Goşgy
Ýaz gününe deňäýinmi gül keşbiň?
Ýöne sen ondanam görkli, mylaýym.
Baharmyzam çak ederden tiz geçýär,
Ýellerem yrap ýör güllerin Maýyň.
Güne meňzeş ýüzüň ýagtylýar käte,
Käte tukatlygna gelýärin gabat.
Jahanda bar bolan gözellikleri
Bir gün alar gider ynjyk tebigat.
Ýöne weli solmaz seniň gül roýuň,
Ýitirmez seň görküň-görmegiň.
Seni penjesine salmaz şum ajal
Bezegikäň şahyr setirlerimiň.
Göreçler görýärkä, alýarkak demi
Bu goşgym ýaşar hem ýaşadar seni.
Awtor: Wilýam Şekspir
Terjime eden: Saparnepes Atabaýew
Ýöne sen ondanam görkli, mylaýym.
Baharmyzam çak ederden tiz geçýär,
Ýellerem yrap ýör güllerin Maýyň.
Güne meňzeş ýüzüň ýagtylýar käte,
Käte tukatlygna gelýärin gabat.
Jahanda bar bolan gözellikleri
Bir gün alar gider ynjyk tebigat.
Ýöne weli solmaz seniň gül roýuň,
Ýitirmez seň görküň-görmegiň.
Seni penjesine salmaz şum ajal
Bezegikäň şahyr setirlerimiň.
Göreçler görýärkä, alýarkak demi
Bu goşgym ýaşar hem ýaşadar seni.
Awtor: Wilýam Şekspir
Terjime eden: Saparnepes Atabaýew
22комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.