Üç aylyk bagt
Dürdäne Akmyradyň düýşüne-de girdi. Ýaş ýigit heniz ýüzüni görmedik gyzyna, iň bolmanda, düýşünde bir sataşmagyň arzuwyny edip ýördi welin, şol-a boldy. Ýazylan hatlaryň, telefonda aýdylan süýjüden-süýji sözleriň netijesinde, gaýybana çekilen şekil hakykatdan gaty bir daşda-da däl ýaly ekeni. Akmyrat çakynyň dürs çykany üçin düýşünden razy boldy.
Uniwersiteti gutaryp, ýaňy bir ýyl bäri redaksiýada işleýän, birneme ýygra bolansoňam, heniz gyz bilenem syrdaşlyk etmedik Akmyrady Dürdäne gyz bir hepdäniň içinde Mejnuna öwürdi goýberiberdi. Özem asla garaşylmadyk ýerden, Akmyrat oňa, iň bolmanda, bir gezek-ýarym gezek sataşan bolsa ýa-da köçede göz astyndan garaşan bolsa aýry gep. Olaryň hiç haýsysam däl. Şol hiç haýsysy däldigem Akmyrady düşnüksiz güne saldy.
Akmyradam indi ýigrimi dördüni doldurdy. Deň-duşlaryndan eýýäm iki çaganyň atasy bolanlaram bar. Belki, ony maksadyna ýetirjegem Dürdänedir. Ýogsam, ol asmandan inen ýaly bolup, garaşylmadyk ýerden peýda bolmazdy ahyryn. Gepinden-sözünden çen tutsaň-a, onuň akyl-huşam jaýba-jaý bolmaly. Şeýle gyz saňa hat üste hat ýazyp, jaň üste jaň edip dursa, jogap gaýtarmagam ýigit halyňa gelşiksiz ýaly. Belkem, Akmyradyň indi telim ýyl bäri arzuwynda gözläp, hyýalynda göz öňünde getirýäni, gaýybana sözleşýäni şol bolmalydyr. Durmuş basgançaklary tötänlik kerpijinden örülen ahyryn.
«Söýgimiň agysyn aglap,
Gözýaş dökse-de bulutlar,
Men söýgime umyt baglap,
Ýere düşse-de bürgütler,
Aňmaz doňýürek ýigitler,
Dönmez bürgüde ýigitler…»
― Bu setirler Dürdänäniň ilkinji gezek ýazan hatyndan.
«Saňa hat ýazmazymdan ozal, üç gije-gündizläp pikir ýüwürtdim. Üç gije-gündizläp eýzet çekdim, kalbym bilen jedel edip, öz-özümi gynadym».
― Bu Dürdänäniň ilkinji hatyndan.
Dürdäne Akmyradyň adynam bilýär, familiýasynam, işleýän ýerine-de belet. Biýem-ä düşnüksizräk welin, aý, ol hiç-le. Agtaran taparam, bilerem.
Dürdänäniň ilkinji hatynyň gelen gününiň ertesi telefon jyrlady. Trubkany göteren ýigidiň «Maňa Akmyrat Jumaýew gerekdi welin…» diýen sese endamy goram-gowşak bolup gitdi. Beýle näzik, beýle ýakymly, beýle mylaýym sesi Akmyrat, megerem, ömründe ilkinji gezek eşidýärdi. Jaň edýän aýal maşgala pyşyrdap diýen ýaly gepledi. Pyşyrdy hem öňki ýakymly sese näziklik goşdy.
Adamda duýgurlyk bolýar-da. Akmyrat jaň edýäni özüne hat ýazan gyzdyr öýdüp çaklady. «Men Dürdäne, Akmyrat. Sesiňi eşidäýeýin diýdim ýene bir gezek». Beýle diýýän bolsa, Dürdäne ozalam Akmyradyň sesini eşiden bolmaly. Nirede? Haçan? Aý, ol hiç… «Sesiňi eşidäýeýin diýdim! Nähili täsirli sözler! Ol gyz seniň sesiňi eşitmäge zar. Şonuň üçinem Akmyradam ol sözlere minnetdar bolup jogap gaýtarmaly. Emma ol dili tutulan ýaly bolup dymdy. Sebäbi, birinjiden-ä tolgundy, ikinjidenem, kabinetde Akmyradyň ýeke özi däldi. Onuň garşysynda ýaşy altmyşa ser uran edebi işgär, mydama bolşy ýaly, häzirem kagyza çümüp otyrdy. Saçy düşen süýri kellesi boýny uzyn daşkädä meňzäp duransoň, ol ýaşula «Mimkelle» diýen lakam dakypdyrlar. Mimkelle birwagtyň özünde telefonda gepleşmegi, öňündäki materialy işlemegi, jaýdaky bolýan gep-gürrüňleri diňlemegi başarýan adamdy. Beýle adamyň ýanynda «Ünsem beresi ýok-la» diýäge-de, pynhan gürrüň edäýmeli däldi. Ýogsam Akmyrat jaň edýän gyza sowal üste sowal bermek isleýärdi, ony özüne imrikdirmekçidi.
«Hatyňyz geldi» diýen Akmyrat assyrynlyk bilen Mimkellä tarap seretdi. Ol kagyza gümrady, daş çykjaga-da meňzemeýärdi. «Edil şu köne stola ýelimlenen ýalydyr. Garry adam dagy zygyr-zygyr daş çykagan bolar welin. Şüý-ä üç çäýnek çaý içse-de, günde bir gezegem daş çykanok…»
― Hatyňyz düýn geldi…
Akmyradyň islegi hasyl boldy. Aňyrdan «Men iş gutaransoň jaň edäýerin» diýen pyşyrdy geldi. Ýigit Mimkelle gepi başga ýana çekmezi ýaly resmiräk dilde geplän boldy.
― Redaksiýa garaşar.
«Düşünýän» diýen jogap Akmyradyň gyza bolan höwesini hasam otugdyrdy: «Ýarym gepde mana düşünýär ekeni!»
Başga zady piňine-de alman, diňe öz işi bilen meşgul bolup oturana meňzese-de, «Mimkelle» ýaşkiçi işgäre ýaşulylyk pendini berdi.
― Redaksiýa garaşsyn-garaşmasyn, korrespondentleriň hatyna dil bilen däl-de, ýazmaça jogap bergin. Şeýtseň utarsyň. Ýogsam, maýda şer gözläp ýörenem gyt däldir. Aýratynam, şu mahalky ýaly otörgün döwründe ägä bolgun.
― Otörgünde nä adamlar üýtgäberýämi?
― Otörgünnemi? ― diýip, «Mimkelle» kagyza seredip oturyşyna ýylgyrdy.
― Otörgünne ömür salamhat ýazmadyklaram galama ýapyşyp goşgy yza-goşgy gönderiberýännirler. Men şü redaksiýada otuz ýedi ýyl bäri işleýän, inim.
«Mimkelläniň» aýdanlaryna ünsem bermedik Akmyrat bir tagta ak kagyzy öňüne çekdi-de, galama ýapyşdy. Dürdänäniň sesi gulagynda ýaňlanyp, hata ýazan sözleri onuň göz öňünde janlandy. Ýaş gyzyň owazyndan, sözlerinden many gözledi. Hyýalda dörän keşp kagyza geçip başlady. «Synçy bolmaly. Şoň üçinem gözleri akyllydyr. Boýy hem uzyn, dodaklary ýuka bolmaly. Boýny ýogyn, pökgidodakdan beýle näzik sese garaşma…». Hyýaldaky keşp kagyza geçdigiçe, Akmyradyň öňünde inçesagtdan uzyn boýly näzik maşgalanyň suraty peýda bolup ugrady. «Haty dagam edil keşde ýaly. Gödek barmak ýöredýän galamdan beýle nepis harplar çykmaly däl». Akmyradyň gelen netijesine görä, Dürdäne diýilýän gyz gapdalyndan geçeni boýnuny gyşardyp seretmäge mejbur edýän uz owadan bolmasa-da, her ädimde gabat gelýän adaty gyzlardanam däl.
Akmyrat özüniň ýeke otagly jaýynda kagyz baryny daşyna üýşürip, gijäniň bir mahalyna çenli oturardy. Redaksiýada gündiz gutarmadyk işlerini ederdi. Emma indi dört-bäş gün bäri onuň gözüne redaksiýanyň kagyzlary görünmeýän ýaly. Onuň ähli küýi-köçesi Dürdäne. Şu gün işden soňam, tam süpüriji Altyn daýzanyň gözüne ýigrenji görnüp otura-otura garaşan jaňyndan soň, Akmyrat hasam üýtgedi. Gündizki telefonda eşidilen pyşyrdy agşamam özüne çekmegini dowam etdi. telefonda eşiden ýakymly sözlerine bolsa, aljyramakdanmy, tolgunmakdanmy oňly jogabam berip bilmändi. Umuman, Akmyrat tolgunmanda-da Dürdänäniňki ýaly sözleri tapaýmajakdam. Diline gelen, amatlyrak hasaplan sözüni aýdaýsa-da şelaýynlyga golaýlaýan ýaly bolup barýar. Emma Dürdänäniň welin, bir tarapdan, ýeňlesiräk ýaly bolup duýulýan sözleri Akmyrat üçin ýasama-da däldi, ýeňlesem. Ol sözler ýaş ýigidiň sulhy alan gyzyndan eşidesi gelýän pynhan-pynhan sözleridi. Şonuň üçinem ol indi birnäçe ýyl bäri edip ýören arzuwyna ýetiberendirin öýtdi. Şu günki telefon gepleşiginden soň-a onuň Dürdänäniň kimdigini bilmek höwesi hasam güýçlendi. Dogrudanam, ol gyz kim? Näme üçin beýdýär? Akmyrady nireden tanaýar? Iş adresini nireden bilýär? Eger-de ol kimdir biriniň üstünden gülmekden keýp çekýän bolsa, näme üçin ala-böle Akmyrady saýlap tutmaly? Akmyradam akyly ýuka ýa-da oýnalyp ýören ýigitlerden däl ahyryn. Gepinden-sözünden çen tutsaňam-a ol gyz adamyň üstünden gülýäne, güljege meňzänok. «Hatyma jogap ýazarmyň?» diýdi. Akmyrat bolsa: «Nirä ýazmaly?» men hiç zada düşünemok-la» diýdi. «Menem edil sen ýaly. Şeýle bolmalam-da» diýip, aýdýany ýürekden çykýandygy bildirýän gyz pyşyrdady. «Men ýazan jogabymy nädip saňa gowşuraýyn?». «Ertir jigimi ýanyňa ýollaýaryn». «Özüň näme üçin geljekgä?». «Men baryp bilemok. Ýagdaýym şeýle». «Jigiň gelip bilýän ýerine özüň nämüçin gelip bileňok?». «Jigim entek çaga-da…»
Ýok, Dürdäne näme aýtsa-da, näme diýse-de ynanmazlyga, müňkürlige ýol goýanok. Ol ýetişen gyz. Kakasy gyrpa. Ejesem namazlykdan düşmän oturan aýal… Düşünmeýän sowallaryna Dürdänä derek özi jogap tapýan, ony hem gaty ýerlikli hasaplaýan Akmyrat gyzyň hatyny jogapsyz galdyrmaly däl. Özi öňürti hat ýazan ýetişen gyzyň haty guýa gaçan ýaly bolsa… Senem ýigit ahyryn.
Şeýle pikirleri kellesinde aýlan Akmyradyň ýene esli wagty ýazylmaly hatyň mazmuny barada oýlanmaga sarp boldy. Oýlanylanda aňsat düşäýjek ýaly bolup görünýän hat kagyza geçende welin hupbat baryny ýuwutdyrdy. Ol hat: «Iberen materialyňyzy, onda okyjylar köpçüligini tolgundyraýjak waka bolmany sebäpli çap etmändigimizi size habar berýäris» diýen ýaly guraksy sözlerden düzülen bolmaly däl. Ony, iň bolmanda gyzyň hatynyň mazmuny bilen kybapdaşyrak edip ýazmaly. Olam aňsat däl. Ýöne düşnüksiz ýagdaýda, garaşylmadyk ýerden peýda bolan söýgi haty Akmyrady şol guraksylykdan çykaryp, yşk meýdanyna gönükdirdi. Ol ýerde bolsa gül-gülälekler açylyp, olaryň üstünde-de akly-saryly kebelekler gaçdym-kowdum oýnaýar. Gözüňi süzüp diň salsaň, gülälekli meýdan heniz eşidilmedik pessaýdan şirin owaz edýär. Ol hem Dürdänäniň ýakymly pyşyrdysyna meňzeýär. Ol ses Akmyrady bahar paslyna seýrana çagyrýar, kalbyny yşk owazyndan doldurýar. Yşk äleminde Akmyradyň özi bilen Dürdäneden gaýry adam ýok. Yşka düşensoň aşyk gyzyň lezzetli hatyna mynasyp jogap gaýtarmazlyk gedemligem däl-de wagşylyk boljak. Akmyratda bolsa aslynda-da gedemlikden nam-nyşan ýok. Onuň kalby edil şol gülälekli meýdan ýaly sada hem arassa. Gaýybana söýginiň humaryna akylyny aldyryp ugran şeýle häsiýetli ýigidiň ýüregi joşa geldi. Ak kagyzly ýakymly sözleriň üsti bilen beýan edilýän mähirli duýgular çykarýan sözleriň kagyza geçip ugramagy bilen goşgy setirleri-de döredi:
«Nädip joşjagmy bilemok,
Şahyr däl menem, sen ýaly.
Haýran etdi ýazan hatyn,
Ilkagşam dogan Gün ýaly.
Setirleriň arasyndan
Ogryn bakdy gara gözüň.
Janym aldy, oda saldy
Her bir harpyň, her bir sözüň.
Ukym gaçyp gitdi umma,
Aldyň erku-mydarymy.
Arzuw kölünde ýüzýärin,
Bir görsem diýp didaryňy…»
Joşgun şu ýere ýetende, Akmyrat özüne erk edip, onuň öňüni böwetlemegi başardy. Mundan aňryk ätläbermelem däldi. Ýüregindäkiniň ählisini kagyza geçirmekden entek irräkdi. Şonuň üçinem sahypaýarymlyk hat telim gezek sökülip, telim gezek düzüldi.
…Akmyrat Dürdänäniň jigisi entek-entekler gara bererem öýtmändi. Emma hat taýyn bolan gününiň ertesi redaksiýada bir gyz peýda boldy. Ol giren mahaly kabinetde Akmyradyň ýeke özüdi, «Mimkelle» bir alada bilen daş çykypdy. Gyza gözi düşenden Akmyrat onuň kimdigini çaklady. On dört-on bäş ýaşlaryndaky, balkyldap duran gara gözli, saryýagyzdan inçesagt gyz diýseň görmegeýdi. «Sen Akmyrat Jumaýewmi? Meni Dürdäne iberdi» diýen pessaý ses Akmyrada ozaldan tanyş ýaly bolup duýuldy. Gyzyň sesi telefonda eşidilýän pyşyrda gaty meňzeşdi. «Sesi meňzeş bolsa, özem meňzeýändir…»
— Dürdäne bir bukja alyp gaýt diýdi.
Gyzyň sesi ysgynsyz ýaňlananam bolsa, Akmyrat tiz hereket etdi. kagyzlaryň arasynda ýygşyrylyp goýlan hat derrew gyzyň eline geçdi.
— Seniň adyň name?
— Maýsa.
— Dürdänäň özi gelmedimi?
— Gelip bilenok — diýen gyz ýylgyrdy.
«Dürdänäň ýylgyrşam edil şuňky ýalydyr!»
Akmyrat indiki häzirlän sowalyny aýtmaga ýetişmänkä «Mimkelle» dolanyp geldi. Maýsa gyz žurnalist bilen hoşlaşdy…
Bir aýyň dowamynda telim gezek hat alşyldy, hepdede-de iki-üç gezek telefonda gepleşildi. Alşylan hatlar, telefonda eşidilen näzik hem näzli pyşyrdylar köşeşdirmäge derek, gaýtam Akmyradyň ýagdaýyny agyrlaşdyrdy. Ol ertekilerdäki ýedi gat galanyň içindäki atly-ýaragly, şir-peleňli goralýan dergazap şanyň gözel gyzyna aşyk bolan biçäre garyp ýigide öwrüldi. Gizlinligiň gyzygy artýar. — Dürdänä ýetmek, ony synlamak, gürleşip oturmak höwesi güýjedi. Akmyrat heniz bir gezegem ýüzi görülmedik Dürdäneden başga giň jahanda gyz bardyram öýtmedi. Aýatda diri bolsa-da, hyýaldaky bolup ýören Dürdäne onuň nesibesinden çykmaly gyza öwrüldi. Hem-ä şonuň üçin, hemem Dürdänäniň şirinden-şeker, tüýs çyn aşygyň ýüreginden çykaýjak sözler bilen ýazýan hatlaryna gaýtarýan jogabynda aşyklyk sözleri-de Akmyradyň diline gelip başlady. Ýogsam «Dürdänäm» diýen sözi hata ýazaýmagam, telefonda aýdaýmagam diňe ýüregini bire baglan, meseläni gutarnykly çözdüm hasaplaýan ýigit başaraýmaly ýalydy.
Dogry, şol ilkinji sapardan soň Akmyrat gaýdyp Maýsany hem görmedi. Çaky, başa uran söýgi heseri hat alyşmak meselesinde gyza has amatly çykalga salgy beripdi. Indi Akmyrat Dürdänä ýazan hatlaryny şäheriň on altynjy aragatnaşyk bölümine iberýärdi. Dürdänäniň familiýasy hem Bahytowa ekeni. «Zöhre-Tahyrdaky» Bahyt bolmaly-da! Hemme zat edil dessanlardaky ýaly. Dürdäne-de, Bahytam seýrek gabat gelýän hem Akmyradyň ozaldan halaýan atlary. Asyl Dürdäne degişli zatlaryň ählisi Akmyrada ýaraýar. Ady diýermiň, owadan haty diýermiň, owadan ýazlyşyndanam beter daşa dönen ýüregem eretjek akyllydan mylaýym sözleri diýermiň… Belkem Dürdänäniň ýazýan zatlary üýtgeşigem däldir. Ýöne, Akmyradyň nyrh kesişine görä welin, beýle hatlary diňe akylly-başly, kalby näzik, özi näzik, dünýäsi näzik Dürdäneden gaýry hiç kim ýazyp bilmeli däldi. Emma Akmyrat esasy mesele hasaplaýan bir zadyna welin akyl ýetirip bilmeýär. Kimdir birini sulhy alyp onçakly edeplilik hasaplanmaýan ýola baş urup, ýigide öňüti hat ýazmaga mejbur bolan gyz näme sebäbe onuň bilen duşuşmaga çykalga gözlemeýär? Ene-atasy gyrpa diýeli. Bolanda näme? Günde-günaşa jaň etmegi başarýan gyz, iň bolmanda: «Pylan wagt, pylan köçäniň, pylanyjy jaýynyň gapdalyndan geç» dagy diýip bilerdi ahyryn.
Akmyrat şol düşnüksizlige düşünmekligi ýüregine düwdi. Bir gün ol sebäbini hem aýtman, bassyr üç günläp her gün hat ýazjakdygyny gyza ýollan bukjasynda duýdurdy. Hatlary hem her gün almagyny sorady. Ol şol haty dagy gaty täsirli edibem ýazdy. Indi ol çakdanaşa mylaýym sözleri ýazmagy-da ýuwanlyk hasaplamady. Üstesine-de Dürdänäniň öňküsinden soňkusy has näzik, has ýakymly hatlary özüne mynasyp süýji sözleri ýazmagy hem talap edýän ýalydy. Dürdäne hatynda «Mähribanym Akmyrat!» diýip ýüzlense, jogap hökmünde «Eziz Dürdänäm!» diýen ýaly sözler ýaňlanýardy. Şonuň yzyna bolsa, ilki söýgä, şahyr aýtmyşlaýyn «şatlyk-gaýga» baş goşan juwan ýürekden çykaýmaly joşgun, göçgünlilik sepleşip gidýärdi.
Akmyrat hat yza hat ýollap, olary eýesine gowşurmaly aragatnaşyk bölüminiň gapysynda hakgulla bolup durmak pikiri kellesine uranda-da ilden çykgynç hereket ederin öýtmedi. Ol hem ýaş ýigidiň yşk bazarynyň guly bolanlygyndan habar berdi.
Söýgi hatlarynyň jogabyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan gyz, ýadamany-ýaltanmany-da bilmän, günde telim gezegem bolsa, aragatnaşyk bölümine gatnaýmalydy. Ýöne Akmyrat baranda aragatnaşyk bölümi heniz işe-de başlaman ekeni. Ol gapy açylýança-da kän garaşmaly boldy.
Dürdänäni tapaýsa, Dürdänäni tanaýsa Akmyrat näder? Niçik hereket eder? Utanmazmy, aljyramazmy? Ýok, utanmazam, aljyramazam. Üç aýa basalyk wagt bäri onlarça gezek telefonda gepleşen gyzdan, beýle-beýle hatlar ýazan gyzdan utanmaly bolmaz.
Agajyň aşagynda garaşyp duran Akmyrat Dürdänäniň her gezekki telefon gepleşiginiň ahyryny: «Ýene sesiňi eşidýänçäm sag bol, Akmyrat jan!» hatynyň ahyryny bolsa: «Jogabyňa sabyr-takatsyz garaşýan, ezizim» diýip gutarmasyny öwran-öwran ýatlady. Telefonda gepleşip bilýän halatynda hata sabyrsyzlyk bilen garaşmasy nämedenkä? Ýogsam telefonda aýdylýan sözlerem hata ýazylýan sözleriň ýa ekesi ýa-da ükesi ahyryn. Dürdäne iň soňky hatynda-da «Gözüme nur, kalbyma şatlyk goşýan hatyňa sabyrsyz garaşýan» diýip ýazypdyr. Belkem ol gaýtalabam okap bolýandygy üçin hata garaşýandyr? Telefondaky ses bolsa gaýtalanmaýar…
Garaşýan gapysynyň açylmagyna bäş-alty minut galanda Akmyradyň töweregine bir topar adam ýygnandy. Gelýänleri, duranlary göz eleginden geçirýän Akmyradyň garaşýany olaryň arasynda ýokdy. Duranlar adaty aýallardy, adaty gyzlardy. Akmyradyň tanamalysy bolsa adatylaryň hataryna girmeýärdi. Seýkin basyp, uz ýöräp gelmeli Dürdäne ädim urşy bilenem, garaýşy bilenem bu duranlardan parhlanmalydy. Ol entek gelmeýärdi. Akmyrat bolsa, ikindin gapysy ýapylýança garawulçylyk çekmese-de, birki sagat-ha bu ýerde durmaga kaýyl bolup gelipdi.
Gapy açylansoň iş-aladalaryny bitiren adamlar derrewem jaýy boşatdylar. Ortadaky tegelek stoluň başynda güýmenen bolup oturan Akmyradyň ähli ünsi hat alynýan bölümdedi. Ol bölüme, kän bolmasa-da, gelip-gidýän bardy. Ýöne iki sagat çemesi wagt geçse-de, Akmyradyň ýazan hatlarynyň hyrydary welin gara bermedi.
Ahyram Akmyrat arzuwy hasyl bolandyr öýtdi. Günorta arakesmesine ýarym sagat galanda ýigrimi ýaşlaryndaky görmegeý gyz peýda boldy. Onuň Dürdäneden başga adam bolmaga haky ýokdy. Ýöreýşem, garaýşam… Ol gyzyň eşik geýşem asylly maşgaladygyndan habar berýärdi. Arzanbaha matadan tikilen köýnegem ol gyzyň egninde gymmatbaha bolup görünýärdi. Sebäbi, köýnek gyzy bezemeýärdi, gyz köýnegi bezeýärdi.
Gapdalyndan geçip giden şol gyz Akmyrada tanyşlyk nazaryny aýlan ýaly boldy. Ýigidiň ýüregi jigläp gitdi. Hatyň yzyndan gelen gyz öz yzyndan gelen ýaly Akmyrat ýerinden turdy. Tursa-da, gyzyň yzyndan ýöremeli bolanda welin, özüne erk etdi. Sokulyp ýanyna barsa, ýeňillik, bisuwytlyk boljakdy…
Görmegeý gyz, agras gyz, Dürdäne bolup çykmaly gyz hat alynýan bölümiň aýnasynyň öňünde saklandy. Onuň dokumenti yzyna gaýtarylanda ýany bilen ikimi ýa-da üç sany hat uzadylandygyny Akmyrat görüp ýetişdi. Şol bolmaly. Akmyratdan başga ile ikiläp-üçläp hat ýazjak barmydyr? Dürdäneden başga ikiläp-üçläp hat aljak barmydyr? Şol bolmaly.
Owadan gyzyň hatlary, kimden gelendigine-de seretmän, bukjasyna salyp ötägitmegem Akmyrada ýarady. Kelkewser bolmasa, howlugyp ölübermelem däl-dä, — bu Akmyradyň gelen netijesi.
Ýere basýandygynam duýdurmaýan edaly ädimler gapa çenli bolan aralygy ölçäp ugranda Akmyrat indiden soň edeplilik görkezen bolup durmagy artykmaç hasaplady. Ol daşişikde gyzyň yzyndan ýetdi, dogumlandy. Emma owadan gyzyň gapdala gyýa garan owadan garaýşy onuň dogumyndan nam-nyşan goýmady. Bolsa-da ýaş ýigit özüni ele aldy.
— Sen Dürdänemiň, gyz?
Gyz alarlyp seretdi.
— Dürdänäňem, Zerdänäňem başga ýerden gözle.
Nähili gödek hem ýakymsyz ses! Gözüniň kesen bahasy bilen Akmyradyň kalbyna näzikden edepli bolup giren keşp, göz açyp-ýumasy salymyň içinde gödeňsi bir zada öwrüldi-de, ýigidiň içki dünýäsini bulandyryp daşyna çykyp gitdi. Aljyran Akmyrat nätjegini-de bilmedi.
— Ýalňyşaýdym öýdýän… Bagyşlaň!
Öňki hyrsyz garaýyş ýene bir gezek gaýtalandy.
— Gabat gelene süýkenip ýörseň, ýalňyşan ýeriň köp bor…
«Hudaý saklawersin! Indi bir sesimi çykarmaýyn. Şüý-ä şarpyk çalaýmakdanam gaýtjakgälaýt!»
Çaklaýan şarpygy ýüzüne urlana dönen Akmyrat bu jelegaýlarda mundan artyk durmaga-da uýaldy…
Şondan soň Akmyrat düşnüksizligi bilen özüni otdan alyp, suwa zyňyp ýören gyzdan birneme sowaşaýmalydy welin, tersine boldy. Jaňa garaşdy, jaň gelmese, hata garaşdy. Redaksiýa öz aladasy bilen ýüz tutýan adamlardan jaň gelende, Akmyrat ony Dürdänedendir öýtdi. Redaksiýa öz işi bilen ýüz tutýan adamlardan hat gelende, Akmyrat ony Dürdänedendir öýtdi. Üstesine-de, soňky wagtlarda Dürdäneden hat gelmesi hem seýrekledi. Şonda-da Akmyrat sowaşmady. Ýazylmadyk hatlara, aýdylmadyk şirin sözlere jogap gaýtarmaga başlady, on altynjy aragatnaşyk bölüminiň gapysynda bolan wakanam habar berdi. «Şeýle güne sezewar etseňem men senden sowaşyp bilemok…»
Seýregrägem bolsa, gelýän hatlaryň birinde Dürdäne Akmyrady gaty gyzyklandyrýan sowalyňam jogabyny ýazypdyr. Asyl, bilnip oturylsa, Dürdäne Akmyrady üç aý mundan ozal dokma fabriginiň klubynda gören ekeni. Şonda Akmyrat žurnalistleriň dokma fabriginde geçiren duşuşygyny ýadyna saldy. Ýadyna saldy-da utandy. Sebäbi, ýygra ýaş žurnalistiň şol gezekki eden çykyşynda dokmaçylaryň ýadynda galaýar ýaly aýdan gepi-de bolmandy, sözi-de.
Bolsa-da tötänden ýazylan jogap Akmyradyň esasy sowalynyň jogaby däldi. Kimdir biri seni toýda-tomusda, oturylyşykda-da görüp biler. Ol düşnükli. Ýöne Akmyrady beýle derdesere salan geň wakanyň soňy näme bilen gutarar?
Iki hepdäniň içidir Dürdäneden hat gelmesi düýpden kesildi. Ol hem Akmyradyň kalbynda her hili sowallaryň, çaklamalaryň döremegine getirdi. Belkem gyrpa ata bilen namazhon enäniň gepinden çykyp bilmeýän edepli gyz kimdir biriniň töründe eýýäm gelin bolup oturandyr? Ýok ol çaklama nädogrudyr. Her hili ýagdaýa düşende-de, Dürdäne namartlamaly maşgala däl. Onuň şeýledigine üç aý bäri ýazylýan hatlaryň mazmuny güwä geçýär.
…«Mimkelläni» baş redaktoryň ýanyna çagyrdylar. Ol çykan badyna-da, gapy ýaňadandan açyldy. Iç işikde aýak çeken daýzany Akmyrat ilkibada «Mimkelläniň» semizlikden ejir çekýän näsag aýalydyr öýtdi. Ol redaksiýanyň golaýyndaky dükandan alan ol-bi zatlaryny, götermek kyn düşensoň, käte adamsyna taşlap geçäýýärdi. Ýöne ol Nartäç daýza-da däl eken.
Akmyrat gapydan gelene pessaý ses bilen salam berdi, jogabynam alanyny-almanynam aňşyrman galdy. Göz astyndan bolsa ol daýzany üns bilen synlady. Ol Nartäç daýzadanam gödek hem dört gyrandy. Ýaşy otuzyň töwereginden habar berýärdi. Etiniň gereginden artykmaçlydygyny tassyklap, köýnegini güberdip duran çykyn-çykyn çiginleri ozalam kelte boýy öňküsindenem peseldip görkezýärdi. Boýny hem bokurdy. Üstesine, pahyryň ýüzünde-de göz eglener ýaly yşnak ýokdy. Arasy bitik gür gara gaşlarynyň gabagynyň üstüne abanyp durmagy onuň sypatyna erkekpisint görnüş berýärdi. Teňňeli burnuň aşagyndaky pökgi dodaklar edil ýel berlen ýalydy. Garaz, ol göýdük biçärede aýal maşgala mahsus sypatlardan nam-nyşan ýokdy. Akmyrat: «Hudaý bi görgülä görkden-görmekden zat eçilmändir-ow! — diýip içini gepletdi. — Şüýem biri bilen är-aýal bolup ýaşaýarmyka?!»
— Size Esen aga gerekmidi? — diýip, Akmyrat «Mimkelläniň» hakyky adyny tutdy.
— Ýok, maňa Esen aga gerekgäl. Maňa sen gerek.
— Aýdyberiň!
— Men şol Dürdäne bolmaly. Akmyrat — diýen tanyş ses ýigidiň başyny aýlap goýberdi. onuň elindäki galam barmaklarynyň arasyndan sypyp, stoluň üstüne, soňam ýere gaçdy. Galamy almak üçin aşak eglen Akmyrat «Ýok, soň Dürdäne bolmaly dä-äl!» diýip stoluň aşagyndaka gygyrmak isledi. Emma başarmady. Gapyda durana haýpy geldi, nebsi agyrdy, dili tutuldy.
Akmyrada derek Dürdäne gepledi.
— Men senden ötünç soramaga geldim, Akmyrat. — Habardan many alyp bilmedik Akmyrat gözlerini tegeläninden soň myhman dowam etdi. — Sen maňa söýülýän zenanlaryň nähili bagtly bolýandyklaryny düşündirdiň… — Dürdänäniň bokurdagy dolan ýaly sesi tutuksy çykdy. — Men şu ýaşda ömrümiň diňe üç aýyny özümi hakyky zenan hökmünde duýup gördüm. Sen meni tutuş üç aýlap bagtly etdiň. Meni bagyşla, Akmyrat jan. Ýagşylyk edene bagyşla diýilmeýä. Men saňa şony diýmeli bolýan. Nätjek, menem zenan-da… Sen meni bagyşla, Akmyrat jan… Taňry ýalkasyn…
Kalby, beýnisi çepbe çöwrülen, durky bilen titräp oturan Akmyrat ýerinden turdy, Dürdänä tarap manysyz, maksatsyz nazar bilen garady. Garadygyça-da, biçäre zenanyň sypaty öňküsindenem naýynjar görnüş aldy. Akmyradyň oňa haýpy geldi, ýakymly sözler bilen göwnüni awlamak isledi. Emma ýetişmedi. Sem bolup duran Akmyrat özüni dürseýänçä, Dürdänäniň gowuşgynsyzdan agyr göwresi gapynyň aňyrsynda gizlendi…
Atajan TAGAN

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.