Uçýan tarelkalar Daşoguzda!!!
TÜRKMENISTANA BAŞGA PLANETALYLAR GELDIMIKÄ?
Uçýan tarelkalar Daşoguzda
Soñky wagtlarda metbugatda uçýan tarelkalar barada has köp ýazylyp başlandy. Munuñ özi zurnalistleriñ bu tema höwesiniñ barha artýandygy sebäpli däl-de, eýsem ýer togalagynyñ dürli künjeginde ýaşaýan adamlaryñ: ''Biz uçýan tarelkalary görýäris'' diýip şowhun göterýänligi üçindir. Ýañy-ýakynda ''uçýan tarelkalaryñ'' biziñ respublikamyzda, has takygy Daşoguz şäheriniñ üstünde peýda bolandygy barada hem gürrüñ ýaýrady. Ony öz gözümiz bilen gördük diýýän W. Malowisin şeýle ýazýar.
''Biz iýunyñ 22-sinden 23-ne geçilýän gün ýarygije täsin hadysany synladyk. Takmynan 300-400 metr belentlikden, Daşoguz şäheriniñ Karl Marks prospektiniñ üstünden Maññyt tarapa näbelli predmet uçup geçdi.
Biz garawulçylyk gullugynyñ üç sany milisioneri bolup şäher bazarynyñ raýonunda nobatçylyk edýärdik. Şol wagt otdeleniýe komandirimiz Ý. Ysmaýylow hem barlag bilen biziñ ýanymyza gelipdi.
Ine, onsoñ biz dördümizem täsin obýektiñ uçuşyny synladyk. Onuñ ullakan garpyzyñ möçberindäki şöhlelenýän şar şekili bardy. Yzyndan bolsa, dumana lelenýän şar şekili bardy. Yzyndan bolsa, dumana ýa-da tüssä dulanan ýaly bolup duran, gyzylymtyl guýrugy bardy. Guýrugyñ tutuş dowamynda aýnalar görünýän ýalydy. Göwnüñe asmanda, ho-ol ýokarda sessiz poýezd gidip barýan ýalydy.
Soñky günlerde, şol hadysa hakda başga-da birnäçe adamdan eşitdim. Merkezi metbugatyñ ýazmagyna görä, şeýle täsinligi 6-njy iýunda (1989) Wologda oblastynyñ okuwçylary synlapdyr. 11-nji iýunda hem-de Wologda şäheriniñ ýaşaýjylary. Ondan öñräk 24-nji aprelde syrly obýekt Çerepowesiñ köçeleriniñ üstünden geçipdir.
Her halda munuñ Russiýadaky hadysalar bilen meñzeşligi haýran galdyrýar...'' (Turkmenskaýa iskra gazet 28.06.1989 ý)
Eýsem W. Malowisi öz makalasynda Wologdada bolup geçen haýsy hadysa hakynda gürrüñ edýär? Şol ýerli okuwçylaryñ synlan täsinligi nähili zatka? Şu makalany okan her bir okyjyda (eger ol öñ merkezi metbugatda bu barada ýazylanlary okamadyk bolsa) şeýle soraglaryñ ençemesiniñ döremegi mümkin. Geliñ, şonuñ üçin ''Komsomolskaýa prawda'' gazetinde, 1989-njy ýylyb 25-nji iýunynda çap edilen makala bilen tanyş bolalyñ!
Gözüñ görenine-de ynanmaly dälmi?
Harkowskä beýleki planetadan gelenler çozjakmyş. Aýtmaklaryna görä, özem bu 26-njy iýun güni boljakmyş. Başga-da pikirler ýok däl. Elbetde bu hakda atmosferadaky anomal hadysalary öwrenýän spesialistler özleriniñ saldamly pikirini aýdyp bilerdi. Emma alymlar Harowskä baryberenoklar.
Ýogsam, bu ýerde şeýle hadysalary apreliñ aýagyndan bäri synlaýarlar.
A. Golowaskaýanyñ hatyndan:
''24-nji aprel güni, gije sagat onbirler töweregi biziñ şäherimiziñ ilatynyñ köpüsi täsin hadysany synladylar. Ony gyzymyz bilen bizem, başga-da Ý.R.Panow, S. A. Belýaýew we beýlekiler synladylar. Gyzym aýnadan täsin bir ýagtyny görüp, ol hakda maña-da aýtdy. Biz asmanda ilki altynsow öwüsýän, soñam malina reñkine öwrülen ýalyn gördük.
Ýalyndan feýerwerdäki ýaly uçgunlar syçraýardy...
Soñra, men asmanda, ho-ol ýokarda kümüşsowult zat gördüm. Ol örän ýokary tizlikde barýardy, özem reaktiw samolýotyñky ýaly yz galdyrýardy, şol bir wagtyñ özünde-de ol oña juda meñzeş däldi. Ol zat demirgazyga tarap uçup barýardy, birden-de duýdansyz halda garşylyklaýyn tarapa öwrüldi, şol wagt men onuñ göwrümini gördüm ㅡ ol uzyn, kümüşsowult, dörtburçdy. Ondan ýagty şöhle saçylyp başlady, şol pursat men rentgene meñzeş, garamtyl, 4 sany jandary gördüm. Ikisi çaltlyk bilen guýruk tarapyna ylgady, beýleki ikisi ilki-hä oturdylar, soñ olaram ylgadylar. Men tisginip aýnadan çekildim. Soñ onuñ nähili uçup gidenini görmedim.
Gyzym bolsa, şol zat malinanyñ reñkine boýalan pursaty daşaryk ylgap çykypdy, ol daşaryk çyksam ony has oñat görerin öýdüpdi. Emma gyzym ylgap çykýança ol predmet eýýäm Wologda tarapa uçup gidip barýan eken...''
Harowsk şäherinde ýaşaýan W. Prudnikow tokaýda, ýolub gyrasynda, ullakan kömelege meñzeş näbelli bir konstruksiýany görüpdir. Şoña birnäçe ýüz metr galanda Wadimiñ maşynynyñ motory öçüpdir. Özem hiç bir sebäpsiz. Soñam ýene-de öz-özi otlanypdyr.
Harowskili birnäçe balykçy gije asmanda, öz üstlerinde şöhle saçyp duran ullakan şar görüpdirler.
Başga-da maglumatlar az däl. Harowskiniñ üstünde Wologda-da Sýamjda-da... görenler bar.
Onsoñam A. Golowaskaýanyñ gören fenomenini şol bir günüñ, sagadyñ özünde Çerepowesde hem görüpdirler... Bu ýerde oýlanara zat bar.
Ýöne, näme üçindir Harowskä welin, näbelli uçýan obýektler boýunça spesialistler baryberenok.
Ol ýerde bolsa, 6-njy iýunda 14 sagat 30 minutda başga planetadan gelenleriñ düşlän bolmagy mümkin. Şeýle fenomen barada biz düýn TASS-yñ informasiýasyny-da çap etdik...
Harowskiniñ etegindäki otluk meýdan. Geçen ýyl çekilen keşler, ekin yzy. Bu meýdandan elektrik liniýalary çar tarapa geçýär. Ol Kanansewo obasyndan Kubene derýasyna çenli uzalyp gidýär. Hiç zat bilen artykmaç göze ilmeýän peýzaj.
ㅡ Ine, şu ýerde ilkinji şar gondy ㅡ diýip, Serýeja Belýawskiý aýdýar. Marina Şirýaýewa bolsa, onuñ aýdýanlaryny makullap, kellesini kakýar.
Biz çagalaryñ aýtmagyna görä, başga planetadan gelenleriñ biziñ Ýerimize gezim eden ýerlerinde durus.
Şol gün olar günorta nahar wagty, derýajykdan dolanyp gelýärdiler. Olar Harowskide goñşy köçelerde ýaşaýan oglanlar we gyzlar. Ýaşu üçünjiden altynjy klasa çenli. Ýolda gelýärkäler, kir-kimirsiz gök asmanda, Konansewo obasynyñ üstünde uçup ýören batböregi görüpdirler. Kimdir biri ''Göreliñmi?'' diýip, teklip edipdir.
Olar ýoldan sowulyp, depejigiñ üstüne çykypdyrlar. Şol ýerden bolsa Konansewoda, otluk meýdan hem eliñ aýasynda ýaly görünýän eken. Bu tomaşa tiz ýadadypdyr. Batbörek şemal bolmansoñ gowy ýokary galyp uçup bilenokdy ㅡ oglanlar dagaşmak bilen bolýar. Şol wagt Saşa Krasawin: ''Seretseñizläñ, hol-ha bir nokat...''
Üns berip seredenlerinde, dogrudanam asmanda, hol uzakda bir ýagtyly nokat bardy. Täsin zat...
Ýodajyk bilen Konansewo obasyndan bolan bir daýza geçip barýardy, ''Seretseñizläñ, asmanda şöhle saçýan şar bar, başga planetadan gelenler bolaýmasyn ㅡ diýip çagalar ondan soradylar. Emma ol bärisine bakman geçip gitdi. Harowskide soñky iki aýyb dowamynda NLO hakda edilýän gürrüb azmy. Kime gerek bolsa, özi düşünişer.
Şar welin, ýere golaýlap gelýärdi. Özem ýakynlaşdygyça ulalýardy. Soñ ol Konansewonyñ gyrasyndaky öýleriñ üstünden geçip, ýazgyn otluk meýdan bilen togalanyp gitdi. Ol çagalardan 500 metr töweregi daşlykda, gyrymsy agaçlaryñ golaýynda saklandy. Meýdanda-da, obada-da görünýän adam ýokdy. Kiçijik Sweta Karetina hem-de Ira Bywşewa gorkujygyna aglamyşlap depeden aşaklygyna indiler. Sweta gaty gyssanýardy: ol şar kowup ýetäýmesin diýip howatyrlanardy...
Şar ullakan eken. Maşyndanam uly ㅡ diametri 3 ㅡ 4 metr töweregi. Garaşylmadyk pursatda ol iki bölege bölündi-de her bölegi bir tarapa aýryldy. Şol wagt olaryñ arasynda garamtyl bir jandar göründi. Boýy adamyñkydan ep-esli uzyndy, göwresi gysgady, uzyn ''aýaklary'' we ''elleri'' dyzyndan aşak geçip, ota ýetip durdy. Iñ esasy zat ㅡ adamyñ eginleriniñ, boýnunda kellesiniñ bolmaly ýerinde, ol jandaryñ ''göwresiniñ'' ýokary bölegi tegelenip durdy. Şol ýerdenem ''elleri'' ösüp çykyp dur... Ýene bir zat, haçanda, ol jandar epilmeýän aýaklary bilen Konansewo tarap ugranda çagalar onuñ göwresiniñ tagta ýaly ýasydygyna haýran galdylar.
''Döşünde'' bolsa, düşen şary ýaly, gözüñi gamaşdyryjy şöhle saçýan halka bardy...
''Selskaýa jizn'' gazetinde TASS-yñ habarçysy O. Dzýubanyb ''Isleseñiz ynanyñ, islemeseñizem...'' diýen makalasy çap edildi. Onda şol bolup geçen hadysa hakda şeýle setirler bar... NLO-lar bary-ýogy ýene-de bäş günden özleriniñ bardygyny ýatlatdylar. 11-nji iýunda O. Lubnina Wologdanyñ üstünde 21 sagat 20 minutda peýda boldy we düşmäge synanyşman 17 minutdan soñ ýitirim boldy. Şondan bir gün soñ 22 sagat 05 minutda dördünji klas okuwçysy Sergeý Plaksin hem NLO-ny gördi. Onuñ suratlandyrmagyna görä, takmynan, reaktiw samolýotlaryñ uçýan belentliginde uzyn kümüş reñkli bir zat bir minuda golaý göründi. Sergeýiñ gürrüñine görä, ol äpet elektrik fonaryny ýatladýar.

11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.