SUW PERISI ERTEKIMI ÝA HAKYKAT?

Suw perisi ertekimi ýa hakykat?


"Karib deñziniñ garakçylary -4: Syrly deñizlerde" çeper-fantastiki kinofilminde deñizde gaýykly ýüzüp barýan adamlara aýdym aýdyp berýän we olary özlerine maýyl edip heläkçilige uçradýan suw perileriniñ epizody köpüñiziñ ýadynda bolsa gerek. Filmiñ baş gahrymany Jek serçäniñ we onuñ ýoldaşlarynyñ sary saçly, görmegeý we näz-kereşmeli, ilkibaşda gören badyña özüne aşyk edip taşlaýan, emma bir posa aljak bolup ýakynlaşan badyña heläkçiligiñ düýbüni boýladýan ýokarsy adam, balykpisint guýrukly jandarlara garşy söweşýän ekşn sahnalar suw perileri baradaky ertekä çalymdaş gürrüñleriñ düýn-şu gün dörän hekaýatlar däldigine güwä geçýär.
Suw perisi hakyndaky ilkinji hekaýat b.e.öñ 1000-nji ýylda ýaşan assiriýalylara degişlidir. Assiriýanyñ zenan patyşasy Semiramidanyñ ejesi baky diri zenan hudaý Atargatis başy ölümli çopana aşyk bolupdyr. Emma onuñ söýen ýaş çopany ölüpdir. Atargatis bolsa balyga öwrülmek üçin özüni köle oklapdyr. Ýöne suw Atargatisiñ ajaýyp tenini we syratyny üýtgetmegiñ deregine, oña balygyñ guýrugy ýaly guýruk we suwda dem almak ukybyny bagyş edýär. Hekaýatda Atargatisiñ ilkinji şekillendirilişi adam kelleli we balyk guýrukly şekilde bolupdyr. Grekler bolsa Atargatisi Derketo diýip atlandyrypdyr we ony Afroditanyñ ýanynda suratlandyrypdyr
B.e.öñ 546-njy ýyldanam öñ miletli filosof Anaksimandr adamyñ gysga wagtyñ içinde suwda ýaşaýan birtüýsli jandara dönüşini beýan edipdir. Başga bir grek rowaýatynda Aleksandr Makedonskiniñ aýal dogany Fessalonika aradan çykansoñ suw perisine öwrülipdir. Ölüminden soñ Egeý deñzinde ýaşan Fessalonika deñizçiler duşanda, ol deñizçilerden "Aleksandr patyşa dirimi?" diýip ýekeje sowal berenmiş. Deñizçiler oña: "Hawa diri we häzirem patyşalygynyñ başynda" diýip jogap berenmiş. Deñizçileriñ bu jogapdan başga beren jogaplary Gorgonyñ (suw çöwlümi, girdap) döremegine we gäminiñ gark edilip deñizçileriñ öldürilmegine sebäp bolýar.
"1001 gije" arap ertekilerinde-de "deñizde ýaşaýan adamlar" hakynda dürli-dürli hekaýatlar gabat gelýär. Beýleki rowaýatlardan tapawutlykda bu deñiz adamlary gury ýerde ýaşaýar, emma suwa girende hiç hili kynçylyksyz dem alyp bilýär we deñize girenlerinde eşikleri ezilmeýär. Şol bir wagtyñ özünde adaty adamlar bilen jynsy gatnaşyga girende doglan çagalaram olaryñ özleri ýaly "deñiz adamlary" bolup dogulýar. Deñiz adamlarynyñ adaty adamlaryñ sypatyndan känbir tapawutlanyp durmaýar.
Suwasty ýaşaýyşa mahsus däl gury ýerde ýaşaýan käbir haýwanlaryñ deñizde-de ýaşaýandygy baradaky käbir fantastiki hekaýatlar türkmen edebiýatynda-da duş gelmän duranok. Mysal üçin, "Görogly" eposynda Jygaly beg Gyzyl deñziñ kenarynda günüñ belli bir wagtynda kenara çykýan suw atlaryndan tohumlyk alýar we onuñ şol "taza meñzeş bir zady getirip seniñ üstüñden güljek bolýar" diýip ýalan myjabata galyp gözüniñ oýulmagyna sebäp bolan tohumlyk baýtalyna-da Gülendamyñ hilesi bilen Arabystanyñ patyşasy Arap Reýhanyñ arap aty çekilip Göroglynyñ Gyraty dünýä inýär.
Türkmen ýazyjysy Şahymerdan Sary oglunyñ "Suw perisi" ertekisinde Hazar deñiziniñ etegindäki obalaryñ birinde ýaşaýan Azat atly oglan Mahy diýen deñiz gyzyna aşyk bolýar.
Seýitmyrat Geldiýewiñ hem "Suw perisi" poemasynda Köpetdagyñ eteginde birmahallar bolandygy we kontinentara üýtgeşmeler sebäpli gurandygy çak edilýän Tetis ummanynda ýaşaýan suw perilerden söz açylýar.

■ Suw perisi

Suw perileri iñlis yrymlarynda şowsuzlyk we bela-beter getirýän jandar hökmünde görülýär. Süýji suwlarda ýaşaýan suw perisine çalymdaş Melýuzina köplenç iki balyk guýrukly ýa-da ýylan bedenli şekilde sypatlandyrylypdyr. Ýaponlarda suw perisiniñ etini iýenleriñ başyna ölüm inmejekdigine ynanylýar...
Suw perisi çeper edebiýatyñ iñ ýörgünli jandarlaryndandyr. Suw perisi ençeme çeper eserleriñ we çeper kinofilmleriñ gahrymany bolup çykyş edýär. Hatda dünýä belli ertekiçi ýazyjy G.K.Anderseniñ "Kiçijik suw perisi" atly ertekisiniñ gahrymanynyñ hormatyna Kopengagen portunda ýörite heýkel hem bina edildi. "Kiçijik suw perisi" neşir edilen badyna birgiden jedelleri özi bilen getirse-de, erteki Günbatar Ýewropa dünýäsinde suw perisini teswirleýän nusgalyk eser derejesine göterildi. Ertekiniñ sýužeti köpsanly telewizion gepleşikleriñ, kinofilmleriñ we jadyly hekaýatlaryñ mazmunyna siñdirilip ençeme gezek işlendi.
Suw perisi bilen baglanyşykly jedelleriñ gowry häli-häzirlerem ýataýanok.
Russiýanyñ RENTV teleýaýlymynyñ gözlegler boýunça topary suw perileriniñ we dürli suwasty jandarlaryñ barlygyny anyk orta goýan delilleriñ barlygyny öñe sürdi.
"Okeanyñ gigant syrlary" telegepleşigini taýýarlaýan topar gözlegleriñ dowamynda Azerbaýjanyñ Hazar deñziniñ kenarýakalarynda käbir barlaglary geçirdi.
Gepleşigi alyp baryhy suw perileriniñ soñky wagtlarda bu sebitde ýygy-ýygydan duş gelinýändigi barada aýdansoñ, bu suw perilerine Azerbaýjanda "Suw perisi", Eýranda "Runanşah" diýilýändigini aýtdy.
RENTV-niñ gözleg topary ilki azerbaýjan taryhçysy Oktaý Ryzaýew bilenem duşuşdy. Ryzaýew suw perilerine hasam Astarinskiý we Lenkeran töwereklerinde köp gabat gelinýändigini salgy berensoñ, aýdylan ýerlere eñen barlagçylara şol suw perileri gözi bilen görenler Hazar deñzinde ýaşaýan suw perileriniñ o diýen uly däldigini, ýagny boýlarynyñ 1,5 metrden uzyn däldigini, barmaklarynyñ arasynda ýuka perde bardygyny aýtdylar.
Ol ýerde aw edýän balykçylar suw perisine Hazar deñiziniñ esasan Azerbaýjana ýanaşýan şu iki sebitinde hemişe görülýändigini, özem bu jandarlaryñ hem erkek hem urkaçy jynslylarynyñ ýygy-ýygydan duş gelinýändigini aýdýarlar.
Telegepleşigiñ soñky bölümleriniñ birinde çykyş eden başga bir azerbaýjanly bolsa çagalyk döwründe kakasynyñ öýe getiren bir jandary hakynda maglumat berdi. Onuñ habar bermegine görä, uzyn we ýogyn gara saçy bolan ösgün dyrnakly suw periniñ 60-70 sm uzynlykda goly we 1,2 metr boýy bolupdyr.
Öýüñ howlusynda ýerleşen hammamdaky suwly wannada goýlan suw periniñ ol ýerde üç gün ýaşandygyny aýdan ýaşaýjy, suw periniñ özüne berlen hiç zady iýmändigi, hatda suwuñ ýüzüne-de çykmandygyny, hernäçe jan etseler-de özüne gatylan sözlere hiç hili jogap bermändigini aýtdy. Açyk howada kenarlara golaý gaýalyklarda güneşlemegi gowy görýän suw perileri esasanam 1960-njy ýyllarda köp gabat gelnipdir. Emma Hazar deñziniñ suw derejesiniñ beýgelendigi we gaýalyklaryñ suw astynda galandygy sebäpli, öñler bir gezekde 5-8 suw perisi bir ýerde görülenem bolsa, soñabaka bu jandarlaryñ deñiz kenarlarynda seýrek görnüp başlandygyny-da, ol sözüniñ soñunda belläp geçdi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.


4 лайков 2 186 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
AYNURA
27 апр 2022, 17:44
Men pikirimche hakykatdanam bar sebabi yanymyzdan Dostluk kollektiri akyp gechya yylda bir sany oglan alyar shol ozom gowy arassa akylly oglanlardan.Eshidimche suw perileri ozune yoldash alyarmyshlar diyyaler
Maksat
27 апр 2022, 18:10
"Men pikirimche hakykatdanam bar"

Başga planetalylary näçe aklymyzda pikir edip oýlasagam aslynda ony ýeke gezegem görmedik, gaýta adamyň özi onuň bolmagyny isleýän ýaly, "özleriçe" ýere şekiller çyzdylar geldiler diýip, suratlar çykardylar. Aslynda welin ol barada ýekejede anyk delil ýok. Olary görýäsmi, ellämzokmy, diýmek ýok. Düzmede ýa-da fantastiki hekaýa ýaz diýilse ony ýazyp, çeperleşdirip, internetde tötänleýin paýlaşsalar muňa ynanjak millionlarça adam çykar. Eýsem ol barmyka?! Ýa-da ýaponlaryň "Bloody Mary" hekaýasy, "çyndanam barmy" diýip internetde paýlaşdylar, eýse oňa ýekejede delil getirenoklar. Meselem özümizden almaly bolsa Görogly, barmyka şunça çeperleşdirilmegine garamazdan?! Ýa-da Müsürde bir daşyň ýüzüne çyzylan zady adamzat ýene fantastiki pikirlerine daýanyp gelmişeklere meňzetdi, alymlar bolsa olary analiz edip aslynda hersiniň başga zady aňladýandygyny subut etdi. Onsaň suw perileri nädip bolýarka?! Ýa-da iň bolmanda Aýaz Baba, ýaşap geçendigi barada analiz edilip, aslynda onuň "Νικόλαος" bolandygy we hristian dini döremänkä ýaşap geçendigine subutnama getirdiler. Käbir tapyndy süňkleri, şonuňkudyr öýdülip intägem saklanýar. Ýöne şonça edilen analizlere garamazdan ýaşap geçendigi belli däl. Onsaň suw peri ýaly akyla sygmajak zatlar nädip çyn bolýarka?! Muňa ynanmagyňyzyň sebäbini çyndanam bilesim gelýär.
Maksat
27 апр 2022, 18:15
"Eshidimche suw perileri ozune yoldash alyarmyshlar diyyaler"

"Eşdişimçe" erkekler deňiziň "gizlin ýerinde" nobata duryp suw perileri alýarlar eken, dosdum jaň etdi maňa-da birini tapypdyr, ýöne gaharym gelen ýeri özi 3 sany alypdyr peläket.
ReD DrAGoN
27 апр 2022, 18:37
AYNURA,ol alan oglany soñ olyamika ya bile ýaşaýarlarmyka?
Hiayress
27 апр 2022, 20:34
Suw perileriniň barlygy hakykat eken. Ýöne siziň göz öňüne getirýän balyklaryňky ýaly ýüzgüçli suw perileri dälde adaty iki aýakly suw periler. Öňler banýa diýilýän nersäniň bolmany üçin gyzlar giçlik öz ýaşaýan ýerleriniň golaýyndan akyp geçýän ýaplarda, derýalarda suwa düşer ekenler. Muny görenlerem olara: "suw periler" diýer ekenler. Wessalam iş tamam.))
La Star MaN
Автор 27 апр 2022, 21:37
Hiayress,
Çozdiñaý senem onda senem suw peri bolýañmy
La Star MaN
Автор 27 апр 2022, 21:43
psih3 hehehe mashynly blog pont ........
Şamuhammet
27 апр 2022, 21:54
Hiayress,

Şuna oňardyňaý :D
Гость Adalat
Гость Adalat
27 апр 2024, 06:47
Men ucin suw perileri bar