Adam näme üçin özüni öldürer ?
Öňüräk bir agzamyz açypdy şu barada tema. Ilki bilen tema agyrrakdyr, ýöne köp kişä peýdaly bolup biler, hemme düşünjeleriňizi giňeltmek üçin janyňyza derman bolmagam ahmal. Bolup geçen wakalar bilen, ýörite ussat ugry bilen bu işiň aslyna seredip geçeris.
Ilki bilen 2009-njy ýylda 16 million kişi "özüňi öldürmek" barada Google-da gözleg edipdir. Ýagny sen ýalňyz däl.
Özüni öldürmek, kişiniň özi isläp öz ýaşaýşyny kesmesidir. BSG-nyň hasabatyna görä her 3 sekuntda 1 kişi özüni öldürmäne synanyşýar. Her 40 sekuntda 1 kişi özüni öldürýär. Özüni öldürenleriň köpüsi gaty çäresiz, ýalňyzlyk duýgusy sebäpli şu herekede geçýändir. Özüni öldürmegiň asyl sebäplerinden biri gaty uly depressiýadyr (Maşgala içinde çekeleşik, maddy kynçylyk, gatnaşyk bozulmasy, şowsuzlyklar). Özüni öldürmek isleýänleriň köpüsinde psihologik rahatsyzlyklar bolýar. Özüni öldürjek kişiler gizlem bolsa töweregine käbir duýduryşlar berer. Geleliň indi nädip çäre tapyp bolar.
Lostallhope saýdy aslynda bu barada gaty köp zat düşündirýär. Şol ýerde aýdylmagyna görä adamlar, çykalga tapmaýan meselesine çykalga hökmünde özüni öldürmäni saýlaýarlar. Lostallhope :
"Meseleleriňize çykalga ýokdugyny pikir etýän bolsaňyzam, bu ýokdugyny aňlatmaýar. Bu diňe şu wagt görmeýändigiňizi aňlatýar. Elbetde köpümiz duýan zatlarymyzdan gaty utanýarys, men hem, başgalarynyň görmesine rugsat bermeris, we bu utanç içinde hakykatda kimdigimizi, ýada bir bölegimizi gizleýäris"
Söýmäni we paýlaşmany gynansakda toplum hökmünde bilemzok. Ynsanlygy öldüren pulsuzlyk däl, kejirlik we egoistlik. Bu barada menem köp zatlar okadym, şonda biri şeýle ýazypdyr : "Daşaryk çyk, daşarda Dünýä bar". Lostallhope :
"Adamlar indi biri-birine ynananok - gaty garaşsyz biz. Ynsanlar bir topluma, bir kömek ugruna ynanmazlar. Bu kömege gaty mätäç biz, bizi şol ýerde tutup biljek adamlar. Hakykatdan gürleşip biljek ynsanlarymyz, we birlikde gülüp biljegimiz, bir zatlar edip biljegimiz, bir zatlary çekeleşip biljegimiz ynsanlar" Şundan soň yzyny ýetirýär :
"Käwagt adamlar özüni bir toparyň bölegi hasaplamasa, dünýädäki hemme terapiýa we dermanlar işe ýaramaz."
Esasy zat kişiniň maşgalasy bilen bolan bagy gowy bolmaly. Ene-atasy çagasyna düşünjek bolmaly, iň esasy sebäpleriň birem şu. Bir forumda okapdym, daş keşbi bilen hemme ynsanlar ony masgaralaýar eken, oňa "maşgalaň, hiç kimiň ýokmy dertleşere?" diýilse "maşgalam hem masgaralaýar" diýipdi. Şo sebäpli özüni öldürjek bolupdyr. Lostallhope :
"Her gün irden turmagyňa bir sebäp bolmaly. Ynsanlara kömek etmek, bir iş etmek. Ençeme sebäp bar ýöne bize biri gerek. Iň garaňky wagtlarymda ynanyp biljek iki sebäbim bar. Gyz jigime özümi öldürmejegime söz berdim (iň azyndan ol ýaşaýarka!) Bular meni çyndanam islemeýän wagtlarymda-da esger edip biler."
Ýene bir forumda gabat gelipdim :
"2014-de iş betbagtçylygy geçirdim. Iki barmagymy ýitirdim, psihologiýam bozuldy. Aýalym we kiçi gyzym bar. Şol wagt şolara ýük boljagymy, indi işläp bilmejegimi pikir edip özümi öldürmäni düşündim. Psihologlara gitdim, lukmanlara gitdim, dermanlar berdiler. Iki hepde hiç uklamadygyňyzy, diňe biderek düşünjeleriň içindedigiňizi pikir ediň. Meniň işim gaýdypdy" Soň bu kişi bir gün özüni öldürmek üçin herekede geçipdir, gyzam bar eken we 5 ýaşynda eken. Özüni asjak bolupdyr her gezek bolmandyr, ýa çaşýan eken ýa döwülýär eken, soň etjek bolup durka gyzy gelipdir. Gaty aglap gyzyny gujaklap aýalyna jaň edipdir. Soň hassahana äkidipdirler, ýuwaş-ýuwaş gowlaşypdyr soň. Aýtmagyna görä ulanmadyk dermany, etmedik zady galmandyr, we ol adam şeýle diýýär :
"Indi özüňi öldürmek düşünjeleriň nähili bolgusyzdygyny bilýärin. Şuny diýmek isleýärin, asla umytdan düşme, saňa kömek edip biljek dermany hökman taparsyň. Dünýä bir gezek gelýäris, ir gitme"
2010-njy ýylda BSD, 20 million kişiniň özüni öldürmäne synanyşjakdygyny çaklapdy. 1 milliony başararlar bu işi. Eýlekileriň köp bölegi agyryly şekilde hassahana äkidiler. Ömürlik rahatsyzlyklary bilen. Beýin rahatsyzlygy ýaly. Lostallhope :
"Uly duýgy meseleleriň aňsatjak çykalgalary bolsady gowy bolardy, ýöne bu käwagt bolar. Olary geçmegiň ýoly kiçijek ädimler bilen başlar"
Umuman gaty kyn ýagdaýda, ýöne hökman, bir çäre bardyr. Şu söze gabat gelipdim :
"Aslynda hem bir gün ölýäň, şo sebäpli özüňi öldürmek manysyz"
Tema aslynda gaty uly, köp zat bar bu barada. Hökman ençeme ýaş kişi aklyndan şony geçirendir. Özüm gaty köp duş geldim, aýdypdylar, diňläpdim. Hatda bir döwür diňe şeýle gynandyryjy habarlar gelýärdi, "plany özüni asypdyr, plany edipdir" diýip, kesel diýibem pikir edip başlapdylar. Bu tema birazam bolsa peýdaly bolup biler. Köp ýerini Lostallhope-den bölek-bölek aldym. Görüşiň giňäp biler. Şu sözi ýadyma salýan her gezek umytsyz bolamda :
"Sen, ýöreýän bir Älem"

111комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.