Dünýädäki geň-taňsy wakalar /3

HAÝWANLARYŇ ŞEKILI PULLARDA 

Gadymy zamanlardaky pullaryň ýüzünde haýwanlaryň dürli görnüşleri şekillendirilipdir. Olara mysal edip şulary görkezmek mümkin: Karfagen şäheriniň biziň eramyzdan ozalky 410-510-njy ýyllarynda ulanylan puluň ýüzünde ýyndam aziýa atynyň, Frakidäki Enos şäheriniň biziň eramyzdan ozalky 400-450-nji ýyllara degişli pulunda mäkiýanyň şekili çekilipdir. Biziň döwrümizde-de käbir ýurtlaryň pullarynda haýwanlar şekillendirilipdir. Meselem, Awstraliýanyň pulunda kenguriniň, Liberiýanyň pulunda piliň, Merkezi Afrika ýurtlarynyň franklarynda antilopyň, Folklend adalarynyň pullarynda iki sany pingwiniň şekili çekilipdir. Mundan başga-da käbir ýurtlaryň pullarynda bürgüdiň, hat-da iki kelleli bürgüdiň hem şekillendirilen halatlary-da duş gelýär. 

KIM ÇALT GEPLEÝÄR 

Lingwistleriň geçiren barlaglaryna görä, orta hasapdan minutda 350 bogun aýdýan fransuzlar hemmelerden çalt gepleýän halkdyr. Olaryň yz ýanyndan ýaponlar bar ýar, olar bolsa her minutda 310 bogun aýdyp bilýärler. 
Lingwistleriň bu barlagy ýene bir zada göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Iňlis dilinde gepleýän amerikanlaryň we iňlisleriň gepleşik dilinde käbir aýry-aýry sözler ýa-da söz düzümleri bolaýmasa başga tapawut ýok. 
Ýöne olaryň gepleýişleriniň intensiwligi welin, başga hili bolup çykdy. Iňlisler minutda ortaça 220 bogun aýdýarlar, amerikanlylar bolsa her minutda 175 bogun aýdýarlar. 

DEŇIZ AŞAGYNDAN ÖTÜK 

1968-nji ýylda gurlup başlanan Seýkan ötügi Honsýu we Hokkaýde diýen ýapon adalaryny demir ýoly bilen birleşdirer. Ol 53,85 kilometr aralyga uzalyp gider we häzire çenli gurlan ötükleriň arasynda iň uly ötük bolar. 
1980-nji ýylyň tomsunda ýapon gurluşykçylary ötügiň içini timarlamak işine başladylar. Onuň diwarlary polat we beton «lybaslaryny geýerler». Ýönewelin ötügiň ulanylmaga beriljek gutarnykly möhletini spesialistler häzirlikçe aýtmakdan saklanýarlar. 

UGURTAPYJY «ÝIGIT» 

Öz ýaşynyň birçene barandygyna seretmezden, Müsüriň paýtagtynyň ýetmiş ýaşly ýaşaýjysy örän hilegärlik edipdir. Ol ikinji gezek öýlenmegi, onda-da özünden elli ýaş kiçi gyza öýlenmegi ýüregine düwüpdir. Toý üçin ediljek çykdajylary hem ilkinji aýalynyň hasabyna tölemegiň pikirini edipdir. Ol öýlenjek zenanyna ikinji gezek toý edýändigini aýtmandyr. 
Ugurtapyjy garry birinji aýalyna uky dermanyny köp mukdarda bermek bilen onuň zatlaryny ogurlapdyr. Ondan alan altyn gulakhalkalaryny, bileziklerini, gymmat bahaly monjuklaryny, kümüş zatlaryny golaýdaky zergäre satypdyr. Ondan gelen girdejä bolsa uly toý tutupdyr. 
Ýöne welin «täze çatynjalar» ilkinji aýlaryny şadyhorramlykda geçirmäge ýetişmändirler. Şäheriň renimasion bölüminde özüne gelen zenan zatlarynyň ogurla nandygyny polisiýa habar beripdir. 
2 лайков 103 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.