.......

Masonlyk guramasynyň dünýä boýunça agzasy 6 milliondan geçýär.Guramanyň peýda bolanyna 5 asyrdan gowrak wagt geçendigine garamazdan,ol henizem syrly guramalardan biri bolup galýar.

Bu gurama barada jemgyýetçilige äşgär edilen ýeke-täk zat,gurama agzalarynyň sanawy bolup durýar we bu sanawda dünýänin iň tanymal adamlary hem bar.

Aşakda bu guramanyň iň meşhur 9 agzasynyň sanawy getirilýär.Olaryň ählisi masonlaryň girzlin kasamyny kabul edýär.

1.Benjamin Franklin öz jemygetini kemala getirenden soň,bu jemgyýetiň agzasy bolýar.

Benjamin Franklin özüniň "Leathern Apron Club" atly jemgyýetini kemala getirenden soň,Filadelfiýadaky "Keramatly Jon lojasynyň ( Saint John's Lodge) agzalygyna kabul edilýär.
Resmi agzalygy:1730-njy ýyl.


2.Jorj Waşington ABŞ hökümetini kemala getirmekde masonlyk däp-dessurlaryna daýanýar.

Jorj Waşington masonlar bilen güýçli gatnaşykda bolýar.Kabul edilenden bir ýyl soň oňa "Baş mason" (Master Mason) derejesi berilýär.1793-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Masonlaryň däp-dessurlaryna esaslanan ýagdaýynda ABŞ hökümetiniň fundamentini gurýar.
Resmi agzalygy:1752-nji ýyl 4-nji noýabr.


3.Masonyň ogly bolan Awstriýaly kompazitor Motsart,özüniň ömri dowamynda,gaty köp masonça sazlary döredýär.Ol Awstriýadaky Zur Wohltätigkeit lojasynyň agzasy bolupdyr.
Resmi agzalygy:1784-nji ýyl 14-nji dekabr.


4.Simon Boliwar-33-nji derejeli mason.

Günorta Amerika azatlyk göreşijisi we syýasy baştutany bolan Simon Boliwar Ispaniýa zulmuna garşy göreşen iň beýik gahrymanlardan biri hasaplanýar.

Onuň lojasy (Masonic Lodge "Lautaro") diñe ony,belki Günorta Amerikanyň beýleki esasçylaryny hem özünde birleşdiýär.1824-nji ýylyň aprelinde oňa 33-nji derejeli Inspektor General çini berilýär.
Resmi agzalygy:1803-nji ýyl.

5.Edebi ýazyjy Mark Twen Keramatly Luisdäki "Polar Star Lodge No.79 A.F &A.M" lojasynyň agzasy bolýar we agza bolandan birnäçe aý soň,Baş Mason derejesini alýar.

Biraz wagt agzalyk tölegini töläp bilmänligi üçin,agzalykdan çykarylýar we soňlugy bilen gaýtadan kabul edilýär.

Ol lojadan 1867-nji ýylda çykýar we bir ýyldan soň başga bir loja agza bolýar.
Resmi agzalygy:1861-nji ýyl 5-nji maý.


6.Uinston Çerçil bütin ömri dowamynda Masonlyk guramasyna kömek edýär.

Beýik Britaniýantň 2 gezek baş weziri we ABŞ-yň hormatly raýaty Uinson Çerçil Angilýadaky 1591-belgili Stadholm Mason lojasynyň(Stadholm Mason Lodge No.1591) agzasy bolýar.

Onuň maşgala agzalary we dostlary masonlardan bolýar.Muňa garamazdan onuň özi masonlyk işlerine onçakly baş goşmaýar.1912-nji ýylda ol masonlykdan çykýar,şeýle bolsa-da ol ömri dowamynda masonlara kömek edýär.
Resmi agzalygy:1901-nji ýyl 24-nji mart.


7.Türkiýanyň esasçysy Mustafa Kemal Atatürküň hem daş-töwregi masaonlardan doly bolýar.

Türkiýanyň esasçysy hasaplanýan Mustafa Kemal Atatürk hem özüniň bütin ömri dowamynda masonlar bilen ýygjam aragatnaşyk saklaýar.

Türkiýa erkinligi üçin göreşen wagtynda, onuň 7 generalyndan 6-sy masonlardan bolýar.Atatürküň özi Solonikdäki Vritas Lojasynyñ (Lodge Veritas in Solonica) agzasy bolýar.
Resmi agzalygy:1907-nji ýyl.


8.Franklin Delano Ruzwelt Masonlar guramasynyň hormatly agzasy.

Ruzwelt New Ýork häkimi we ABŞ-yň 32-nji prezidenti bolýar.Ol ABŞ-y Beýik Depressiýa we 2-nji dünýä söweşi wagtynda dolandyrýar.Ol "DeMoley" ordeniniň Hormatly Grand Masteri bolýar.(Masonlyk guramasy.)

Hormatly derejäni bermek dabarasy Ak Öýde bolup geçýär.Ruzwelt New Ýorkdaky Golland Lojasynyň agzasy bolýar.
Resmi agzalygy:1911-nji ýyl 11-nji oktýabr.

9.Edgar Huver heniz 25 ýaşamazdan Baş Mason bolýar.

Edgar Huver Federal Gözleg Bölümi (FBI)ni düzen bolmagy mümkün,ýöne ol köp utuşlaryna Mason hökümde geçiren ömri dowamynda eýe bolýar.1955-nji ýylda ol 33-nji derejeli Inspektor General çinini eýeleýär.1965-nji ýylda bolsa,hormatly "Grand Cross" derejesini alýar.

Hat-da,Masonlar ybadathanasynda onuň üçin aýratyn otag hem taýýarlanylýar.
Resmi agzalygy:1920-nji ýyl.




5 лайков 282 просмотров
21комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kalp doctory
12 фев 2022, 14:43
like
Maksat
12 фев 2022, 15:06
Bäh gyzykly maglumatlar sagbol ýetireniňe Atatürkem mason ekendä. Ýa ölensoň mason diýäýälermikä!
.Resul
12 фев 2022, 15:14
Dowsypat hoş geldiñ
Dowsypat
Автор 12 фев 2022, 15:24
Öz döwründe Osmanly imperiýasy güýçli musulman döwletleriň biri hasaplanýardy.Kemal Atatürk bolsa Türkiýe döwletini modern we ýewropalaşan döwlete öwürýär.
Dowsypat
Автор 12 фев 2022, 15:25
Resul,sagbol!
Ýury
12 фев 2022, 15:46
Menä illimunatini gowy görýän masonlary dälle
Ýury
12 фев 2022, 15:52
Kim illimunatini görkezip iş edip dünýä çykarsa şol adam derrew baýaýa
Suleyman
12 фев 2022, 15:55
Kemal Atatürki öz halky şol wagtam, häzirki nesilem diňe ýekeje zat üçin gowy görýär. Garaşsyzlygy alyp bereni we göreşip saklap berenligi üçin.
Bentner
12 фев 2022, 16:04
Цитата: Dark_Wolf
Kemal Atatürki öz halky şol wagtam, häzirki nesilem diňe ýekeje zat üçin gowy görýär. Garaşsyzlygy alyp bereni we göreşip saklap berenligi üçin.

Turk nirden alypday garasszlygyny? Yadymda dal
Suleyman
12 фев 2022, 16:28
Цитата: Bendtner
Цитата: Dark_Wolf
Kemal Atatürki öz halky şol wagtam, häzirki nesilem diňe ýekeje zat üçin gowy görýär. Garaşsyzlygy alyp bereni we göreşip saklap berenligi üçin.

Turk nirden alypday garasszlygyny? Yadymda dal


Häzirki biziň bilýän "Türkiýe" döwletimizi ilkinji esaslandyran adam şol Atatürk. Ondan öň Osman imperiýasy diýip soltanlyk, halyfalyk bolupdyr. Iňlisler b.n kän uruşylýar, şol söweşlere Atatürk hem gatnaşýar. Imperiýa ýykylýar "Türkiýe" diýip respublika döreýär.
Bu giň mowzuk. Atatürk hakynda mowzuk açarynda aýratyn.
Biohimik
12 фев 2022, 17:53
Hemmesem olip giden sahsyyet hany dirilerden aydynda..
Men pikirimce bu gurama o dereje guycli dal we hatda yok diyer derejede yasap gelyar sonun ucin ol gizlin dp meshurlugaeye
ESSALAMUNALEÝKUM
12 фев 2022, 18:38
mason we illimunatan diýmek näme
Şamuhammet
12 фев 2022, 19:32
ABŞ-nyň bir prezidenti şol gurama oklap gezýär. Garaz şol guramanyň diýeni bilen bolmaýar welin, ahyryn şo guramadakylaryň elinden öldürilýär.
Şamuhammet
12 фев 2022, 19:32
Ady ýadymda däl...
#B.S
12 фев 2022, 19:35
Цитата: Jeksparro
Ady ýadymda däl...

Kennedi daýy dälmi?
Bentner
12 фев 2022, 19:51
Цитата: Khanture
Цитата: Jeksparro
Ady ýadymda däl...

Kennedi daýy dälmi?

Kennedini kim oldurenina blmk yone yolda mashynda baryarka atyp olduryaler awcy
#B.S
12 фев 2022, 19:52
Цитата: Bendtner
Цитата: Khanture
Цитата: Jeksparro
Ady ýadymda däl...

Kennedi daýy dälmi?

Kennedini kim oldurenina blmk yone yolda mashynda baryarka atyp olduryaler awcy

Lee Harvey Osvald hihi
Bentner
12 фев 2022, 19:56
Khanture,
Bumat aramyzda yok ekena, search etdim cilimkesh
#B.S
12 фев 2022, 19:58
Цитата: Bendtner
Khanture,
Bumat aramyzda yok ekena, search etdim cilimkesh

Ony jack ruby salk shulk etdi atya2
Biohimik
12 фев 2022, 20:03
Цитата: Khanture
Цитата: Bendtner
Khanture,
Bumat aramyzda yok ekena, search etdim cilimkesh

Ony jack ruby salk shulk etdi atya2

Talyp tarapyndan oldurilyar
#B.S
12 фев 2022, 20:05
Цитата: biohimik.
Цитата: Khanture
Цитата: Bendtner
Khanture,
Bumat aramyzda yok ekena, search etdim cilimkesh

Ony jack ruby salk shulk etdi atya2

Talyp tarapyndan oldurilyar

Kim talyp tarapyndan oldurilyar?