Ejegyz.
11 фев 2022, 21:58
"Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn" diýlip ýöne ýere aýdylan däldir-le



Ýegenim bar, gyz özem, Apirýalda okaýar, soňky kurs, nesip bolsa mugallym bolmaly. Ertir kimiňdir çagalaryna başlangyç bilim bermeli geljekgi pedagogik. Emma kelle boş. Men-ä kitap okap oturanyny göremok şonuň. Okuw, okuwdan soň dynç alyş, soňra joralar, gezelençler, wagt galsa kino, kompyuter... Haýranlygyň aňrybaş derejesi b.n sorag berýän käwagt: Mekdebe baryp näme öwretjek çagalara, "Alybaba we 40 garakçy"-ny gürrüň berip gaýdyberjekmi?... - Aý, bir alajy bolar, şumatky mollymlarça bilýän menem, meýilnama boýunça okadybereris.. ;/


atuw Biziň käbir "mugallymlarymyz" ýaly mugallym bolarda olam.

Şu saýtda-da ýyldyz süýnende arzuw edilşi kimin, arzuw kölüne batyp ýörenleriňiz kän. Sagatlap boş, bimany saýtlarda oturyp geljekde hünärli bolup bolarmy. "Men gyzykýan, mende diňe isleg bar" diýeniň b.n hiç kim bizi işede kabul etmeýär, okuwa-ha aslada...



Men-ä kabul edýär Barjak uniwersitetimde 40 matematika 40 logika sorag berilýä bilýän kabul edýärlerarbuz


Kämahal işdeşler ýadowsyrap "jogapkärli zatdanam ýadadygaý, çöle gidip çopan bolup, mal bakanym gowy görýän, hem giňişlik, hem rahatlyk"-myş. Muny sizem eşidip görensiňiz. Munyň aýdyşyça 'çopançylyk' sadarak, kimiň eline egri taýak bereňde-de başarjak zady ýaly görünýär. Siziň üçinem şeýle gerek? Men çopançylygy iň bir çylşyrymly inženeriň işindenem jogapkärli we talapkärli görýän. Her bir adama çopançylygy, ýagny öri sürüni ynanyp bolmaýar. Çopançylygam ylym. Artykmaç ýa-da kem suwa ýakmak, iýmit ölçegi, ýa-da pasyllara görä meýdan böleklerini saýlamak haçandan bäri aňsat saýylýar.?!
Haýsy biriňiz çopançylyga höwes edýäňiz? Gidip görüň. 3 günem çydaman däliräp gaçyp gaýdarsyňyz.



Men oba gidende mal bakyp göreýin diýip, aňkam aşdy awcy Iki tarapa ylgaap
Kalp doctory
11 фев 2022, 21:59
hehe mena sygyr bakjak bolamda ishimi gaytarypdy hihi Ejegyz,
Leyli Amanowa
11 фев 2022, 22:02
Dogry... Bir zada hayran galdym "adam" bolmagyň manysyna şu wagt göz yetirdiňmi? Belli zada ol. Käbir adamlar bar haywan onuň nagşydyr. Alym bolmak aňsat adam bolmak kyn diyibem biziň mekdebip girelgesinde asylyp goylan.
Yegeniň ugry näme?
Suleyman
Автор 11 фев 2022, 22:03
Bir döwür okamalymyş diýilse bir eliňde içi mesgeli çörek, bir eliňde kitap. Gije hemme ýatansoň ýagtyrak ýer gözläp ýörensiň. Oda owarram... näçe kino, multikleri geçirdik, näçe çagyrylan doglan gün ýa oturulyşyklar, "okuwymy okaýan" diýsek üstümden gülerler öýdüp "Öýdäkiler göýberenok" diýerdik...
Suleyman
Автор 11 фев 2022, 22:04
Цитата: Nairobi
Dogry... Bir zada hayran galdym "adam" bolmagyň manysyna şu wagt göz yetirdiňmi? Belli zada ol. Käbir adamlar bar haywan onuň nagşydyr. Alym bolmak aňsat adam bolmak kyn diyibem biziň mekdebip girelgesinde asylyp goylan.
Yegeniň ugry näme?


Apiryal bolsa dildirdä. Iňlis dili
Soho
11 фев 2022, 22:05
gowy tema (dushunjekler uçin),
@Dark drug, gowmy yagdaylar?
Ejegyz.
11 фев 2022, 22:05
"Siz etmeli döwri döwür,
Siz etmeli ömri ömür.."
Suleyman
Автор 11 фев 2022, 22:08
Цитата: Soho
gowy tema (dushunjekler uçin),
@Dark drug, gowmy yagdaylar?


Gowy Şükür, özüň nähili bratka?!.
Leyli Amanowa
11 фев 2022, 22:31
Dark_Wolf,
bilman durdumay haysy dil diydigim şol! Towo senden gowy bilyän Iňlis dili Rusdili nemes dili fakultetleri byudžet esasynda okadylyar galanlary tölegli
Leyli Amanowa
11 фев 2022, 22:32
Цитата: Dark_Wolf
Bir döwür okamalymyş diýilse bir eliňde içi mesgeli çörek, bir eliňde kitap. Gije hemme ýatansoň ýagtyrak ýer gözläp ýörensiň. Oda owarram... näçe kino, multikleri geçirdik, näçe çagyrylan doglan gün ýa oturulyşyklar, "okuwymy okaýan" diýsek üstümden gülerler öýdüp "Öýdäkiler göýberenok" diýerdik...

menem diňe soňky jaňa bardym bolany diňe özuňdirin öytme
Leyli Amanowa
11 фев 2022, 22:45
Senkiden tapawudy kofe içip okayan kitaby, aslynda gunde kitap okayan wagtym mesgeli çörek iysem semrärdim wara. Semremegem arzuw edyän
arkac
11 фев 2022, 22:48
Mäti Kösäýew ikilikçilere, "bolmanda mekdep mūdūr-ä bolarsyñ" diýip ūçlūjek goýar eken. Okanyña degýän tema.
Leyli Amanowa
11 фев 2022, 22:51
arkac,
"Ayak baş boldy, baş ayak"-diyileni şol ikilikçilere
Hiayres
11 фев 2022, 22:58
Ata-babalarymyzyň çarwa bolany hemmämize aýan hakykat. Çarwa bolmaklary olaryň öz islegleri dälde, tebigy we taryhy teritorial kanunalaýyklyk. Indi olaryň birwagtlar çarwa bolany üçin, bu günki gün çopançylygy mukaddesleşdirmek, inçe kär hökmünde görkezmäne synanyşmaklyk, çopany bolsa geçen asyryň birinji ýarymynda çap edilen eserleriň islendiginde görkezilşi ýaly akyldar-dana hökmünde suratlandyrmana çalyşmaklyk zerurmy?! Ol eserlerä düşünse bolýar, ideologiýa şeýle, patyşa emeldar ýada barly gatlak akmak bolmaly, çopan bolsa bir milletiň daýanjy, her bela-beterden baş alyp çykýan gahryman. Olara şeýdip näçe ýyllap üstümizden güldiler. Bir millete çopan adyny berdiler. Eýse bu günki gün näme "Men çopançylygy iň bir çylşyrymly inženeriň işindenem jogapkärli we talapkärli görýän" diýip, özümiziň, öz üstümizden gülmegimiz näme? Älem giňişligine sputnikleri uçuryp, biziň gündelik internet arkaly özara söhbetdeşlikde bolup bilmegimiz, alysdaky tanyş-bilişlerimiz bilen ýanymyzda duran ýaly gürleşip bilmegimiz üçin jan çekýän inženerlerden, tebigy hadysalara çydamly öýleri gurýan gurluşykçylardan, adam janyny halas etýän lukmanlardan ýada dünýägaraýşyňy giňeltýän, edep-terbiýe öwretýän mugallymlardanam, egnine egri taýagyny atyp goýnuň yzyna düşüp ýören çopanyň işi ähmiýetli bolýarmy? Gaýrat edip dogra dogry diýeliň, egrä egri. Menem mal bakyp gördüm. Bakylýan mallaryň iň aňsadam goýun. Sesi üýni ýok jeneweriň, nirä kowsaň gider otur. Ursaňam sesini çykarmaz. Düýe ýaly ýadynda saklap wagty gelse aryny aljagam bolmaz. Garagum çölem nä, şol gören yraň atyp duran aňry bärsi görenmeýän çäge gatlaklaryndan ybarat bolan çöldä. Ähli ýerinde ösümlik dünýäsem birmeňzeşiräk. Ana pendiň ala meýdany, eliňde egri taýak, goýun ýaly ýuwaş goýunlar, azaşmanjyk, günüm geçse gurbanlyk diýip bakda ýör. Näme kynçylyk barmyş?!
Leyli Amanowa
11 фев 2022, 23:01
Hiayres,
soňam surä öwrulen goyunlaryňy sat-da okuwa gir)))
My life
11 фев 2022, 23:02
Gowy mowzuk! Yadan wagtyñ etyan ishiñden zeyrenmek, kop kishide bolyan yagday
Hiayres
11 фев 2022, 23:20
"hiç kim bizi işede kabul etmeýär, okuwa-ha aslada..."

Işe almazlyklary ýada işsizligiň artmagy soňky döwür awtomatlaşdyrma prosesiniň depginiň artmagy sebäp bolýar. 10-20 ýyl mundan ozal gurulan zawodlarda 100 adamlyk iş güýji göz öňünde tutulan bolsa, häzirki döwürde şol tipdäki zawodlarda 10 adamlyk iş güýji göz öňüne tutulýar. Islendik işem iş ýerinde öwrenilýär. Ýaňy işe girjek bolýan ýokary okuw jaýyny gutaryp gelen diplomly hünärmen bilen ýaňy işe giren akyly-huşy ýerindäki adamyň iş ýerindäki mümkinçilikleri gyra deň.
Hiayres
11 фев 2022, 23:38
Umuman gowy tema. "Alym bolma, adam bol." Biz onsuzam adam, aňymyzyň barlygy, düşünip, duýgudaşlyk bildirip bilýänligimiz üçin adam. Bize adamlyk hukugy, adam bolma mümkinçiligi genimiz tarapyndan peşgeş edildi. 2-3 ýaşly çagalary bilýänsiňiz?! Şolaryň häsiýetlerinden gowy adam häsiýetlerini ýasap ýada gurnap bolarmy?! Arman, biziň adamlygymyzy ýitirmäne sezewar etýän wagt, taryh, jemgyýet diýen nerseler bar. Olaryň basyşynyň astynda adam özüni, kimligini, adamlygyny ýitirýär. Gözlemek, okamak, öwrenmek (alym bolmak) arkalam ýene biz öňki kaddymyza dolanýarys. Hakyky alymlary görseňiz ýene çaga ýalydyrlar.
arkac
11 фев 2022, 23:52
Hiayres, "islendik iş iş ýerinde öwrenilýär" bunuñ bn ylalaşýan. Ýöne awtoryñ temasyna, nämeler diýjek bolýanyna dogry, dūrs dūşūnmänsiñ! Awtoyñ gyz ýegeni, okuwny sowatsyzlyk bn gutardy diýeli. Mugallym bolup mekdepleriñ birine işe başlady. Okuwçyñ soragyna jogap berip bilmese, synp otagy taşlap çykyp gidäýmekden başga alaç ýok. Çopançylygy özūm-ä jogapkärli iş hasaplaýan. Sebäbi öýdäki bäş-alty sany kel tokla sanjym geçmeli bolanda kyn görýän.
Hiayres
12 фев 2022, 00:04
arkac,
Temada bir liniýa düzülen sužet ýada many ýok. Ilki alym dälde, adam bolmaklygyň wajyplygy barada söz açsa, soňra ýegenini saýtdakylary işine, durmuşyna jogapkärçiliksiz garaýanlyklary üçin ýazgarýar. Soňrada iň aňsat kär bolan çopançylygy ýerine ýetirmek üçinem köp başarnyklaryň zerurlygyny ýaňzydyp, duýdansyz ol käri ideallaşdyryp göýberýär.
Leyli Amanowa
12 фев 2022, 00:53
Awtor yok biz gyrlym bolduk
Suleyman
Автор 12 фев 2022, 07:58
Hiayres,

Näme diýdiňaý?? Bu ýazgylaň b.n maňa bir zat düşündirjek bolýaňmy?
Bu teswirleriňi, pelsepeleriňi dogurdanam saňa okumyşlymyka öýdüp ýören şu ýerdäki çagalara okap ber, ýazyp ber.
Meniň çyndanam garaşýan zadym: şol siz ýalylaň düşünmezligidi)..
Suleyman
Автор 12 фев 2022, 08:02
ee bylar ne düşünýäler, ne teswir ýazyp oňarýalar ;) Kelle götermän minus basyp ýörenem baaar... blyä, haýsy döwürde ýaşaýaňyz?!
Minusçylaň bir-ä kitap goragçysy, beýlekisem arzuwçyl bäpbeler bolmaly...
Maksat
12 фев 2022, 09:25
Dark_Wolf,
Berekella ini bolsaňam aga bolsaňam. Men çopan, ýaşlykdan mal yzynda häzir men ýigrimi ýyllyk tejribe bn birzat diýsem garşy çykanam tapylar. Men çopançylygy okuw bahalarym pesligi sebäpli saýlamadym, orta mekdebi göreldeli gutardym, okuwa girmek mümkinçiligim bardy ýöne men gulluga gitmäkämem, gelemsoňam dowam etdirdim. Hökümedimiz ynandy on bäş ýyla golaý baş çopan boldum.
Suleyman
Автор 12 фев 2022, 09:41
Bayker,
Ömrüň bolsun. Berekella. Siz maňa agam bolýaňyz bilşimçe. Men kiçidirin sizden.
Maksat
12 фев 2022, 09:52
Ýazmaga zat kän çopançylygyň kyn ýeri aňsat ýeri hakda. Aňsat işdir öýtmäň sam,sygam çopan bolup bilýä alkaşam. Ýöne çopanam synaglardan geçip çoluk, çopan, ynamdar çopan, göreldeli çopan, bäş çopan derejeleri alýa. Baş çopan weterinariýadan baş çykarmaly, motor ussaçylygy ýagny guýy nasoslary bejerip bilmeli. Ýene dogumly we gaýduwsyz boldugyça erkin göreşden baş çykarsa ýer, suw dawasy çyksa ýeňiji bolar ýaly? çydamly, öri meýdanynyň 100 km töweregini bäş barmagy ýaly bilmeli, giň bolmaly ýagyşly garly gije möjekler çozsa, sürä darasa aljyramaly däl, kesel çyksa ýa şoňa meňzeş ýagdaý dörese iň az ýitgi bn çalt hem önjeýli hereket bn öňüni almaly.
myhman
12 фев 2022, 10:24
Ine owlak guzy möwsümi golaýlady çopanyň aladasy hysyrdysy artdy, önüm almaly, tejribäň bolsa ulanmaly, ýaşuly çopanlar bn pikir alyşmaly, haýal ýagallyga ýol bermeli däl. Häzir 900sany ene goýun bolsa şoňa 855sany guzy goýmaly meýilnama boýunça. Ine aprelde 1700gowrak ownuk malyň jogapkärçiligi sen şony gyrkyp siňekden gorap suwsuz etmän aç etmän gije gündiz azap edip guzy aýryma eltmeli awgustyň 1ne. Malçylyk ölýärem, keselleýärem, möjegem zaýalaýa käwagt. Saňa bolmandyrow başa gelenini sowsun ine şeýle kömek diýýän ýok, ölen maly ýerine diklemeli, ölmeli däl çopan ölsede mal ölmeli däl. Bu ýazanlam köpüsi baş çopanyň jogapkärçiligi.
myhman
12 фев 2022, 10:25
@Dark_Wolf bulam meň ikinji nikim mundanam bir laýk saňa.