Internetde dörän söýgi

Internetde dörän söýgi

Bilmedim, nireden girdiň dünýäme,
Tötänden tanyşdyk, tötänden duşduk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýog-a,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

Soraşdyk, ideşdik, duşuşdyk soňam,
Göwnüň ýaly gözel eken keşbiňem.
Şondan bäri ak kagyza sen hakda
Goşgy bilen çekip ýörün keşde men.

Hat ýazaňda ýyndam urýar ýüregim,
Jaň edeňde has ýagtylýar töwerek.
Duýgularmy ýaýyp goýduň öňüňde
Gursagymy beýlesine çöwürip.

Öňde-soňda bolan sowuklyklary
Unutdyk-da, kalbymyzda ýaz açdyk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýokdy,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

SAPA HOMMADOW
10 лайков 159 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Saýrak guş
25 апр 2022, 17:15
Dogrudanam internetde söýgi barmyka?
Moana
25 апр 2022, 17:49
Döredi gerek?))
LLLL
Автор 25 апр 2022, 17:54
Saýrak_guş,
Bar.
LLLL
Автор 25 апр 2022, 17:55
Moana,
Da da
Pegas
25 апр 2022, 18:03
♡чистая♡
Moana,
Da da

:)))
Nazar
25 апр 2022, 23:55
Pegasynky ekena bu gosgy. :))
Awtoryny bilman yordum su gosgyñ
Bidowlet
26 апр 2022, 00:01
Saýrak_guş,
bardyr.