Yzyñda näme galdyrarsyñ?!
Talypkam filosofiýadan bir täsin professor sapak berýärdi. Özüniň aşa agraslygy hem-de burnunyň üstünde kök uran köne äýnegi bilen ol kärdeşlerinden tapawutlanýardy. Wagtal-wagtal filosof adamlara mahsus bolan, adaty bir «Durmuşyň manysy näme?» diýen ýaly gürrüňdeşlikli pikir alyş sapaklaryny geçirýärdi. Käbiri netijesiz bolsa, kämahal örän täsirlileri-de bardy. Şu gezekki hem ikinjilerdendi: «Berjek sowallaryma eliňizi galdyrmak bilen jogap beriň» diýip, professor tabşyrdy. «Siziň näçerägiňiz kakaňyzdyr ejeňiz barada ýatda galyjy derejede gürrüň berip bilersiňiz?» Hemmeleriň eli ýokary galdy. «Näçäňiz ataňyzdyr eneňiz barada bir zat aýdyp bilersiňiz?» toparyň 4-den 3 bölegi elini galdyrdy. «Näçäňiz garry eneňiz ýa-da garry ataňyz barada gürrüň berip biljek?» tutuş 60 adamdan ikisi elini galdyrdy. Ol: «Töweregiňize serediň» diýdi. «Bary-ýogy iki-üç arka aýlanandan soň köpimiz öz garry atamyzyň, garry enemiziň kim bolandyklaryny hem bilemizok. Elbetde, belki-de solup ýatan fotoalbomlaryň birinde köne surat galan bolup biler ýa-da birimiz olaryň biriniň mekdebe çenli 10 menzil aýakýalaňaç ýörändikleri barada eşiden bolup bileris. Ýöne näçe adam olaryň aslyýetinde kim bolandygyny, nämä begenip, nämeden gorkandyklaryny, nämeleri arzuwlaryna besländigini anyk bilýärkä? Oýlanyp görüň, üç nesilden soň ata-babalarymyz iň daşky ýatlamalarymyzda-da galmady. Senem bir gün ýatdan çykaýarmykaň? Ýeri, bolýar, dogrulap aýdaly. Geljekki 3 nesle nazar sal. Seniň dünýäňi täzeläniňe esli wagt bolupdyr diýeli. Bu otagda bolsa saňa derek, seniň çowluklaryň otyrmyşyn. Olar sen barada näme diýerler? Olar sen barada, heý, bir zat bilýälermi? Ýa-da senem ýatdan çykarsyňmy? Seniň durmuşyň olar üçin etmeli däl zatlaryň sanawy bolarmy ýa-da görelde almaly nusga bolarmy? Yzyňda näme galdyrarsyň? Özüňe bagly. Çykyp bilersiňiz».
Bäş minutlap hiç kim ýerinden hem gozganmady.
Iňlis dilinden terjime eden:
AZIZ RUSLAMOW
Bäş minutlap hiç kim ýerinden hem gozganmady.
Iňlis dilinden terjime eden:
AZIZ RUSLAMOW
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.