Oýlandyryjy pähimler
Göroglyny gowy görýänim hakykat. Ýöne ony öwjek bolsam... Bezirgen ýadyma düşýär.
Käte käbir adamlara " Ol mert,zor,nähili ýagdaýa düşse-de olaryň bir gezegem aglanyny gören ýok "— diýýärler.
Megerem olar aglamaýandyklary üçin däl-de, aglaýandygyny bildirmeýändikleri üçin zordurlar.
Şalaryň halyna ýüregim awaýar. Şadyklaryna aşa gümra bolup,olar adamdyklaryny ýatdan çykarýarlar
Hapa ýere kän barsaň,burnyň hem hapa öwrenişýär.
Iller "sen,sen" diýýän bolsa,saňa "men,men" diýmegiň geregi ýok.
Goýunlar şeýle bir ýuwaş,şonuň üçinem süriň başyny geçi çekýär.
Çerkez BAÝLYÝEW.

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.