"Bear Grylls" üstünlik hekaýasy.

"Ol 5000 metr belentlikden gaçýar aýagy döwülýär, lukmanlar indi ýöräp bilmeýäň diýýäler. Ýöne ol işini taşlamaýar 2 ýyldan soň Ewereste çykýar..."

1974 ýylda dogulan Grylly-syň hakyky ady Edward Maýkl Gryllysdyr. Heniz kiçi çaga wagtlarynda gyz dogany onuň adyny Teddy Bear diýip tutýar.We şondan soň öz adyny Bear Grylls diýip tutulmagyna karar berýär.
Ol päsgelçiliklerden geçmek, tebigatda kyn şertlerde diri galmak ýaly adatdan daşary ýagdaýlar bilen meşgullanýar. Ol Ewerest dagyna çykmagy arzuw edýär.

19 ýaşynda Beýik Britaniýanyň ýaragly güýçleriniň ýörite güýçleri gullugynda iňlis goşunyna gulluga girdi.
Gullukda Demirgazyk Afrikada, Gimalaý daglarynda we Günbatar Bangladda bolup, adaty bolmadyk şertlerde diri galmak boýunça ilkinji endiklerini aldy.
1996-njy ýylda gulluk wagty Zambiýada asmanda gezip ýörkä, 5000 metr belentlikde paraşuty ýyrtyldy, we katastrofiki gonuş wagtynda oñurgasynyň 3 ýerine zeper ýetdi, aýagy döwüldi.
Lukmanlar indi ýöräp bilmeýäň diýdiler.
Şondan soň Grylls bejergi alyp başlady. Reabilitasiýa we bejergisi 18 aý dowam etdi.
We özüne şeýle zyýan ýetensoň gullugy tamamlanýar.

We 2 ýyldan soň bejergilerini alyp bolup, 23 ýaşynda, beýikligi 8848 metr bolan Ewerest dagyna çykýar. We Ewereste çykan iň ýaş adam hökmünde "rekordlar kitabyna girýär."

Kynçylykly ýagdaýlary başdan geçiren, birnäçe gezek ölümiň bärsinden gaýdan Grylls-yň ýene bir syýahaty Atlantik Okeýanyny 5 kişilik grupbasy bilen üstü açyk gaýykda 15 günde geçmegi başarýar...
5 лайков 116 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.