RITM O (Marina Abranovich)

ALTY SAGATLAP GYMYLDAMAN DURAN ZENANA ETMEDIKLERI GALMADY...

Şol wagta çenli kän bir tanalmaýan teatral aktrisa, bodi-artka Marina Abramowiç alty sagadyñ dowamynda gören ezýetlerini ömrüniñ ahyryna
çenli unutmaz ýaly boldy...

1979-njy ýylda serbiýaly bodi-artka Marina Abramowiç iñ ýatdan çykmajak, iñ köp gürrüñi edilen, belki-de, iñ eýmendiriji çykyşlarynyñ birinu görkezdi. "Ritm 0" ady berlen bu çykyşda aslynda üýtgeşik edilen zadam ýokdy. Diñe duran nokadyñda gymyldy-hereketsiz, sessiz-üýnsüz dursañ bolany. Şeýle-de ol özüni tomaşa etmäge gelenleriñ ynsabyna goýlan şekilde, bir stoluñ üstünde dürli gurallary goýuşdyrdy. Stoluñ üstünde şokolad, keks, gül, zynjyr, pyçak ýaly dürli-dürli zatlar, hatda bir ok bilen sapança çenli bardy. Gepiñ keltesi, ony görmäge gelenlere ýagşylyk bilen ýamanlygy saýlap alma mümkinçiligi döredildi. Tomaşaçylar stoluñ üstündäki zatlary alyp, göwün isleýişleriçe ulanyp bilmelidiler.
Çykyşyñ dowamynda Marina jansyz jisim ýaly gymyldaman-sarsman durmalydy. Aslynda onuñ maksady özüni janly sungat eseri hökmünde impozirlemekdi. Emma onuñ alty sagat dowam eden bu çykyşynyñ durmuşynyñ iñ gorkunç pursatlarynyñ birine öwrüljeginden habary ýokdy.
Ilkibaşda tomaşaçylar diýseñ mylakatly we salyhatly çemeleşdi. Käbiri stoluñ üstünde goýlan güli alyp, onuñ eline tutdurdy, kimsi keksden alyp agzyna dykdy, käbirleri saçyny sypap gördi, elini gysdy.
Emma wagt geçdigiçe we çykyş uzadygyça ýagdaýlar üýtgäp başlady. Birinji bolup tomaşaçylaryñ biri zenana ýumruk saldy. Abramowiçiñ hiç hili garşylygyny görmedik jemendäniñ içinden öñe çykanlaryñ käbiri oña has gödek çemeleşmäge başlady. Öñinçä aýalyñ elini gysan, oña gül uzadan adamlar öñlerinde hakykatdanam goragsyz biriniñ durandyklaryny görüp, eden-etdilige ýüz urmaga başladylar. Emma wakalar munuñ bilenem çäklenmedi.
Köpçüligiñ arasyndan biri sapançany alyp aýalyñ mañlaýyna diredi. Soñra ony aýalyñ eline berip, öz boýnuna çenäp durar ýaly etdi.
Käbirleri galam alyp aýalyñ mañlaýyna, ýüzüne, boýnuna ýazgylar ýazmaga başlady. Bularyñ yzyndan jynsy kemsitmelere ýüz uruldy.
Käbirleri Marina görgüliniñ sagrysyny, göwüslerini gysyşdyrýardy, käbiri ogşaýardy, käbirleri ysgap-ýalap tüýkürinýärdi!
Ahyrsoñunda köpçülik aýalyñ
egnindäki geýim-gejimini ýyrtyşdyryp, sypyryp çuw-ýalañaç etdiler. Emma munuñ bilenem çäklenmediler.
Köpçüligiñ içinden biri çykyp aýalyñ garnyny pyçak bilen çyzdy, muña göhi gelen beýlekilerem onuñ eden
hereketini gaýtaladylar.
Eşikler sypyrylyp aýrylandan soñ aýalyñ synalaryny pyçak bilen çyzmaga we gyltyzrak edip pyçaklamaga başladylar. Hatda onuñ boýnuna çyzylan çyzykdan akýan gany sokjap emenlerem boldy. Munuñ yzysüre aýaly saga-çepe jansyz manken ýaly süýräp oýnadylar, şol wagt gäbazanlaryñ biri çykyp eýläk-beýläk süýrelip duran aýaly stoluñ üstünde ýatyryp jynsy islegini kanagatlandyrmaga-da synanyşdy!
Hernä heniz ynsaby ölmedik birküç sanysynyñ çykyp olara böwet bolmagy köpçüligi bu pikirinden el çekmäge mejbur etdi. Märeke barybir köşeşerli däldi, kim onuñ ýalañaç bedenini surata alýardy, kim elinden-aýagyndan aslyşýardy. Şol agyr pursatlarda Marinanyñ gözünden boýur-boýur ýaş akýardy, emma gözi gyzaran mähelle ony jansyz jisimden enaýy görenokdy...
Wagşylaşan köpçüligiñ arasynda birküç sany ynsabyny ýitirmedik adam baram bolsa, hiç kim batyrgaýlyk edip azgynlary saklamaga synanyşmady, tä bir aýalyñ öñe çykyp Marinanyñ gözýaşlaryny sylyp, ony gujaklaýan pursatyna çenli...
Oña hossar çykan aýalyñ yzysüre aktrisa edilen sütemlere öñdenem ynjalyksyzlanyp oturan az sanly adam Marinanyñ daşyna tegelenip, eşiklerini geýdirdi, boýnundaky ýarany ýapdy, endamyndaky beýleki gany sarkyp duran ýerleri hasa bilen sarady, çilim mürähet etdi.
Ýönekeýje bir çykyşdan zyýat jemgyýetçilik synagyna öwrülen bu hadysa köpçüligiñ biri-birinden beleñ alyp, içindäki erbetligi añsatlyk bilen ýüze çykarýandygyny we şeýle ýaramaz ýagdaýdan ynjalyksyzlanan ýagşy niýetli adamlaryñ wagtynda bileleşip hereket etmese, ýöwsellik görkezse ýa-da gijä galsa nämelere sebäp bolup biljekdigini açyk-aýdyñ görkezýärdi.
Alty sagadyñ soñunda çykyş tamamlananda Marina Abramowiç gaýtadan hereket etmäge başladam welin, köpçülik gorkunç biri bilen pete-pet bolan ýaly ol ýerden gaçmaga başlady. Şondan az wagt öñinçä etmedikleri galmadyk bir naçaryñ gaýtadan gymyldap başlamagy köpçüligi eýmendiripdi...
2 лайков 166 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
LIDER
Автор 16 фев 2022, 00:42
Terjime: @Hawaren
Azajyk eylak-beylak edip copy paste: @LIDER
Leyli Amanowa
16 фев 2022, 00:47
menem paylaşypdym şuny öňräk
Bagul_Atayeva
16 фев 2022, 00:47
LIDER,
Lider dayy, salam oňatmy ýagdaýlar?
LIDER
Автор 16 фев 2022, 00:49
Цитата: Bagul_Atayeva
LIDER,
Lider dayy, salam oňatmy ýagdaýlar?


Salam oñat, ozunem gowymy?
Bagul_Atayeva
16 фев 2022, 00:50
LIDER,
Hawa menem gül ýaly.
LIDER
Автор 16 фев 2022, 00:50
Цитата: Nairobi
menem paylaşypdym şuny öňräk


Hmm, menem dostlukda-da açypdym onirak
LIDER
Автор 16 фев 2022, 00:51
Цитата: Bagul_Atayeva
LIDER,
Hawa menem gül ýaly.


Añyrda haysy agzadyñ ÿegen ))
Bagul_Atayeva
16 фев 2022, 00:52
LIDER, @Perishde. Ogluňa aljak bolup ýören agzaň)))
LIDER
Автор 16 фев 2022, 00:54
Цитата: Bagul_Atayeva
LIDER, @Perishde. Ogluňa aljak bolup ýören agzaň)))


Aaa, Kahkañ angeli ))
LIDER
Автор 16 фев 2022, 00:54
Цитата: Bagul_Atayeva
LIDER, @Perishde. Ogluňa aljak bolup ýören agzaň)))


adam sypatly periśde ))
Bagul_Atayeva
16 фев 2022, 00:55
Цитата: LIDER
Цитата: Bagul_Atayeva
LIDER, @Perishde. Ogluňa aljak bolup ýören agzaň)))


Aaa, Kahkañ angeli ))

Hawa şol :)
noname
16 фев 2022, 07:23
Günä özünde durmaly ekeni