Zehinli ynsanlaryň 7 aýratynlygy.

Olar şowsuzlyklardan gorkmaýarlar.

Islendik işi ýerine ýetirenlerinde ýüze çykjak ýalňyşlyklardan gorkmaýarlar. Gaýta olar ýalňyşlyklar bilen taplanýarlar. Çünki olar islendik üstünligiň ýalňyşlyklar, kynçylyklar bilen gazanylýandygyna düşünýän ynsanlardyr.

Öwrenmäge hemişe taýýardyrlar.

Akylly adamlar döredijilik bilen has köp meşgullanýarlar. Ýüze çykýan her bir ýagdaýa çuňňur düşünmäge çalşyp, ondan many-mazmun çykarmaga çalyşýarlar. Olar her bir täze gününi täze gözlegler bilen doldurmak ugrunda yhlas edýärler, täze zatlary döredijiligi bilen içgin gyzyklanýarlar. Öz döreden zatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda çemeleşýärler.

Olar ruhubelentdirler.

Öňde goýan maksadyna ýetmeseler tiz ruhdan düşmän, gaýta oňa ýetmek ugrunda yhlas edýärler, “ýykylan göreşden doýmaz” diýlen aýtga eýerip, köňlünde beslän maksadyndan dänmeýärler, soňuna çenli göreşýärler.

Zehinli ynsanlar gowy synçylardyr.

Akylly adamlaryň garaýyşlary örän takyk we anykdyr. Olar özündäki ýa-da öz işindäki kemçilikleri duýmagy başarýarlar. Ýerliksiz köp gürlemegiň ýerine olar köp pikirlenip, degerli netije çykarmagy dogry hasaplaýarlar. Olarda düşünişmek endigi hem gowy ösendir.

Akylly adamlar bilen söhbetdeş bolýarlar.

Zehinli adamlar öz wagtyny akylly, döredijlikli adamlar bilen söhbetdeş bolmaklyga, olar bilen jedelli meselelere harçlaýarlar. Özleri üçin peýdaly boljak many-mazmunly sowallary, pikirleri agtarýarlar.

Täzeçe pikirlenişe ymtylýarlar.

Her bir zada, her bir ýagdaýa gyzyklanma bilen serederler. Täzeçe zatlar bilen meşgullanmaga çalşyp, ondan lezzet alarlar. Akylly ynsanlar örän bilesigelijilerdir.

Zehinli adamlar hemişe pespäldirler.

Akylly adamlar mydama dymmagyň tarapdary bolup, pespäldirler. Bilmeýän zatlaryny öwrenmegi kiçilik bilmän, “bilemok” diýen jümläni aýtmagy başararlar.
7 лайков 207 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
29 апр 2022, 13:20
Özüň barada okamak nähili ýakymly. :)
Nurmuhammet
Автор 29 апр 2022, 13:21
Hiayress,
dogry
Pegas
29 апр 2022, 13:28
Ýalňyş. Zehinlileň, zehinleň hemmesi bir zawoddan çykanok. Her hili häsiýetlisi bar.
Mysal üçin, men şowsuzlykdan gorkýan. :D
Hiayress
29 апр 2022, 13:42
Pegas,
Seň gorkyň zehinlilere näme dahyly bar?! :D
Dowsypat
29 апр 2022, 15:00
Akylly adamlar mydama dymmagyň tarapdary bolup, pespäldirler.

Ýaňra we ulumsylaram köp arasynda.
Biohimik
29 апр 2022, 15:05
Dowsypat.
Akylly adamlar mydama dymmagyň tarapdary bolup, pespäldirler.

Ýaňra we ulumsylaram köp arasynda.

Znacit ol adamlar akylly daldir(kelle ishletmeli)
Pegas
29 апр 2022, 16:12
Hemem akyllylyk bilen zehinlilik bir zatlar däldir. :)
Pegas
29 апр 2022, 16:13
Hiayress
Pegas,
Seň gorkyň zehinlilere näme dahyly bar?! :D

Aslynda men şu temada gowy obýekt welin, pikir etmändirler-dä! :D
ýüreksözi
29 апр 2022, 16:19
aý onna men gaty zehinsiz bolaýmasam 1 2 sanysy gabat gelýä içinde
Biohimik
29 апр 2022, 17:34
Pegas
Hiayress
Pegas,
Seň gorkyň zehinlilere näme dahyly bar?! :D

Aslynda men şu temada gowy obýekt welin, pikir etmändirler-dä! :D

Menem seydip owunayjekdim ))))