Bir arapdan - bir şarapdan
6-7-nji klaskam Edebiýat kitabynda Keý Kowusyň "Kowusnama" eserinde şeýleräk sözler bolmaly:
- ALYM BOLMA, ADAM BOL
Muny iň bärkisi meň okanyma ençeme ýyl boldy, eseriň özüniň näçe ýyllyk taryhy ýatyrka?!
ALYM-a düşnükli, ADAM bolmak şunçalyk kynmykanaý diýip şol wagtam, häzirem pikir ekip ýörün. Diýýänsiňiz, ADAMdyr-da, el, aýak, göz, gulagy bar bolsa... Adam bolmak üçin diňe biologiki gurluşyň düzüw bolmagy ýeterlikmikä?! Ýeterlik däldir meň üçin-ä.. Çünki eli ýok golagada adam diýýäs, gözi gapygada diýýäs, dişi ýoga-da adam diýýäs-ä,, dogrumy?
Hiç kimiňem "Adam" diýilende göz öňüne ROBOT gelenok, özümiz ýaly adamy göz öňüne getirýäs.. Şonuň üçin diňe anatomiki taýdan adam hasap edilýänlere men-ä "SAN" diýýän...
Indi hakyky Adam bolmagymyz üçin üstüni doldurmaly ummansyz goşundylar bar. Ulanýan bir sözümiz bardyr "Adamçylyga sygýan zady etsene" diýip... Nämekä ol adamçylyga sygmaly we sygman daşynda galýan zatlar?? Muny her kim özüne sorag bersin...
Ýegenim bar, gyz özem, Apirýalda okaýar, soňky kurs, nesip bolsa mugallym bolmaly. Ertir kimiňdir çagalaryna başlangyç bilim bermeli geljekgi pedagogik. Emma kelle boş. Men-ä kitap okap oturanyny göremok şonuň. Okuw, okuwdan soň dynç alyş, soňra joralar, gezelençler, wagt galsa kino, kompyuter... Haýranlygyň aňrybaş derejesi b.n sorag berýän käwagt: Mekdebe baryp näme öwretjek çagalara, "Alybaba we 40 garakçy"-ny gürrüň berip gaýdyberjekmi?... - Aý, bir alajy bolar, şumatky mollymlarça bilýän menem, meýilnama boýunça okadybereris.. ;/
Şu saýtda-da ýyldyz süýnende arzuw edilşi kimin, arzuw kölüne batyp ýörenleriňiz kän. Sagatlap boş, bimany saýtlarda oturyp geljekde hünärli bolup bolarmy. "Men gyzykýan, mende diňe isleg bar" diýeniň b.n hiç kim bizi işede kabul etmeýär, okuwa-ha aslada...
Kämahal işdeşler ýadowsyrap "jogapkärli zatdanam ýadadygaý, çöle gidip çopan bolup, mal bakanym gowy görýän, hem giňişlik, hem rahatlyk"-myş. Muny sizem eşidip görensiňiz. Munyň aýdyşyça 'çopançylyk' sadarak, kimiň eline egri taýak bereňde-de başarjak zady ýaly görünýär. Siziň üçinem şeýle gerek? Men çopançylygy iň bir çylşyrymly inženeriň işindenem jogapkärli we talapkärli görýän. Her bir adama çopançylygy, ýagny öri sürüni ynanyp bolmaýar. Çopançylygam ylym. Artykmaç ýa-da kem suwa ýakmak, iýmit ölçegi, ýa-da pasyllara görä meýdan böleklerini saýlamak haçandan bäri aňsat saýylýar.?!
Haýsy biriňiz çopançylyga höwes edýäňiz? Gidip görüň. 3 günem çydaman däliräp gaçyp gaýdarsyňyz.

43комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.