Tebigat hakda
Wagtyn gujagynda irkildi zemin, Baglar yuwashjadan dokdi yapragyn. Hut shu gunler, hut shu gornus astynda Duysady duygudan dolan yuregim. Wagtyn gujagynda irkildi zemin diyen setirini haladym.
(*GÜÝZ
Wagtyň gujagynda irkildi zemin,
Baglar ýuwaşjadan dökdi ýapragyn.
Hut şu günler, hut şu görnüş astynda
Täsin duýga bendi boldy kükregim.
Ganat bitdi, galdy göwnüm çarpaýa,
Gözlerim üýtgeşik görýär dünýäni.
Dek düýndi pes otyrşy sussumyň,
Bu gün bolsa, şükür, bar zat gül ýaly!
Bagda guşlar birenaýy saýraýar,
(Tebigat olara eçildi ylham)
Hiç zat meniň keýpim bozup bilenok,
Men bu gün parahat.
Men bu gün tarhan.
Watan ikindisi, gör, neneň gözel!
Iňrik barýar ýuwaşjadan gyzaryp.
Hanha, bir ýyldyzjyk dogdy asmanda
Ulugyz deý bir agaryp-bozaryp.
Ýaşaýyşyň artan ýaly manysy,
Özümde birhili ýeňillik duýýan.
Agraslygňa, sarylygňa döneýin,
Ezizowyň güýzi, men seni söýýän!
Sapa HOMMADOW)
(*GÜÝZ
Wagtyň gujagynda irkildi zemin,
Baglar ýuwaşjadan dökdi ýapragyn.
Hut şu günler, hut şu görnüş astynda
Täsin duýga bendi boldy kükregim.
Ganat bitdi, galdy göwnüm çarpaýa,
Gözlerim üýtgeşik görýär dünýäni.
Dek düýndi pes otyrşy sussumyň,
Bu gün bolsa, şükür, bar zat gül ýaly!
Bagda guşlar birenaýy saýraýar,
(Tebigat olara eçildi ylham)
Hiç zat meniň keýpim bozup bilenok,
Men bu gün parahat.
Men bu gün tarhan.
Watan ikindisi, gör, neneň gözel!
Iňrik barýar ýuwaşjadan gyzaryp.
Hanha, bir ýyldyzjyk dogdy asmanda
Ulugyz deý bir agaryp-bozaryp.
Ýaşaýyşyň artan ýaly manysy,
Özümde birhili ýeňillik duýýan.
Agraslygňa, sarylygňa döneýin,
Ezizowyň güýzi, men seni söýýän!
Sapa HOMMADOW)
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.