Aşgabatda 4-11-nji aprelde şahsy awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler
Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy bilen, ekologiýa çäresiniň çäklerinde Aşgabatda bir hepdelik – 4-11-nji aprel aralygynda awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Herekete çäklendirme bir hepdäniň dowamynda 08:00-dan 18:00 aralygynda dowam eder. Çäklendirme hususy awtoulaglara degişli bolup, jemgyýetçilik ulaglary — awtobuslar we taksiler adaty tertipde hereket eder.
Bu başlangyç awtomobillerden daşky gurşawa zyýanly zyňyndylary azaltmaga we ekologiýa ulagy hökmünde welosipedi şäher ulag hereketine goşmaklygy maksat edinýär.
Belläp geçsek, ýurdumyzda «awtoulagsyz gün» çäreleri ilkinji gezek geçirilmeýär. Bu çäre daşky gurşawy goramakda, raýatlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde, sporta çekmekde uly seslenmä eýe bolup, eýýäm birnäçe ýyl bäri geçirilýär.
@tmcars.info

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.